Bu toprakda keramat bar, kerem bar

15 Oktýabr 2024
406

Gadymy Änew topragy hakynda gürrüň edilende, göz öňüňde biziň eýýamymyzdan öňki bäşmüňýyllygyň gyzgalaňly durmuşy janlanýar. Bu toprakda halkymyzyň agzybirligi, ylymly-bilimli, sowatly, aň-düşünjeli bolmagy üçin beýik işleri bitiren dana alymlar, din ulamalary, akyldarlar, keramatly pirler ýaşap geçipdir. Halkymyz geçmiş taryhymyzda uly gahrymançylyk görkezip, il-ýurt bähbitli işleri bitiren beýik şahsyýetlerimize uly hormat goýýar. Änew topragynda ýaşap geçen beýik şahsyýetleriň biri hem, Seýit Jemaleddindir.

Änew şäherinden çykan ýeriňden Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy uzaklardan seleňläp görünýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Bu metjit il içinde hormatlanylýan alym, dini ylymlaryň ussady Seýit Jemaleddiniň gubrunyň üstünde gurlupdyr» diýip ýazýar. Ýaşuly nesliň gürrüňlerine görä, bu ýadygärlikler toplumynda medrese bolupdyr. Ylym-bilim ojagynda Gündogaryň ady belli akyldarlary, alymlary sapak beripdir. Onda ylym alan kişiler ylymlylygy-bilimliligi, akyl-paýhaslylygy, adamkärçiligi bilen tapawutlanypdyr.

Kerim SERDAROW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar