Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ýagşylyk ýörelgesi

Adamyň durmuşynda hiç haçan unudylmaýan, hakydada möhür bolup galýan wakalar bolýar. «Bir ýagşylyk, bir ýamanlyk unudylmaýar» diýen aýtgy hem bar. Emma ýagşyzadalar «Ýamanlyk unudylsa-da, ýagşylyk unudylmaly däldir» diýipdirler. Beýik rus ýazyjysy Lew Tolstoý «Ýagşylyk! Ýagşylyk! Ýagşylykdan başga zat bolmaly däl» diýen şygar bilen ýaşapdyr, başgalara-da şeýle ýaşamagy ündäpdir. Ýagşylyk mowzugy hezreti Magtymguly Pyragynyň şygryýet ummanynda-da uly orun tutýar. Ol:

Halypa sazandanyň sarpasy

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň medeniýet köşgünde Türkmenistanyň halk bagşysy Täçmämmet Suhangulyýewiň doglan gününiň 160 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. «Halypalaryň mekdebi — halkyň ruhy mirasy» atly dabara tanymal sungat ussatlary, halypalar, şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar we beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan guralan dabaranyň myhmanlary medeni ojagyň toý öwüşginli eýwanynda dutarçy bagşy-sazandalaryň çykyşlary bilen garşylanyldy. Ildeşlerimiz ol ýerde amaly-haşam sungatynyň giňden ýaýbaňlandyrylan, halk senetçiliginiň baý görnüşlerini, milli gymmatlyklary özünde jemleýän sergisini uly gyzyklanma bilen synladylar.

Sungat festiwaly — halklaryň dostlugy

Häzirki wagtda netijeli daşary syýasatyň möhüm bölegi bolan medeni diplomatiýa uly üns berilýär. Şoňa görä-de, 18 — 20-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan bu festiwal köňülleri birleşdirip, halklary ýakynlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Biz Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris» diýip nygtaýşy ýaly, bu döredijilik çäresi TÜRKSOÝ-na agza ýurtlar bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze belentliklere çykarylýandygyny aýdyň görkezdi. Halkara teatr festiwaly tomaşaçylary gyzyklandyrýan sahna oýunlaryna baý bolup, onuň çäklerinde täze sahna eserleri görkezildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň forumy, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň suratkeşleriniň ussatlyk sapagy, meşhur aktýorlardyr halypa teatr işgärleri bilen döredijilik duşuşyklary geçirildi. TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň III mejlisiniň geçirilmegi forumyň esasy wakalarynyň biri boldy

Gadymyýetiň şöhratly sahypalary

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda jemgyýetçilik-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmäge, medeni mirasy, taryhy ýadygärlikleri düýpli öwrenmäge, rejelemäge, olary bütin dünýäde wagyz etmäge uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy oktýabrda Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşygyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ylmy duşuşygyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny we köptaraplylygyny şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdylar. Forumyň çäklerinde myhmanlar üçin gadymy Änew galasyna we meşhur Seýit Jemaleddin ýadygärligine gezelenç guralyp, olary ylmy esasda öwrenmek barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirilen foruma türkmen we rus alymlary gatnaşdylar. Şeýle-de sanly ulgam arkaly Italiýanyň we Çehiýa Respublikasynyň alymlary hem goşuldylar. Gazetimiziň şu sanynda foruma gatnaşyjylaryň käbirleriniň pikir-garaýyşlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Çykalga

(Hekaýa) Magtymgulynyň oba oglanlaryny okadyp başlan ýyllarydy. Şol ýylam gyşyň kyrk çillesi diýseň gazaply geldi. Gije-gündizläp ýagan gar eremän, ýer bagyrtlap ýatdy. Gijeleriň şatylama aýazy hemmeleriň ýüregine dowul salýardy. Okuwa gatnaýan çagalaryň gün-günden azalmagy şahyry hem oýa batyrýardy. Serine her hili pikirler gelip geçýärdi. «Howa sowuk, köp hojalyklarda odun gutardy diýen ýaly. Okuwdan rugsat sorap, çagalaryny meýdana odun ýygmaga alyp gidýän ata-eneleriň sany köpeldi. Az çaga bilen okuwy dowam etdirmek gelşiksiz, galyberse-de, gatnaşmadyklar geçilenleri özleşdirip bilmez. Beýle ýagdaýda okuwy dowam etdirmek gowy däl. Eýsem, näme etmeli?!»

«Amaly-haşam sungatynyň eserlerinde halypa-şägirtlik ýolunyň dowamy»

Şeýle at bilen Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde sergi gurnaldy. Sergide muzeý gaznasyna degişli milliligimiziň nusgasy bolan el halylarymyz, amaly-haşam sungatyna degişli eksponatlar, surat şekilleri, nakgaş eserleri, küýzeler, şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi. Bu sergä Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

TEATR FESTIWALY — SUNGATYŇ TOÝY

18-nji oktýabrda paýtagtymyzda geçen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy toý-baýramly Diýarymyzyň medeni durmuşyndaky möhüm wakalaryň biri boldy. Festiwal Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirildi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky  Baş akademiki drama teatrynda öz işine başlan halkara teatr baýramçylygynyň açylyşynda Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň hem-de Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparlarynyň we sirk artistleriniň edebi-çeper çykyşlary has-da ruhubelent pursatlara eýe boldy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň çykyşlary, dessançy bagşylaryň belent heňde ýaňlanan aýdymlary, dürli edebi kompozisiýalaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi  halkara  teatr toýuna gelen daşary ýurtly myhmanlaryň göwnüni göterdi. Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek bilen bagly alyp barýan gerimli işleriniň waspy dürli dillerde beýan edildi.Ýurdumyzyň hem-de türki dilli sebitleriň sungat işgärleriniň bilelikde ýerine ýetiren «Dost-doganlyk mukamy» atly şowhunly edebi çykyşlary halkara teatr festiwalynyň dürli milletleriň medeniýetlerini we sungatlaryny birleşdiriji güýje

Paýtagtymyzda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirildi

18-19-njy oktýabrda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry festiwalyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alyndy.

Halkara teatr festiwaly — ajaýyp sungatyň waspy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýetimiz, sungatymyz we edebiýatymyz halkara derejesinde ösdürilýär, şonuň bilen bir hatarda teatr sungatymyz hem täze döredijilik gözlegleri bilen has-da kämilleşdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä halklarynyň köpdürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjak halkara medeni çäreleriň, festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şeýle ýokary derejeli halkara medeni çäreleriň hatarynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyny hem görkezmek bolar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öz gözbaşyny gadymy halk döredijiliginiň hazynasyndan alyp gaýdýan türkmen teatr sungatyny dünýä ýaýmakda, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhy-medeni köklerini, milli medeniýetini we edebiýatyny, sungatyny giňden wagyz etmekde Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dünýä halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň oňyn tejribeler we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynd

Teatr sungatynyň halkara toýy

Düýn —18-nji oktýabrda Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Ol teatr sungatynyň ýurdumyzda tutulýan toý-dabaralarynyň başyny başlady. Birnäçe gün dowam etjek bu halkara festiwaly Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Daşary işler ministrlikleri doganlyk döwletler bilen hyzmatdaşlykda guraýar. Halkara festiwal Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda geçirilýän bu döredijilik çäresine gatnaşmak üçin ýurdumyza Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, şeýle-de Türkiýeden teatr toparlary, ýazyjylar, suratkeşler, muzeý hünärmenleri geldiler.

Medeniýetleriň sazlaşygy

Goşgularymyzda «Medeniýet sözünden ömür gülleýär, medeniýet sözünden döwür gülleýär» diýip beýan edişimiz ýaly, medeniýet sözünden we ruhy gymmatlyk we hazyna bolup durýan medeniýetiň özünden ömürler gülleýär, döwürler gülleýär. Ähli halklaryň medeniýetleriniň arasyndaky sazlaşygyň güýjünden köp halatlarda dürli dillerde ýaňlanýan aýdymdyr goşgulara terjime hem gerek bolmaýar. Şu ýylyň 16-17-nji oktýabry aralygynda geçirilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dowamynda hem biz hut şeýle sazlaşygy duýduk we ýakymly duýgulary başdan geçirdik.

Bir sahna, bir ýürek...

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Türki halklaryň sahna ussatlaryny bir ýere jemlän bu teatr festiwalynyň açylyş dabarasyna Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň şeýle-de ýurdumyzyň teatr toparlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Teatryň öňündäki meýdançada edebi-çeper çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra festiwala gatnaşýan teatr toparlary teatryň faýesinde guralan sergini synladylar.  Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Türki halklaryň milli medeniýetinden, özboluşly teatr sungatyndan söz açýan çykyşlar öz gerimini giňden aldy. Ýurdumyzyň artistleridir tansçylaryň aýdym-sazly çykyşy, doganlyk halklaryň sungat ussatlarynyň Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» goşgusyny bilelikde ýerine ýetirmegi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Paýtagtymyza doganlyk döwletlerden gelen teatr toparlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdymdyr sazlary, degişme sahnalary, şeýle-de ýurdumyzyň teatr artistleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mira

Teatr sungaty‒ medeni gatnaşyklaryň rowaçlygy

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa dost-doganlyk ýurtlardan teatr sungatynyň ussatlary, artistler gatnaşdylar. II teatr festiwalynyň açylyş dabarasynyň başynda hormatly Prezidentimiziň bu çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Soňra dostlukly döwletleriň sungat wekilleriniň festiwala gatnaşyjylara gutlag çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Uly joşgun bilen geçirilýän II teatr festiwaly halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýar, tejribe alyşmaga, sungatyň inçe syrlaryny öwrenmäge ýardam berýär. Munuň özi dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň täze derejelere göterilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Goý, güllesin türkmen-gazak dostlugy!

Halkymyzda «Dostluk daragty» diýen düşünje bar. Bu düşünjäniň esasynda Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly ýurdumyzda dostlukly hyzmatdaşlyklara uly ähmiýet berilýär. Köp halatlarda myhmanlar bilen dostluk daragtlary oturdylyp, dostluk gatnaşyklarynyň hasam berkemegine ýagşy yrym edilýär. Wagtyň geçmegi bilen şol daragtlar bag bolup, saýa salyp, dowamly gatnaşyklaryň güwäsi bolýar. Gazak dostlarymyzyň ýurdumyzda myhmançylykda bolan günlerinde-de biz hut şeýle duýgulary başdan geçirip, aramyzda bar bolan ýyly gatnaşyklaryň barha berkeýändiginiň şaýady bolduk. Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dabaralara beslendi. Döredijilik işgäri hökmünde onuň açylyşyna-da, ýapylyş dabarasyna-da gatnaşmak bilen, berkeýän dostluga buýsandyk. Aslynda-da, Gazagystan goňşy döwletleriň biri bolup, bu gatnaşyklar öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Muny ýurdumyzyň köp ýerlerinde gazak doganlarymyzyň mesgen tutup ýaşaýandyklary bilen hem düşündirse bolar. Aramgähi Balkan welaýatynda ýerleşýän Gözli ata ady bilen belli bolan beýik şahsyýetiň hem ýanýoldaşynyň gazak bolandygyny taryhy maglumatlar tassyklaýar. Seýle hem gazak doganlarymyz bilen tutulýan toýlarymyzda-da, bişirilýän naharlarda-da kän-kän meňzeşlikleriň bardygyny göre-göre gelýäris. Toýdur tomgularda olar hem türkmen halky ýaly, saçaklaryny giňden ýazyp, ony bogursak, gatlakly ýaly çörek önümleri bilen bez

Salam, sungat festiwaly!

Ýurdumyzda soňky ýyllarda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlar bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk täze belentliklere çykarylýar. 18 — 20-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçirilýän TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly munuň aýdyň güwäsidir. Festiwalyň çäginde TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň, agza ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň, suratkeşleriniň maslahatlarynda türki halklaryň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek we kämilleşdirmek barada meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Dostlukly ýurtlaryň döredijilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu teatr festiwaly köňülleri birleşdirýär, halklary ýakynlaşdyrýar. Düýn daşary ýurtly teatr artistleri we beýleki döredijilik işgärleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gezelençde boldular. Olar milli medeniýetimiziň taryhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.

Sazlaşykly sungatyň sarpasy

18-20-nji oktýabr aralygynda ýurdumyzda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirilýär. Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy bolýar. Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip atlandyrylýan ýylynda türki halklary bir ýere jemleýän bu medeni çäre doganlyk halklaryň birek-biregiň teatr sungaty bilen içgin tanyşmagyna uly mümkinçilik döreder.

Medeni habarlar

Arzuwym: türkmen sazyny dünýä ýaýmak 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda türkmen we mongol sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi. Iki halkyň milli medeniýeti we sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilik döreden konsertiň ahyrynda biz Mongoliýanyň at gazanan artisti, «Morin hoor» döwlet filarmoniki orkestriniň dirižýory Delgersaýhan Tuwşinsaýhan bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

Gözellik dünýäsi

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde zehinli nakgaş Öwezmuhammet Akmuhammedowyň döredijilik sergisi guraldy. Döredijiliginde bagtyýar zamanamyzyň waspy, türkmen tebigatynyň täsinlikleri, oba durmuşy ýaly temalara uly üns berýän nakgaşyň sergide 70-den gowrak eseri görkezilýär. Olaryň arasynda «Kalbymyň owazy», «Näzli», «Bagtly maşgala», «Ýaş gelin», «Gyzyl ketenä bagyşlanan sena», «Asudalyk» ýaly eserler gözellik dünýäsi bolup tomaşaçylaryň ýüregine dolýar. Şeýle-de bu ýerde nakgaş Ö.Akmuhammedowyň kakasy halypa nakgaş Şamuhammet Akmuhammedowyň milli öwüşginlere baý bolan on bir eseri görkezildi.

Sungat ýoly — dostluk ýoly

Şu ýylyň 16-17-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda geçirilen Medeniýet günleri uly üstünliklere beslendi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolan Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda Russiýa Federasiýasynyň Adygeý Respublikasynyň «Nalmes» («Göwher») Döwlet akademiki halk tans ansamblynyň tansçylarynyň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu günki günde «Nalmes» tans ansambly diňe Russiýa Federasiýasynda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da giňden tanalýar. Islendik sungat eseri halkyň watanperwerligini, gahrymançylygyny, milli däp-dessurlaryny şöhlelendirýär. Dostlukly halkyň ezber tansçylarynyň ýerine ýetiren «Adygeýanyň ýaşlygy», «Islameý — biri-birini söýýänleriň tansy», «Anadoliniň çerkesleriniň tansy», «Hanjarly tans», «Kawkaz owazlary», «Nalmes-Nalkut nowellasy» ýaly tanslary hem gadymy adygeý halkynyň milli däplerini belent duýgularda beýan etdi.

Akyldar hakynda söhbet

Ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, halypa şahyr Süleýman Ilamanow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýurdumyzyň medeniýet, sungat, edebiýat işgärlerine uly ylham, joşgun eçildi. Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýundan ruhlanyp, Süleýman Ilamanow hem Magtymguly Pyragynyň paýhas ummanyna salgylanyp, täze şygyrlar toplumyny döretdi. Şahyryň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Magtymguly. Dünýä. Ýaşaýyş» atly şygyrlar ýygyndysy bu gün okyjylara gowuşdy. Duşuşykda halypa şahyr dana Pyraga bagyşlanan şygyrlarynyň döreýşi barada kitaphana işgärlerine gürrüň berdi we goşgularyndan okap berdi. Ynsan köňlüniň kämilligini ykrar edýän goşgular diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Sorag-jogaply, täsirli geçen duşuşykdan soň, şahyr kitabynyň bir nusgasyny kitaphana sowgat berdi.