Salam, sungat festiwaly!

18 Oktýabr 2024
342

Ýurdumyzda soňky ýyllarda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlar bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk täze belentliklere çykarylýar. 18 — 20-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçirilýän TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly munuň aýdyň güwäsidir. Festiwalyň çäginde TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň, agza ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň, suratkeşleriniň maslahatlarynda türki halklaryň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek we kämilleşdirmek barada meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Dostlukly ýurtlaryň döredijilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu teatr festiwaly köňülleri birleşdirýär, halklary ýakynlaşdyrýar.

Düýn daşary ýurtly teatr artistleri we beýleki döredijilik işgärleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gezelençde boldular. Olar milli medeniýetimiziň taryhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy. Surata düşüren Hasan MAGADOW.
Beýleki habarlar