Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde wakalara baý bolar. Hepdäniň başynda güýç toplaň. Geljek hepdäniň birinji ýarymy hamallar üçin adaty ýagdaýda geçer. Jemgyýetde belli bir derejä ýetmek üçin köp yhlas etmeli bolarsyňyz. Diňe sabyrly bolmagyňyz gerek. Maddy-üpjünçilik babatda bolsa hamallar alan karzlaryny üzmäge çalyşmaly. Hepdäniň ahyrynda iş-aladalaryňyz artar.

Okuw maslahaty geçirildi

Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwletiň hem halkyň ykbalyna uly täsirini ýetirjek wakalaryň biri 28-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bolar. Ýylyň başynda badalga alan saýlaw möwsümi häzirki wagtda guramaçylyk hem taýýarlyk işlerine ulaşýar. Bu işler welaýatymyzda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu mynasybetli golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda okuw maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmek, hususan-da, täze şertlerde ilkinji gezek geçiriljek bu syýasy çäräniň özboluşlylygyny ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak maksadynda geçirilen maslahata Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekili, welaýat halk maslahatynyň agzalary, şäherdir etrap halk maslahatlarynyň başlyklary we orunbasarlary, welaýat saýlaw toparynyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň guramaçylyk müdirliginiň başlygy Berdimyrat Garýagdyýew, welaýat saýlaw toparynyň başlygy Agamyrat Akyýew, welaýat halk maslahatynyň başlygy Annamuhammet Gajaýew dagynyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlaryň dowamynda syýasy

Täze üstünliklere ruhlandyryjy ýörelge

Golaýda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň, wekilhananyň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar. Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny giňden dabaralandyrmaga bagyşlanan maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary Akjemal Durdyýewa açdy we gün tertibinde seredilmeli mesele boýunça çykyş etdi. A.Durdyýewa çykyşynda dünýä derejesinde  «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», milli derejede «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygara beslenen üstümizdäki ýylyň türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň parahatçylyk söýüjilik, belent adamkärçilik, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan wakalara baý boljakdygyny uly buýsanç bilen belledi. Ony ýylyň ilkinji günlerinden Türkmenistanyň hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan beýik hem taryhy tutumlarynyň mysallary bilen hem delillendirip bolýandygy barada aýtdy. Şonuň ýaly-da, şeýle asylly işlere mynasyp hem önjeýli goşant goşmakda öňde durýan wezipeleriň üstünde durup geçdi.

Beýik özgertmeleriň ýolunda

Asuda asmanyň astynda, bereketli topragynyň üstünde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gün-günden ösýär, gözelleşýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, ulgamlarynda henize çenli görlüp-eşidilmedik ýokary netijeler, ösüşler gazanylýar. Elbetde, bu ösüşlerde gazanylan guwandyryjy zähmet üstünliklerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalarynyň hem saldamly goşantlary bar. Häzirki wagtda olar eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin gujur-gaýratly, öndürijilikli zähmet çekýärler. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmagy, demokratik, hukuk, dünýewi, raýat jemgyýeti gurmagy maksat edinýän möhüm syýasy gurama bolup, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatyny özüniň baş ýörelgesi edinýär.

Administratiw iş ýöredişiň hukuk binýady

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda adyl kazyýetligiň hiliniň ýokarlandyrylmagy, kazyýet önümçiliginiň kämilleşdirilmegi ugrunda düýpli özgerişlikler durmuşa geçirilýär. Yzygiderli kämilleşdirilýän milli hukuk ulgamynyň berk binýady bolan Esasy Kanunymyzdan başlap milli kanunçylygymyzyň ýörelgeleýin kadalary adalatyň berkarar bolmagynyň, milli demokratiýanyň dünýä ýüzüne ýaň salmagynyň aýdyň nusgasy bolup hyzmat edýär. Raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň dolandyryş edaralary tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan önümçiligiň hukuk esaslaryny, ýörelgeleridir kadalaryny kesgitleýär. Şeýle hem bu Kanun adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şonuň bilen baglylykda kazyýetlerde administratiw işlere garamagyň hukuk esaslaryny kesgitlemek hem-de häzirki döwrüň talaplaryna, halkara ülňülerine laýyklykda «Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Administratiw iş ýörediş, öz gezeginde, döwletiň we raýatyň arasyndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýet önümçiliginiň tertibini, k

Arkadagyň kitaby — kalplaryň gymmatlygy

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşik bagtyýarlyk döwrüniň bagtly zenanlarynyň we kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň arasynda hormatly Prezidentimiziň ýiti pähim-paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň çuňňur mazmunyny wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Halkymyzyň milli ýörelgelerine, asylly däp-dessurlaryna bagyşlanan bu kitap ata Watanymyzyň asyrlar aşyp gelen taryhy tejribesiniň döwrebap usulda baýlaşdyrylýandygyny görkezýär.

Türgenlerden üstünliklere garaşylýar

Ýakynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, ol ýerde şu ýyl geçiriljek iri halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşi we desgalarda türgenleşikleriň geçirilişi bilen tanyşlygyň dowamynda türkmen türgenleriniň bu ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen birnäçe tabşyryklary berdi. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, şu günler welaýatymyzdaky bilim edaralarynda we sport mekdeplerinde dürli maslahatlardyr çäreleri, türgenler we tälimçiler bilen duşuşyklary guramaga uly ähmiýet berilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mejlisler zalynda hem geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi tarapyndan guralan bu duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hünärmenleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, talyplar we türgenler gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolmagyny gazanmakda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini alyp barmakda sportuň ähmiýeti dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de welaýatymyzdaky stadionlarda, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän çäreleriň netijeleri barada gürrüň e

Parahatçylyk — baky bagtyň şuglasy

Ýakynda “Mary” myhmanhanasynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylymyzyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýuny dabaraly ýagdaýda geçirmek maksady bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Ýolöten etrap geňeşiniň başlygy Begenç Myradow, welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň hünärmeni, müdirligiň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň başlygy Nedir Jumageldiýew, Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymy Ýazgeldi Ýakubow gatnaşdylar. Olar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalar, ýetilýän belent sepgitler, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda milli Liderimiziň alyp barýan tutumly işleri dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Şonuň ýaly hem söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda sagdyn nesli kemala getirmek, häzirki wagtda ýokanç keselleriň öňüni almakda geçirilýän çäreler hakynda durup geçdiler. Şeýle hem şu ýyl uly şowhun bilen bellenilip geçiljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna görülýän taýýarlyk barada giňişleýin durup geçdiler.

Perzent edebi — ömrüň bezegi

Halkymyzyň milli terbiýesinde perzent edebi aýratyn orun eýeleýär. Munuň özi maşgala gatnaşyklarynyň berk hem kämil bolmagyna ýardam edýär. Bu bolsa ata-babalarymyzyň çagalaryň geljegi barada çynlakaý alada edendigini görkezýär. Sebäbi perzent adamzadyň röwşen geljegidir. Biziň bu dünýäde goýýan iň uly mirasymyz perzentlerimizdir. Halkymyz ýaş nesilleri terbiýelemegi, olaryň maddy hem ruhy abadançylygynyň aladasyny etmekligi mukaddes borç hasaplaýar. Türkmen çaga gezek gelende gaty hamrak, duýguçyl halkdyr.

Demokratik ýörelgelere esaslanýan saýlaw möwsümi dowam edýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň täze taryhy eýýamynda döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde makullanylan, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ähmiýetli, taryhy waka boldy. Geçirilen konstitusion özgertmeler ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda möhüm ädim boldy. Milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň Parlamentiniň ornuny ýokarlandyrmaga we ygtyýarlyklaryny giňeltmäge gönükdirilen özgertmeler türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, ilatyň syýasy işjeňligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Milli Geňeş Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzy birleşdirýän we belent maksatlara ugrukdyrýan umumymilli wekilçilikli edara öwrüler, ýurdumyzda halk häkimiýetiniň pugtalanýandygynyň dabaralanmasy bolar.

Çar ýana uzaýan ýollar

Ýol düşünjesi durşy bilen pelsepe. Geçmişden şu güne, şu günden geljege barýan ýollar. Dost öýüne barýan ýollar. Aslynda, ýol hakyndaky düşünjäniň özi gatnaşygyň bardygyny, zerurdygyny aňladýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda: «Şu günki gün ýurdumyzda ulag düzüminiň utgaşdyrylan ulgamy döredilip, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginden uzaýan halkara we sebitara deňiz, derýa, awtomobil, polat we howa ýollary dünýäniň gujagyna aralaşýar, ak ýollar halklary birleşdirýär, yklymlary ýakynlaşdyrýar» diýip belleýär.

Alkyşlynyň işi oňlar

Käte çykgynsyz ýagdaýa düşenimizde «Kimdir birini närazy etdimmikäm, nirede ýalňyşdymkam?» diýen soraglar biziň aňymyzdan çykanok. Emma bagt guşy depämize gonup, işlerimiz ugruna bolanda, biz hiç wagt «Kimiň alkyşy, kimiň dilegleri meniň ýollarymy ýagtyldýarka?» diýmeýäris-de, «Özümize bolan ynamymyz we zähmetimiz, işimiziň oňmagyna getirýär» diýip, pikir edýäris. Emma özümiz dogrusyndaky ýagşy dilegleriň we alkyşlaryň göýä ummanyň tolkunlary ýaly, öňümizde duran ähli böwetleri aýryp, bize ýagty ýol açýanyny bilmelidiris. Dogrudan hem «Alkyşlynyň işi oňlar» diýilmegi ýöne ýerden däl. Alkyş — bu uly güýji özünde jemleýän sözdür. Ir döwürler bir obada perzentsizlik derdini çekip ýören bir maşgalanyň günlerde bir gün gökdäki dilegleri ýerde gowşupdyr. Ekiz ogullaryny gujagyna alan enäniň we goşa ganat dakylan dek duýgulary başdan geçirýän atanyň şol wagtky şatlygyny söz bilen beýan etmek mümkin bolmandyr. Bular ogullaryny mähir we söýgi bilen terbiýeläp ulaldypdyrlar. Emma bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, ekiz oglanlaryň häsiýetleri biri-birinden düýpli tapawutlanypdyr. Biri zähmetsöýer, işjanly bolsa, beýlekisi elmydama ýeňil gazanjyň gözleginde bolupdyr. Bir gün ýigit çykan goç ogullar haýyrly işiň başyny tutup, uzak ýola ugramakçy bolýandyklaryny aýdyp, atalaryndan ak pata sorapdyrlar. Atasy ogullaryna pata berip, hersine içi pully bir düwünçegi uzadypdyr. Ogullaryň ulusy düwü

Maksat — saýlawlary guramaçylykly geçirmek

Ýakynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlygyň çäginde okuw maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrüljek nobatdaky saýlawlara taýýarlykly barmak we ony ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen guralan okuw maslahatyna ýerli saýlaw toparlarynyň işgärleri, welaýat halk maslahatynyň agzalary, milli synçylar, şeýle-de Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Okuw maslahatynyň gün tertibi boýunça, ilki bilen, Merkezi saýlaw toparynyň kätibi Amangeldi Annadurdyýewiň çykyşy diňlendi. Ol çykyşynda şu ýylyň 2-nji ýanwarynda Türkmenistanda Saýlawlary we salasalyşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary boýunça möwsümiň yglan edilendigini belläp, öňde duran saýlawlary degişli kanunçylyga laýyklykda guramaçylykly geçirmekde taýýarlyk işleriniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Onuň belleýşi ýaly, häzirki günlerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna ykjam taýýarlyk görülýär.Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyn

Wagyz-nesihat edilýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak babatdaky tagallalardan ugur alnyp, Sarahs etrabynyň edara-kärhanalarynda, bilim-terbiýeçilik ojaklarynda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri yzygiderli ýagdaýda geçirilýär. Etrap häkimliginiň meýilnamasyna laýyklykda, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap hassahanasynyň, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde guramagynda geçirilýän duşuşyklaryň netijeliligi hem gazanylýar. Şu günler etrapdaky orta mekdeplerde işjeň ýagdaýda guralýan wagyz-nesihat duşuşyklary hem bu hakykaty aýdyň ýüze çykarýar. Duşuşyklarda çykyş edenler okuwçy ýaşlara we mugallymlara sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýerip, mekdepde we öýde sahşy gigiýenanyň talaplarynyň berjaý edilmegi, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, sagdyn iýmitlenmegiň we arassa howada gezim etmegiň saglyga oňyn täsir edýändigi barada gürrüň berdiler, şeýle-de köpçülik ýerlerinde kesgitlenen aralygy saklamak şertini berjaý etmegiň, lukmançylyk agyz-burun örtügini ulanmagyň ähmiýetini düşündirdiler. Şeýle mazmunly düşündiriş işleri geňeşlikleriň ýaşaýjylarynyň arasynda hem geçirilýär.

Möhüm talaplar

Mekdeplerde we çagalar baglarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şonuň bilen baglanyşykly, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň, terbiýeçileriniň we beýleki işgärleriniň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bilmegi we şol düzgünleri dogry we doly ýerine ýetirmegi hökmandyr. Mekdeplerde we çagalar baglarynda ýangyn howpsuzlygyna jogapkär adamlar okuw we iş otaglaryny jikme-jik gözden geçirmelidir, ýangyn hadysasyna getirip biljek kemçilikler ýüze çykan ýagdaýynda, olary tizden-tiz düzetmek üçin hökmany suratda zerur bolan çäreleri görmelidir. Otaglaryň elektrik geçiriji enjamlarynda ýörite hünärmen tarapyndan serediş-bejeriş işleri geçirilip, ýüze çykan kemçilikler düzedilmelidir. Mekdepleriň we çagalar baglarynyň binalary zerur gerek bolan ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri bilen üpjün edilmelidir. Ýangyn howpsuzlygyna jogapkär işgärler ot öçürijilere wagtly-wagtynda gözegçilik edip, olaryň abatlygyny barlap durmalydyr. Ot öçürijileriniň ulanyş möhleti geçenleriniň täze himiki suwuklykdan doldurylmagy üpjün edilmelidir. Daşarky ýangyna garşy merdiwanlar elmydama abat ýagdaýda saklanmalydyr. Ýangyna garşy içerki suw geçiriji serişdeler hemişe iş ýagdaýynda bolmalydyr. Bilim ojaklarynyň binalarynyň penjirelerine demir gözenekleri oturtmak we jaýlaryň diwaryna ýanyjy zatlary örtmek gadagandyr. Mekdepleriň we çagalar

Aşgabat — Aziýanyň merjeni

Dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun alan ýurdumyzyň baş şäheri — Aşgabat bu gün binagärlik keşbi bilen göreni haýrana goýýar. Aşgabadyň belentden görkana kaşaň ymaratlary, ajaýyp köşgi-eýwanlary, giň we aýna ýaly tekiz şaýollary, köpugurly köprüleri, ýaşyl begresli seýilgähleri, köpöwüşginli suw çüwdürimleri, ýol çatryklaryndaky özboluşly binalar hem-de beýleki dürli maksatly desgalar tarypa mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiz: «Orta Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabady jennet mekanyna öwürmek meselesi öňümizde goýan maksatlarymyzyň esasylarynyň biridir» diýip bellemek bilen, paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň ýokary hil derejesine, olaryň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli binagärlik ýörelgelerine kybap gelmegine, şeýle-de şäher gurşawynda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berýär. Şeýle bolansoň, ak mermerli paýtagtymyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän binadyr desgalaryň her biri bezeg aýratynlygy we milli öwüşginleri bilen ünsi özüne çekýär. Aşgabadyň daş-töweregini gurşap alan bagy-bossanlyk bolsa, diňe bir baş şäherimiziň nurana görküne däl, eýsem ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawynyň döremegine oňyn täsirini ýetirýär.

Ýylylyk paýlaýanlar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokary götermek, oňaýly ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda welaýatymyzda uly işler alnyp barylýar. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda ilatyň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine bu ugra dahylly edara-kärhanalaryň işgärleriniň amala aşyrýan çäreleri aýdyň şaýatlyk edýär. Biz bu babatda amala aşyrylýan işler dogrusynda «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Begmyrat Amanmedow bilen gürrüňdeş bolduk. — Begmyrat, häzirki döwürde siziň ýolbaşçylyk edýän edaraňyzyň işçi-hünärmenleriniň üstüne hem uly borçlaryň ýüklenilýändigi düşnükli zat. Sebäbi ýylyň bütin dowamynda etrabyňyzda tebigy gazyň bellenilen ýerlere kadaly ýetirilmegine, onuň howpsuz ulanylmagyna pugta gözegçilik etmek olaryň paýyna düşýär.

Edep bir täçdir

Ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri onuň edebidir. Ata-ene perzentlerini terbiýeli, süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer, ar-namysly edip ýetişdirmek üçin uly alada edýär. Bu geçmişde-de şeýle bolupdyr. Nusgawy edebiýatymyza ser salanymyzda, olaryň ençemesiniň öwüt-ündew äheňlidiginden çen tutsaň, munuň şeýledigine aňryýany bilen göz ýetirýärsiň. Olardan miras galan bu asylly gymmatlyklarymyz häzirki bagtyýar döwrümiziň buýsançly, gujurly, asylly ýaşlaryna ýol görkezijidir. Bu mukaddes ýörelgede sagdyn jemgyýet, kämil döwlet, abadan ojak bitewüligi jemlenýär. Edep-ekram, arassa ahlaklylyk maşgalanyň berkliginiň görkezijisi bolupdyr. Terbiýeli, sagdyn ruhly maşgala bolsa, jemgyýetiň, döwletiň daýanjy bolup durýar. Näme üçindir, edep-ekram hakynda söz açanymyzda, ilki bilen, Aý ýüzli, şirin sözli zenanlarymyz göz öňüne gelýär. Türkmen zenanlarynyň ajaýyp keşbi asyrlarboýy halkymyzyň aýawly garaýan mukaddesligi bolup gelipdir. Olar taryhyň ähli döwürlerinde-de özleriniň asyllylygy, mähribanlygy, maşgalasyna wepalylygy, eliniň çeperligi bilen saýlanypdyrlar. Olar gerek ýerinde erkekler bilen deň durup, ata Watany, ene topragy, milletiň ar-namysyny goramakda gaýduwsyzlyk görkezipdirler. «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eserlerimizde zenan akylynyň, paýhasynyň, wepalylygynyň ajaýyp nusgasyna göz ýetirmek bolýar. «Gorkut ata» eposynda

Aziýanyň göwher gaşy

Bu gün durmuşyň dürli ugurlarynda ösüş-özgerişlere beslenen mähriban Watanymyzyň paýtagty Aşgabady görmäge göz gerek. Belent başly binalaryň gözel keşbi, ajaýyp şertleri diňe bir ildeşlerimizi däl, eýsem, myhmanlaryň kalbynda-da gözelligiň göwheri bolup, ýakymly duýgulary oýarýar. Gözellik bolsa ynsanlaryň göwnüni galkyndyrýar, kalbyny ajaýyp duýgulardan doldurýar. Şeýle gözel görnüş şirin dilli şahyrlaryň ýüreginde döredijilik joşgunyny döredýär. Şahyrlarymyzyň mähriban Watanymyzy, onuň merjen paýtagty Aşgabady wasp etmedigi az bolsa gerek. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen geçen sanlyja ýyllaryň içinde gurlan täsin ýaşaýyş jaýlarydyr mekdepler, çagalar baglarydyr edara-kärhanalaryň belent binalary, sport, medeniýet toplumlary özboluşly gözelligi, döwrebap şertleri bilen ünsüňi özüne çekýär. Mähriban paýtagtymyzyň örän owadan hem belent myhmanhanalary diňe bir biziň raýatlarymyzy däl, eýsem, bu ýere gelýänleriň her birini haýran galdyrýar. Ýaşyl öwsüp oturan arçalaryň, täsin gülleriň gyş paslynda-da öz gözelligi bilen paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň ruhuna ruh, şatlygyna şatlyk goşýar. Adamyň ruhy belent bolanda, daş-töweregi tebigy gözellikler bilen gurşalanda, onuň şähdaçyk bolmagyna, has döredijilikli zähmet çekmegine itergi berýär. Paýtagtymyzyň «Arkadag» binasy, «Abadançylyk», «Ak bugdaý» binalary, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, şeýle hem «Älem» meden

Ak şäheriň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen günsaýyn gözel keşbe eýe bolýan ak şäherimiz Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň iri, has ösen we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hatarynda mynasyp orun aldy. Ýer ýüzünde ak mermerli binalaryň şäheri hökmünde giňden tanalýan paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň her biri gaýtalanmajak sungat eseri hasaplanýar. Munuň şeýledigine Aşgabadyň birnäçe desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun alandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň paýtagtyny dünýäniň döwrebap we ösen şäherleriniň hataryna çykarmak ugrunda sanlyja ýylyň içinde ägirt uly işleri amala aşyrandygyny aýratyn bellemek gerek. Geçen sanlyja ýyllaryň içinde Aşgabatda iri binagärlik taslamalarynyň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirildi. Muňa mysal edip paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji, 15-nji we 16-njy tapgyrlarynyň çäginde gurlan desgalary, Parahat 7, Çoganly ýaşaýyş toplumlaryny görkezmek bolar.