Demokratik ýörelgelere esaslanýan saýlaw möwsümi dowam edýär

4 Fewral 2021
1141

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň täze taryhy eýýamynda döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde makullanylan, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ähmiýetli, taryhy waka boldy. Geçirilen konstitusion özgertmeler ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda möhüm ädim boldy.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň Parlamentiniň ornuny ýokarlandyrmaga we ygtyýarlyklaryny giňeltmäge gönükdirilen özgertmeler türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, ilatyň syýasy işjeňligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Milli Geňeş Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzy birleşdirýän we belent maksatlara ugrukdyrýan umumymilli wekilçilikli edara öwrüler, ýurdumyzda halk häkimiýetiniň pugtalanýandygynyň dabaralanmasy bolar.

Gurbangeldi AŞYROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar