Administratiw iş ýöredişiň hukuk binýady

5 Fewral 2021
1397

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda adyl kazyýetligiň hiliniň ýokarlandyrylmagy, kazyýet önümçiliginiň kämilleşdirilmegi ugrunda düýpli özgerişlikler durmuşa geçirilýär. Yzygiderli kämilleşdirilýän milli hukuk ulgamynyň berk binýady bolan Esasy Kanunymyzdan başlap milli kanunçylygymyzyň ýörelgeleýin kadalary adalatyň berkarar bolmagynyň, milli demokratiýanyň dünýä ýüzüne ýaň salmagynyň aýdyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň dolandyryş edaralary tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan önümçiligiň hukuk esaslaryny, ýörelgeleridir kadalaryny kesgitleýär. Şeýle hem bu Kanun adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şonuň bilen baglylykda kazyýetlerde administratiw işlere garamagyň hukuk esaslaryny kesgitlemek hem-de häzirki döwrüň talaplaryna, halkara ülňülerine laýyklykda «Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Administratiw iş ýörediş, öz gezeginde, döwletiň we raýatyň arasyndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýet önümçiliginiň tertibini, kazyýetde şol jedellere seretmegiň we çözmegiň iş ýörediş ýörelgelerini we düzgünlerini belleýär. Türkmenistanyň kazyýetlerinde administratiw işler boýunça kazyýet önümçiliginiň tertibi bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanyp, şu Kodeks, Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksi we Türkmenistanyň beýleki kanunlary bilen kesgitlenilýär.

Zamira BABANAZAROWA,
welaýat kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi.
Beýleki habarlar