Mekdeplerde we çagalar baglarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şonuň bilen baglanyşykly, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň, terbiýeçileriniň we beýleki işgärleriniň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bilmegi we şol düzgünleri dogry we doly ýerine ýetirmegi hökmandyr. Mekdeplerde we çagalar baglarynda ýangyn howpsuzlygyna jogapkär adamlar okuw we iş otaglaryny jikme-jik gözden geçirmelidir, ýangyn hadysasyna getirip biljek kemçilikler ýüze çykan ýagdaýynda, olary tizden-tiz düzetmek üçin hökmany suratda zerur bolan çäreleri görmelidir. Otaglaryň elektrik geçiriji enjamlarynda ýörite hünärmen tarapyndan serediş-bejeriş işleri geçirilip, ýüze çykan kemçilikler düzedilmelidir.
Mekdepleriň we çagalar baglarynyň binalary zerur gerek bolan ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri bilen üpjün edilmelidir. Ýangyn howpsuzlygyna jogapkär işgärler ot öçürijilere wagtly-wagtynda gözegçilik edip, olaryň abatlygyny barlap durmalydyr. Ot öçürijileriniň ulanyş möhleti geçenleriniň täze himiki suwuklykdan doldurylmagy üpjün edilmelidir. Daşarky ýangyna garşy merdiwanlar elmydama abat ýagdaýda saklanmalydyr. Ýangyna garşy içerki suw geçiriji serişdeler hemişe iş ýagdaýynda bolmalydyr. Bilim ojaklarynyň binalarynyň penjirelerine demir gözenekleri oturtmak we jaýlaryň diwaryna ýanyjy zatlary örtmek gadagandyr. Mekdepleriň we çagalar baglarynyň jaýlarynyň ýyladylyşy merkezleşdirilen bolmalydyr. Jaýlarda tebigy gaz bilen işleýän enjamlary ulanmak gadagandyr.