Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Dokmaçylar bäsleşdiler

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek Halkara zenanlar güni mynasybetli dokmaçylaryň arasynda «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşik yglan edildi. Golaýda Mary şäheriniň merkezindäki ajaýyp binada — “Bagt köşgüniň” toý mekanynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dokma toplumlarynda zähmet çekýän gyz-gelinler gatnaşdylar.

Belent sepgitleriň ýyly bolar

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyz 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam basdy. Munuň özi halkymyzyň bagtyýarlygynyň,Watanymyzyň rowaçlygynyň nyşany. Elbetde, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem Diýarymyz üçin uly ösüşleriň ýyly bolar. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan şu ýylyň aýratyn öwüşgine eýedigini bellemelidiris. Sebäbi hemmämize mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde «2021-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama kabul edildi. Bagtyýar halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basdy.

Hereketiň sazlaşykly bolmagy üçin

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketini howpsuz guramaga, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga berk talap bildirýär. Öňde goýlan jogapkärli wezipelerden ugur alyp, bölümçämizde netijeli işler alnyp barylýar. Şonda hereketi sazlaşykly guramak üçin köçeleri zerur ýol belgileri we enjamlary bilen üpjün etmäge uly üns berilýär. Golaýda welaýat merkeziniň Azatlyk we Zelili köçeleriniň çatrygynda sazlaýjy enjam oturdyldy. Munuň özi awtoulaglaryň hereketini bökdençsiz guramakda ähmiýetli boldy. Bölümçäniň gündelik işinde köçelerde hereketiň ýygylygyny nazarda tutup, degişli çözgütlere gelinýär. Ýakynda şäherimiziň Garaşsyzlyk köçesiniň Nurmyrat Saryhanow we Ak bugdaý köçeleriniň aralygyndaky böleginde awtoulaglaryň birtaraplaýyn hereketi ýola goýuldy. Şeýle-de Nurmyrat Saryhanow köçesiniň bir böleginde iň ýokary tizligiň çägi sagatda 40 kilometr diýlip bellenildi we degişli gadagan ediji belgi oturdyldy.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar 2021-nji ýyl Mart

1. Hamal (Guzy 21.03—20.04) Adatça, hamallar haýsydyr bir işiň başyna barsalar, ony üstünlik bilen tamamlamagy başarýarlar. Mart aýynda hamallar şärikdeşleri bilen arkalaşyp işleseler, üstünlige ýeterler. Bu aýda hamallara öz-özleri bilen ýekelikde galmaga wagt gerek bolar. Ýyldyzlar bu aýda olara işjeň bolmagy maslahat berýär.

Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi

Ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat AŞGABAT, 18-nji fewral (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanylyp, “Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi” atly ylmy maslahat geçirildi. Foruma ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk barha giň gerime eýe bolýar. Möhüm syýasy çäräniň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek dowam etdirilýär. Bu çäräniň barşynda kanun çykaryjy edaranyň wekilligine iň mynasyp dalaşgärler hödürlenilýär. Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylýar. Dalaşgärlige uly abraýdan peýdalanýan, tutanýerli zähmet çekýän adamlar hödürlenilýär. Olaryň hatarynda tejribeli guramaçylar, hünärmenler, oba zähmetkeşleri, kärendeçiler, bilim we medeniýet, saglygy goraýyş hem-de durmuş üpjünçiligi ulgamynyň, senagat, gurluşyk, aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleri bar.

Milli gözbaşlardan — täze belentliklere!

Habar berlişi ýaly, düýn dünýä döwletlerinde Türkmenistanyň adyndan wekilçilik edip, milli bähbitlerimizi goraýan türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygy bellenildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» ady bilen geçirilen ylmy maslahat hem bu senä bagyşlandy. Onda edilen çykyşlarda türkmen diplomatiýasynyň şöhratly taryhy, häzirki döwürde ýetilen sepgitler we geljek üçin meýiller dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Bu barada ylmy maslahata gatnaşyjylar, ine, şeýle gürrüň berýärler: Aleksandr BLOHIN,Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi:

Türkmen diplomatiýasynyň rowaç ýoly

Düýn Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzdaky daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler türkmen diplomatiýasynyň taryhy kökleri, onuň dost-doganlyga daýanýan milli ýörelgeleri we geljekki mümkinçilikleri hakynda söhbet etdiler. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan umumadamzat bähbitli daşary syýasaty netijesinde milli diplomatiýamyzyň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygy hakyndaky buýsançly pikirler maslahatyň özenini düzdi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimize ýüzlenme kabul etdiler. Dostluk köprüsi

Demokratik saýlawlaryň hukuk esaslary

Eziz diýarymyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan hukuk özgertmelerinde döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň deňagramly we sazlaşykly ösüşini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär. Döwletimizde emele gelýän raýat jemgyýetiniň esasy alamatlarynyň biri bolan saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. 2020-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Parahatçylyk — Watanymyzyň berk binýady

Düýn Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni dabaraly bellenip geçildi. Bu şanly sene mynasybetli Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. Ony welaýat häkimligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasy bilelikde gurady. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasynyň işgärleri, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, ilki bilen, medeni ojagyň toý ruhunda bezelen ajaýyp eýwanyndaky sergi bilen tanyşdylar. Ahal welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan kitap sergisinde hormatly Prezidentimiziň galamyna degişli bolan gymmatly kitaplara aýratyn orun berildi. Kitaphana işgärleri ol ýere ýygnananlary baý many-mazmunly kitaplar bilen tanyşdyrdylar hem-de milli Liderimiziň ajaýyp eserleriniň ýokary çeperçiligi we ähmiýeti hakda gürrüň berdiler. Ol ýerde Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklary saklaýan dünýä ýurtlarynyň baýdaklarynyň hatarlanyp goýulmagy bolsa, has-da ünsi çekiji boldy. Soňra medeni ojagyň mejlisler jaýynda dabaraly maslahatyň açylyşy boldy.

Hukuk medeniýetiniň jemgyýetdäki orny

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynyň pugtalandyrylmagyna hem yzygiderli üns berýär. Şonuň bilen bir hatarda, häzirki wagtda jemgyýetimizde, esasan hem ýaş nesilleriň arasynda hukuk medeniýetiniň barha kämilleşmegine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary hem-de hökümet agzalary bilen geçirýän duşuşyklarynda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen döwlet derejesinde geçirilýän işler hakynda her bir adamyň habarly bolmagyny ýokarlandyrmagyň hem-de hukuk medeniýetini has ösdürmegiň ähmiýetini nygtap geçýär. Munuň özi häzirki wagtda hukuk medeniýetiniň wajyplygyny, her bir adamyň ýurdumyzyň hukuk namalaryny bilmeginiň we oňa dogry we doly düşünmegiň ähmiýetini ýüze çykarýar.

Fabrigiň işi ilerleýär

«Bäherden» tikin fabrigi dokma senagatynyň baýry kärhanalarynyň biridir. Fabrikde tikin işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmekde we ýokary hilli önümleri öndürmekde giň mümkinçilikler bar. Şeýle bolansoň fabrigiň tikinçileridir hünärmenleri tarapyndan öndürilýän önümlere isleg barha ýokarlanýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlangyjy esasynda ol ýerde bolup, işleriň ýola goýluşy we öndürilýän önümler bilen tanşanymyzda hem munuň şeýledigine göz ýetirdik. Tikin fabrigine indi birnäçe ýyldan bäri Gurbanmuhammet Muhammetnurow ýolbaşçylyk edýär. Bu ýaş hünärmeniň guramaçylyk ukyby we tutanýerliligi bilen fabrigiň işi barha ilerleýär. Sanly ýylyň içinde önümçilik işiniň geriminiň giňemegi hem-de ekologiýa taýdan arassa matalardan tikilýän önümleriň görnüşiniň artmagy şeýle diýmäge doly esas berýär. Bu ýerde işler, esasan-da, buýurmalar esasynda ýerine ýetirilýär. Degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we kärhanalaryň buýurmalary esasynda ýokary hilli matalardan tikilýän önümleriň hiliniň ýokary bolmagy tikinçilerdir hünärmenleriniň çekýän agzybirlikli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

San­ly ul­gam ar­ka­ly okuw sa­pak­la­ry

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýaş­la­ra yl­myň dür­li ugur­la­ry bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Bu ba­ra­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem «Güýç­li döw­let­de ylym esa­sy or­ny eýe­le­ýär, diý­mek, biz yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry bi­len aýak­daş git­me­li­di­ris» di­ýip bel­le­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­myz­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çir­ýän giň ge­rim­li iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de, äh­li ul­gam­lar­da döw­re­bap in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den or­naş­dyr­mak, ýaşla­ra be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da be­ýik iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­my giň­den or­naş­dyr­mak we on­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak hem-de har­by gul­luk­çy­la­ryň hem bi­lim de­re­je­le­ri­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek ba­ra­da­ky ber­ýän tab­şy­ryk­la­ryn­dan ugur al­nyp, gul­lu­gy­my­zyň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň we iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­le­ri­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek, ola­ryň komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­ny ös­dür­mek, dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ret­mek, dil baý­ly­gy­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da sa­pak­lar gu­ral­ýar, san­ly ul­gam ar

Diplomatik gullugyň kanunçylyk esaslary berkidilýär

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Döwletimiziň diplomatik wekilhanalary bu gün Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurdunda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler. Ýurdumyzyň milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň yzygiderli hem-de giň gerimli işleriniň guwandyryjy netijelerine biz her gün şaýat bolýarys we tüýs ýürekden buýsanýarys. Diplomatik gulluk — bu döwlet gullugynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmegi boýunça ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegi, halkara gatnaşyklary çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine wekilçilik edilmegi hem-de olaryň goralmagy bilen baglanyşykly görnüşi bolup durýar. Bu ugurdaky işler degişli kanunçylyk kadalary esasynda alnyp barylýar. «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny we Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, howpsuzlygyny, çäk bitewüligini we serhediniň mizemezligini, onuň halkara giňişlikde we beýleki döwletler bi

Ynam jogapkärçiligi artdyrýar

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan özara bähbitli, köptaraplaýyn hem-de netijeli daşary syýasaty uly üstünliklere eýe bolýar. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetlilik we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy wezipesi dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyz halkara konwensiýalardyr ylalaşyklaryň 161-sine gatnaşýar. Geçen taryhy döwrüň dowamynda döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, dünýä syýasatynyň işjeň gatnaşyjysyna öwrüldi we öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly, ygtybarly we ynamdar hyzmatdaş hökmünde Ýer ýüzündäki abraýyny has-da pugtalandyrdy. Bu gün diplomatik wekilhanalarymyz dünýä ýurtlarynyň onlarçasynda işlemek bilen, milli bähbitlerimizi üpjün etmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin tutanýerli iş alyp barýarlar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitlemek bilen, Bitarap döwletimiziň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeýändigini we köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny, dünýä giňişliginde eýeleýän ornunyň hem-de täsiriniň barha artýandygyny yzygiderli belleýär. Şunda dünýä döwletleri

Ýerasty jaýlar

Şweýsariýada baýyrlyk ýerde gurlan ýerasty jaýlar landşaft bilen häzirki zaman binagärliginiň sazlaşygynyň önümi bolup durýar. Olara başgaça “Peter Weçiň jaýlary” hem diýilýär. 90 sany ýerasty jaý belli şweýsar arhitektory Peter Weçiň taslamalary esasynda gurlandyr. Olaryň diňe öň tarapy açyk bolup, üsti toprak we ösümlikler bilen örtülendir. Jaýlaryň ýokarsynda dury bolmadyk aýnadan penjire goýlup, aşagynda-da awtoduralga ýerleşýär. Agaç işleri berk dub agajyndan edilendir. Olar sowukdan, yssydan, ýel-ýagmyrdan goraýar. 4-7 otagly jaýlarda gönüburçlar ýokdur. Olarda ýaşamak üçin ähli döwrebap şertler döredilipdir. Hünärmenler jaýlaryň ekologiýa taýdan amatlydygyny bellemek bilen, energiýany netijeli peýdalanmakda hem ähmiýetiniň bardygyny aýdýarlar.  Jaýdan çykanyňda, baýyrlyk meýdanyň gözellikleri  hem haýrana goýýar.

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

♦ Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 140-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň, Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň döwrebap bilim almagy üçin döredilýän mümkinçilikler barada durup geçmek bilen, olara milli durmuş we zähmet ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi ündediler. Sülgün GARAGÖZOWA,TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Wajyp wezipelerden ugur alýarys

Şu günler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň kararynyň esasynda welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary we maslahatlar geçirilýär. Olarda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň we zähmetkeşler toparlarynyň ähli agzalaryny ýurdumyzda ýokary depginlerde alnyp barylýan uly möçberli özgertmeleriň, toplumlaýyn maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga çagyrýarys. Biz pudaklaýyn edara-kärhanalarda hasabat we saýlaw ýygnaklaryny, maslahatlary geçirmek bilen, oňa gatnaşyjylary işgärleriň iş we dynç alyş şertlerini gowulandyrmak, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, arkalaşyklaryň agzalarynyň, esasan hem, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýe-sport, medeni-köpçülik çärelerini, hünär bäsleşiklerini geçirmek, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek bilen bagly işlere işjeň gatnaşmaklyga çagyrýarys. Her bir ilkinji guramada hasabat-saýlaw ýygnaklary ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda guralyp, olaryň barşynda köp ýyllaryň dowamynda jemgyýetçilik borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirip, zähmetkeşler köpçüliginde uly abraýdan peýdalanýan, ýaşlaryň arasynda halypaçylyk edip, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän göreldeli işgärlere ýadygärlik sowgatlaryny gowşurýarys. Pudaklaýyn edara-kärhanalaryň gündelik işlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler ark

Zenan mertebesine mynasyp sarpa

Zenan mertebesine, onuň maşgaladaky we jemgyýetdäki ornuna taryhyň gadymy döwürlerinden bäri çäksiz hormat goýulýar. Häzirki eşretli zamanamyzda — hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ähli gözelligi we mähremligi özünde jemleýän zenan maşgalalaryň sylag-sarpasy has-da belent tutulýar. Milli Liderimiziň zenanlaryň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna, önümçilige işjeň gatnaşyp, ukyp-başarnygy, nusga alarlyk görüm-göreldesi bilen güneşli Diýarymyzyň düýpli özgermegine goşýan goşantlaryna ýokary baha bermegi, şeýle hem hemmetaraplaýyn goldamagy olaryň göwünlerini ganatlandyryp, kalplaryny joşdurýar. Muňa Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan geçirilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda aýdyň göz ýetirdik. Türkmenabat şäher medeniýet öýünde geçirilen bäsleşige ähli etrapdyr şäherlerden gelen gelin-gyzlaryň 20-si gatnaşdy. Olar bäsleşigiň şertine görä ýedi ugur boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Päk zähmete sarpanyň dabaralanmagy

Ozal habar berlişi ýaly, welaýatymyzyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan iň ýokary görkezijileri gazanmak ugrunda guralan bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edili we hormatly Prezidentimiziň pul baýragyna mynasyp boldy. Düýn etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň Bagtyýar zaman obasynda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşikde ýeňiji bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.