Hukuk medeniýetiniň jemgyýetdäki orny

18 Fewral 2021
1184

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynyň pugtalandyrylmagyna hem yzygiderli üns berýär. Şonuň bilen bir hatarda, häzirki wagtda jemgyýetimizde, esasan hem ýaş nesilleriň arasynda hukuk medeniýetiniň barha kämilleşmegine-de aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary hem-de hökümet agzalary bilen geçirýän duşuşyklarynda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen döwlet derejesinde geçirilýän işler hakynda her bir adamyň habarly bolmagyny ýokarlandyrmagyň hem-de hukuk medeniýetini has ösdürmegiň ähmiýetini nygtap geçýär. Munuň özi häzirki wagtda hukuk medeniýetiniň wajyplygyny, her bir adamyň ýurdumyzyň hukuk namalaryny bilmeginiň we oňa dogry we doly düşünmegiň ähmiýetini ýüze çykarýar.

Arslan GULGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy.
Beýleki habarlar