Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlara ylmyň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz hem «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän giň gerimli işleriniň netijesinde, ähli ulgamlarda döwrebap innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak we ondan netijeli peýdalanmak hem-de harby gullukçylaryň hem bilim derejelerini has-da kämilleşdirmek baradaky berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, gullugymyzyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirmek, olaryň kompýuter sowatlylygyny ösdürmek, dünýä dillerini öwretmek, dil baýlygyny artdyrmak boýunça degişli meýilnama laýyklykda sapaklar guralýar, sanly ulgam arkaly okuw sapaklary okadylýar. Şeýle sapaklaryň yzygiderli geçirilmegi harby gullukçylaryň öz saýlap alan hünärleri boýunça has-da kämilleşip, raýatlarymyza döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny bermekde uly mümkinçilikleri döredýär.