♦ Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 140-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň, Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň döwrebap bilim almagy üçin döredilýän mümkinçilikler barada durup geçmek bilen, olara milli durmuş we zähmet ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi ündediler.
Sülgün GARAGÖZOWA,
TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hünärmeni.