Beýik özgertmeleriň aýdyň ýoly
Eziz Diýarymyz häzirki ajaýyp döwrümizde belent üstünliklere beslenip, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlylygy aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylan üstünlikler, beýik ösüşler munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Şu ýylda ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen binalaryň, hususan-da, täze bilim ojaklarynyň açylyş dabaralary taryhy wakalar bolup, kalbymyzda orun aldy. Şu şöhratly ýylymyzda eziz Watanymyzyň abraý-mertebesiniň has-da belende göterilendigini aýdyň görmek bolýar. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Bilim ulgamyndaky ösüşler hakynda söz açylanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň hem-de ÝUNESKO klublarynyň açylandygyny aýdyp bolar. Ýakynda bolsa ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebi bolan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO kluby açyldy. Bularyň hemmesi şöhratly we şanly waka bolup, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikdir.