Aşgabat, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Saglygy soraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly guralýan iki günlük XI Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forumy guramak baradaky ylalaşyk şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Germaniýa amala aşyran saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren teklibine laýyklykda gazanyldy. Şu gezekki ikitaraplaýyn duşuşyga sanly ulgam arkaly GFR-iň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, paýtagtymyzyň ylmy-kliniki merkezleriniň, welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.