Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli gymmatlyklarymyz, şöhratly taryhymyz dünýä ýaýylýar. Häzirki döwürde dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz ösdürilýär. Halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar ösüşlere, röwşen geljege binýat bolýar. Bu günki günde şeýle hoşniýetli gatnaşyklar medeniýet babatda hem ýokary derejä eýe bolýar.
Medeniýet babatdaky hyzmatdaşlyk dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň berk binýadydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyz Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ bilen netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Munuň özi taryhdan gözbaş alýan dost-doganlyk halklaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, taryhy, medeni gymmatlyklaryň dünýä ýaýylmagyna ýardam edýär. Ýakynda Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etdi hem-de göçme nyşany gowşuryldy. Şu şanly waka mynasybetli Änew şäherinde «2024-nji ýylda Änew — Türki dünýäniň medeni paýtagty» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde milli gymmatlyklarymyzy ýaýbaňlandyran serginiň guralmagy, aýdym-sazly çykyşlaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki bu şanly wakanyň dabaralary ildeşlerimiziň buýsanjyny goşalandyrdy, milli medeniýetimiziň belent waspyny ýetirdi.