«Azerbaýjan demirýollary» ÝGPJ-niň golçur kärhanasy «ADY Container» «COSCO Shipping Lines» bilen hyzmatdaşlykda Aktau (Gazagystan), Türkmenbaşy (Türkmenistan) we Konstanta (Rumyniýa) portlaryny birleşdirýän täze konteýner hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada «News Central Asia» ýazýar.
Bu hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda has çalt, has netijeli ýoly hödürläp, sebitleýin söwda we ulag pudagynda möhüm ösüşi alamatlandyrýar diýlip, habarda bellenilýär.