Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk

Türkmenabat, 20-nji noýabr (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Özbegistanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Brýusseldäki duşuşyk

bilelikdäki tagallalara ygrarlylygy tassyklady Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bu guramanyň ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitarap döwletimiziň ýoly — dostluk, doganlyk ýoly

Her bir halkyň bagtyýarlygy raýatlaryň bagtynyň jeminden hasyl bolýar. Sebitiň abadançylygy hem onda ýerleşen her bir döwletiň gülläp ösüşinden kemala gelýär. Bitarap Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna mynasyp goşulyşmagy üçin ulag-kommunikasiýa, logistika taslamalaryny amala aşyrmak boýunça başyny başlan işleri-de şu asylly maksada ýetmäge gönükdirilendir. Pederlerimiziň «Ýodalar ýola elter, ýollar — ile» diýen parasatly sözleri bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen yzygiderli ilerledilýän özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň mysalynda aýdyň açylýar. Şoňa görä, 11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi we gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň möhüm wakalarynyň hataryndan aýratyn orun aldy. Mälim bolşy ýaly, dünýä jemgyýetçiligi ýurdumyzyň ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, ykdysadyýetiň pudaklarynda, energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebit we halkara ähmiýetli başlangyçlaryny doly goldaýar. Türkmenistanyň oňyn teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalarynda, beýleki möhüm resminamalarda öz

Netijeli gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň sergisiniň çäklerinde işewürlik duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Düýn günüň ikinji ýarymynda Türkmenabat şäher häkimliginde geçirilen duşuşykda türkmen tarapyna degişli ministrlikleriň, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleriniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, özbek tarapyna hem degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri wekilçilik etdi. «Tegelek stoluň» başyndaky pikir alyşmalarda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplar öz mümkinçilikleri barada gürrüň berip, özara gatnaşyklary ilerletmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Myhmanlara söz berýäris

Düýn Türkmenabat şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy hem-de özbek harytlarynyň milli sergisi iki ýurduň işewürleri üçin hem täze mümkinçilikleriň meýdançasyna öwrüldi. Biz bu çärelere gatnaşyp, özbegistanly myhmanlaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolduk. Dilşod RASULOW,Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary:

Medeni-ruhy gymmatlyklara daýanyp

Bahodir AHMEDOW,Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary: — Özbek hem türkmen halklary owaldan ýakyn dost, gadyrly goňşy, strategik hyzmatdaşlar hökmünde aýdyň maksatlar ugrunda agzybirlikde ýaşaýarlar. Bu bolsa döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň kökleriniň uzak geçmişden gözbaş alýandygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýandygyna şaýatlyk edýär.

Görküňize dünýä haýran

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13 — 15-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyna gatnaşyjy myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldiler. Mälim bolşy ýaly, täze taryhy döwürde gözelligiň we kämilligiň nusgasy bolan ahalteke bedewleri ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň, beýik özgertmeleriniň we parahatçylygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň nyşanydyr. Milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolan ganatly ahalteke bedewleri gadymy döwürlerden bäri uly meşhurlyga eýe bolup, ol halkymyzyň wepaly dostudyr. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy we bu ýerde idedilýän behişdi bedewler bilen ýakyndan tanşan myhmanlar bular dogrusynda buýsançly söhbet etdiler.

Dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

«Sporta gadymy döwürlerden bäri parahatçylygyň we dostlugyň nyşany hökmünde garan ata-babalarymyzyň asylly ýoluny dowam etdirip, biz sporty dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň ählumumy serişdesi hasaplaýarys» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Gahryman Arkadagymyzyň ähli ugurlarda, şol sanda sport ulgamynda badalga beren beýik işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýär. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurdy hökmünde ykrar edilen Bitarap Watanymyzda sport halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şol bir wagtda hem sportuň dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň ählumumy serişdesi hökmündäki orny hem barha uly ähmiýete eýe bolýar. Soňky ýyllarda türkmen sportunyň ösüşiň täze basgançaklaryna çykyp, ýurdumyzyň iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigi ýurdumyzyň her bir raýatyny buýsandyrýar. Dürli ýyllarda geçirilen ýaryşlarda milli ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň Watanymyzyň sport abraýyny has-da belende götermekleri bolsa aýratyn guwandyryjydyr. Şol ýaryşlaryň ýokary derejede guralmagy netijesinde hem ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze belentliklere göterildi. Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilme

Türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ata Watanymyzyň at-abraýy Ýer ýüzünde barha belent derejelere göterilýär. Şunda dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär. Dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk ýörelgelerini, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek işleri döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Öňňin Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Birnäçe günläp dowam edýän bu medeni çäre ýokary ruhubelentlige beslenýär. Munuň özi bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen telekeçileri Pekinde geçiriljek iri awtoulag sergisine çagyrylýar

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 21–24-nji fewralynda Pekin şäherinde geçiriljek täze energetika ulag serişdeleriniň halkara tehnologiýa sergisine (CINEVE-2025) gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada TSTB şenbe güni habar berdi. Sergä gatnaşmaga isleg bildirýänlere “YASN International” kompaniýasynyň “Going Global Plan” taslamasynyň guraýjylary tarapyndan çakylyklar iberildi. Bu çäre Hytaýyň öňdebaryjy pudaklaýyn birleşikleri bolan Hytaý awtoulag öndürijiler birleşigi (CAAM) we Hytaý inženerçilik maşyngurluşyk birleşigi (CAPE) bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş» (ITTC-2024) III Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Bu çäre Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanýar – diýip, ittc-turkmenistan.com saýtynda habar berilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan gurnalýan bu giň möçberli çäre dünýäniň 40 ýurdundan 600-den gowrak wekilleri bir ýere jemlär. Gatnaşyjylaryň arasynda demir ýol we logistika kompaniýalarynyň, howa gatnawlarynyň, ulag enjamlaryny öndürijileriň we döwlet düzgünleşdirijileriň wekilleri bolar.

Türkmenistan bilen “SpaceX” ikinji aragatnaşyk hemrasyny işläp taýýarlamagy meýilleşdirýärler

“SpaceX” kompaniýasy bilen Türkmenistan ikinji aragatnaşyk hemrasyny işläp taýýarlamagy meýilleşdirýärler. Bu barada kompaniýanyň wekili Ýelena Paýşer Aşgabat şäherinde penşenbe güni açylan telearagatnaşyk we teleradioýaýradyş enjamlaryna bagyşlanan “Türkmentel-2024” atly sergide maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň irki wagtdan bäri alnyp barylýandygyna garamazdan, kompaniýa Türkmenistanda geçirilýän bu abraýly sergä ilkinji gezek gatnaşýar. Ý.Paýşer “SpaceX” kompaniýasynyň hünärmenleriniň, hususan-da, “TürkmenÄlem 52.0E” ilkinji türkmen emeli hemrasynyň taslamasyny düzmek we uçurmak işine gatnaşandyklaryny, bu işiň Kanaweral burnunda “Falcon 9” raketa göterijisi arkaly üstünlikli ýerine ýetirilendigini belledi.

Anyk ugurlar kesgitlenildi

Düýn Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň energetika boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge gönükdirilen mejlise gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň Energetika müdirliginiň başlygy Ç.Szýanhuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlisde birek-birege hormat goýmaga, özara bähbitlilige, dostlukly gatnaşyklara daýanýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar, şol sanda energetika boýunça ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Energetika, hususan-da, gaz pudagyndaky özara hereketler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirip, ony geljekde has-da ösdürmegiň iki tarap üçin hem wajypdygy nygtaldy.

Türkmen-britan gatnaşyklaryny ilerledip

Ýakynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri bilen Beýik Britaniýanyň Hökümetiniň Işewürlik we söwda edarasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça eksport direktory hanym Sara Elizabet Çijiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda söwda we maýa goýum ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ösüşine baha bermäge şert döredýändigi, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň çäginde maliýe pudagyndaky hyzmatdaşlygyň utgaşdyrylýandygy nygtaldy.

Saglygy goraýyşda tejribe alşylýar

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär. Şunda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Geçirilýän dürli çäreler, daşary ýurtly hünärmenleriň Türkmenistanda yzygiderli iş saparynda bolup, ýerli lukmanlar bilen tejribe alyşmaklary hem munuň aýdyň güwäsidir. Şu günler Russiýa Federasiýasynyň Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adam abadançylygyna gözegçilik etmek boýunça federal gullugynyň Sankt-Peterburg şäheriniň Paster adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa ylmy-barlag institutynyň Ylmyň federal býujet edarasynyň ýolbaşçylar düzüminden we saglygy goraýyş işgärlerinden ybarat wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Bu sapar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen degişli federal gullugyň arasynda ýokançlara garşy göreşmek ugrunda hyzmatdaşlyk etmek babatda baglaşylan Ähtnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde, şeýle hem «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen guralýar. Bilermenler toparynyň saparda bolýan döwründe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekmek we ýurdumyzda birnäçe ýokançlara ilatyň populýasion goraýjylyk ukybyna baha bermek üçin barlag işini geçirmek meýilleşdirilýär. Baha beriş-barlag işiniň netijeleri

“Köki çuň daragtyň saýasy goýry”

Häzirki zaman dünýäsinde medeni diplomatiýa halklardyr döwletleriň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, medeniýetdir sungat arkaly parahatçylygy, dostlugy berkitmäge ýardam edýän «ýumşak güýç» hökmünde garalýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) hem indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri türki dünýäde hut şu möhüm wezipäni ýerine ýetirýän ýeke-täk ýöriteleşdirilen düzüm bolmagynda galýar. Geçen döwürde Bitarap Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ösüşiň täze derejesine çykarylyp, mazmun taýdan has-da baýlaşdyryldy. 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», bu ýyl üçin gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen özara gatnaşyklary «şirwan perdä» çykdy. Geçen hepdäniň dowamynda bolsa Diýarymyzda şu wajyp wakalaryň jemleýji çäreleri üstünlikli geçirildi. Biz hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan RAÝEW bilen gürrüňdeş bolup, onuň çäreleriň netijeleri baradaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk.

ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlenildi

16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy.

TÜRKSOÝ: geçirilen çäreleriň jemi jemlenildi

16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisi geçirildi. Ol gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen esasy çäreleriň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu hormatly dereje türki dilli döwletleriň ruhy-taryhy däplerini alamatlandyrýan hem-de pederleriň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň subutnamasy bolup durýan geçmişiň beýik ýadygärliklerine — meşhur şäherlere berilýär.

Halkara mertebesi artýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ata Watanymyz beýik geljege tarap ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň her güni gülläp ösüşlere beslenýär, zähmetsöýer halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi bolsa has-da ýokarlanýar. Ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýeti emele geldi. Döwletimiz häzirki zamanyň meselelerini çözmäge jogapkärli we täzeçil çemeleşýär, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň täze ugur-ýollaryny işjeň gözleýär. Gülläp ösüşler arkaly parahatçylyk ýörelgesi bolsa içeri we daşary syýasatymyzyň binýatlyk esasyny düzýän, halkara gatnaşyklaryny many-mazmun taýdan baýlaşdyrýan we onuň ugurlaryny kesgitleýän netijeli gurala öwrüldi. Bu gün döwletimiz halkara ähmiýetli taslamalary, düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýändigi bilen bütin dünýäde tanalýar. Munuň şeýledigine ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen BRICS sammiti hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň sammitdäki çykyşy we onda öňe süren oňyn teklipleri, asylly başlangyçlary Türkmenistanyň häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýan hem-de özüniň ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine doly derejede peýdalanýan özygtyýarly döwletdigini ýene-de bütin aýdyňlygy bilen halkara jemgyýetçiligine äşgär etdi. Halkara Bitaraplyk gününiň

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Duşuşykda döwletimiziň milli gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipleri bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna hem-de 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, toparyň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Türkmenistany 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiň agzalygyna dalaşgär hökmünde hödürlemek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.