Saglygy goraýyşda tejribe alşylýar

19 Noýabr 2024
225

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär. Şunda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Geçirilýän dürli çäreler, daşary ýurtly hünärmenleriň Türkmenistanda yzygiderli iş saparynda bolup, ýerli lukmanlar bilen tejribe alyşmaklary hem munuň aýdyň güwäsidir.

Şu günler Russiýa Federasiýasynyň Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adam abadançylygyna gözegçilik etmek boýunça federal gullugynyň Sankt-Peterburg şäheriniň Paster adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa ylmy-barlag institutynyň Ylmyň federal býujet edarasynyň ýolbaşçylar düzüminden we saglygy goraýyş işgärlerinden ybarat wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Bu sapar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen degişli federal gullugyň arasynda ýokançlara garşy göreşmek ugrunda hyzmatdaşlyk etmek babatda baglaşylan Ähtnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde, şeýle hem «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen guralýar. Bilermenler toparynyň saparda bolýan döwründe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekmek we ýurdumyzda birnäçe ýokançlara ilatyň populýasion goraýjylyk ukybyna baha bermek üçin barlag işini geçirmek meýilleşdirilýär. Baha beriş-barlag işiniň netijeleri öňüni alyş, şol sanda sanjym işlerini kämilleşdirmek ýaly çäreleri meýilnamalaşdyrmak üçin epidemiologik ýagdaýy çaklamak babatda zerur bolan maglumatlaryň esasyny düzer.

«TÜRKMENISTAN»
Beýleki habarlar