Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 21–24-nji fewralynda Pekin şäherinde geçiriljek täze energetika ulag serişdeleriniň halkara tehnologiýa sergisine (CINEVE-2025) gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada TSTB şenbe güni habar berdi.
Sergä gatnaşmaga isleg bildirýänlere “YASN International” kompaniýasynyň “Going Global Plan” taslamasynyň guraýjylary tarapyndan çakylyklar iberildi. Bu çäre Hytaýyň öňdebaryjy pudaklaýyn birleşikleri bolan Hytaý awtoulag öndürijiler birleşigi (CAAM) we Hytaý inženerçilik maşyngurluşyk birleşigi (CAPE) bilen hyzmatdaşlykda guralýar.