TÜRKSOÝ: geçirilen çäreleriň jemi jemlenildi

18 Noýabr 2024
260

16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisi geçirildi.

Ol gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen esasy çäreleriň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu hormatly dereje türki dilli döwletleriň ruhy-taryhy däplerini alamatlandyrýan hem-de pederleriň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň subutnamasy bolup durýan geçmişiň beýik ýadygärliklerine — meşhur şäherlere berilýär.

«Watan».
Beýleki habarlar