Halkyň bagtyýarlygynyň gözbaşy
Üstümizdäki ýylda agzybir türkmen halky ýene bir uly baýrama ― mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna garaşýar. Bu şanly sene mynasybetli geçilen 30 ýyllyk özgerişlikli, ýakymly ýatlamaly, belent sepgitli ýyllara göz aýlamak, gör, neneň buýsançly! Ol ýyllar halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary derejä ýetiren, ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginde öz ornuny berkiden, hemişelik Bitaraplygyny ykrar etdiren ýyllardyr. Watanyň ýokary göterilen derejesiniň şaýady bolýan ýüzlerçe möhüm ähmiýetli buýsançly wakalary, şöhratly günleri özünde jemleýän şol ýyllar ýurdumyza şan-şöhrat getirdi we halkyň röwşen geljegine bolan ýagty ynamy oýardy. Garaşsyzlygyň we dünýäde ykrar edilen baky Bitaraplygyň erkinlik, parahatçylyk howasyndan dem alyp ýaşaýan halkymyza indi diňe buýsançly we guwançly ösüşler, öňegidişlikler ýaran. Asyrlarboýy arzuwlanyp ýetilen mukaddes Garaşsyzlygymyz, sözüň doly manysynda, halkymyzyň özygtyýarlylygynyň, bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Onda ýurduň ösen kuwwaty bilen birlikde halkyň parahat, bolelin, bagtyýar durmuşy görnüp dur. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty bilen özgeren ýurdumyzyň bu günki gözel keşbine-de, äleme ýaýran at-owazasyna-da tutuşlygyna Garaşsyzlygyň ruhy siňendir. Türkmenistan özygtyýarlylygyny gazanan ilkinji gününden başlap garaşsyz ösüşiň ähli mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, adam hakyndaky aladany ilkinji orunda goý