Demokratik ýörelgelere daýanyp

12 Fewral 2021
1343

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar özüniň milli demokratik köklerini ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelerden alyp gaýdýar hem-de döwrebap talaplara laýyklykda üstünlikli dowam etdirilýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka, ýagny, Milli parlamentimiziň iki palataly ulgama geçilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri ählumumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere laýyklykda ýaýbaňlandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, halkara kadalaryna laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek, saýlaw toparlarynyň, welaýat hem-de Aşgabat şäher Halk Maslahatlarynyň möhüm wezipeleri bolup durýar.

Serdar DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar