Arkadaga alkyşlar sena bolup ýaňlandy

12 Fewral 2021
1350

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly hem öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän her bir döwletli tutum halkyň ykbalyna, ýurduň mertebe beýikligine düýpli täsiri bilen has gymmatly mana eýe bolýar. Ol häzirki wagtda daş-töweregimizi gurşap alan döwrebap özgertmeleriň, hil taýdan täze ösüşleriň, bagtyýar ýaşaýyş gurşawynyň emele gelendiginiň, adamlaryň syýasy işjeňliginiň ýokarlanýandygynyň mysalynda has aýdyň duýulýar. Bu hakykat telwasly köňülleriň her birinde halal zähmet çekmek, döretmek, gurmak ýaly maksatly işleriň ynamyny berkidýär. Häzirki wagtda mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň töweregine jebisleşip, özgertmeler eýýamynyň «Türkmenistan  —  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny dabaralandyrmak, beýik işlere beslemek maksadynda ynamly öňe barýar. Şeýle belent ynam welaýatymyzyň zähmetkeş halkyna mahsuslygy bilen hem tapawutlanýar. Bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan ildeşlerimiz her ädimde, her pursatda şeýle döwranly döwri peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza çyn ýürekden joşup çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Hezret ÝAZBERDIÝEW.
Beýleki habarlar