Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni bolan giňişleýin mejlisinde welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça 2020-nji ýylda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenilip, welaýatymyzyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji diýlip yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiz etrabyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.