Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Emi­niň wes­ýet­na­ma­sy

Luiza Meý OLKOTT,amerikan ýazyjysy Öýde şu wakalar dowam edýärkä, Emi daýzasy Marçyňkyda kyn günleri başdan geçirýärdi. Bu ýere iberilmegi ony gaty aladalandyrypdy, şeýle-de ol ömründe ilkinji gezek özüni näderejede söýýändiklerine we läliksiredilendigine düşündi. Març daýza hiç haçan hiç kimi läliksiretmändi. Ol bular ýaly zatlaryň tarapdary däldi, ýöne ol göwnünden turan bu kiçijik gyzjagazyň terbiýesinde hoşamaýlygyň bolmagyny-da isleýärdi. Març daýza bu zatlary kimdir birine duýdurmagy hökman saýmasa-da, onuň garryja ýüreginiň bir çüňkünde ýegençisiniň çagajyklary üçin söýgä ýer bardy. Eminiň bagtly bolmagy üçin, ol, hakykatdan-da, elinde baryny edipdi. Eý, Hudaý, ýöne ol, gör, nähili ýalňyşlyklar goýberdi. Käbir garry adamlaryň ýüzündäki ýygyrtlara we saçlarynyň çalarandygyna seretmezden, ýürekleri garramaýar. Olar çagalaryň kiçijik aladalaryny, begençlerini duýup, özlerini öýlerinde ýaly duýmaklary üçin, gyzykly oýunlaryň üsti bilen parasatly sapaklary berip bilýärler. Şeýle-de, dostlukly gatnaşygy iň bir ajaýyp usulda ýola goýmagy başarýarlar. Ýöne Març daýzada olar ýaly zehin ýokdy we ol Emini öz düzgünleri, buýruklary, berk saklaýşy we uzyn, ýüregedüşgünç, gyzyksyz gürrüňleri bilen örän alada goýýardy. Öz aýal doganyndan gyzjagazyň has-da gulak asyjy we edeplidigini bilip, garry hanym öýdäki erkinligiň we sabyr-kanagatyň erbet täsirlerinden gyzjagazy,

Enemiň sowgady (Hekaýa)

Mihail ZOŞŞENKO,rus ýazyjysy Meniň enem bardy. Ol meni örän gowy görýärdi.

Çy­na­ryň sy­ry (He­ka­ýa)

Latif MAHMUDOW, özbek ýazyjysy Biziň öýümiz kiçijik derýajygyň boýunda ýerleşýärdi. Onuň ýanynda äpet çynar ösüp otyrdy. Bu çynaryň ýaşy üç ýüz ýyldanam geçýär diýýärler. Ol uludy, gür şahalydy hem uzakdan seredeniňde, örän uly saýawana meňzeýärdi.

Gyz­ja­ga­zyň ýan­dep­der­çe­si­ne eden bel­lik­le­rin­den

Sewda Firat Ak, türk ýazyjysy Eje­me...

Bir se­bet ül­je

Fazu ALIÝEWA, dagystanly ýazyjy (ady­bir ki­tap­dan par­ça)

Meý­zi Hit­çins: Ýa­pyk ga­pyr­ja­gyň sy­ry

Holli WEBB,britan ýazyjysy Birinji bap

De­wid KOPPERFILD

Çarlz DIKKENS,iňlis ýazyjysy Meniň dünýä inişim

Pad­ding­ton at­ly aýy­jyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşydöwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýanadyl syýasaty esasynda diňe bir halkymyzyňdäl-de, daşary ýurt edebiýatynyň taryhynyöwrenmäge hem uly mümkinçilikler döredilýär. Dünýä edebiýatynda täze atlaryň peýda bolmagy ähli döwürleriň möhüm wakalarynyň biri bolmak bilen, her bir jemgyýetde uly gyzyklanma döredýär. Edebiýatçylar, terjimeçiler, žurnalistler daşary ýurtly ýazyjylaryň döredijiligini we gymmatly eserlerini öwrenmäge yhlas baryny siňdirýärler. Häzirki wagta çenli bu ugurda amala aşyrylan uly işler döwür bilen aýakdaş gidýän Türkmenistan Diýarymyzyň ähli pudaklarda gazanýan üstünlikleriniň aýdyň subutnamalarydyr. Garaşsyz Watanymyzyň beýleki döwletler bilen alyp barýan ikitaraplaýyn dost-doganlyk we oňyn diplomatik gatnaşyklary halkara derejesinde giň gerimli edebi-döredijilik duşuşyklarynyň guralmagyna, bu ugurda hünärmenleriň arasynda pikir alşylyp, tejribe toplamaklyga itergi berýär.

Ter­ji­me bos­sa­ny­nyň da­rag­ty

«Halypalary, dost-ýarlary ýat eýläp...» alty ýygyndydan Dostum şahyr Şadurdy Çarygulyýew baradaky ýatlamamy paýawlap barýardym. Ony diňe jemläýmek galypdy. Ýatlamamyň soňy düýş bilen baglanyşyklydy. Aňymda şol pursady jemläp ýördüm. Anna günüdi (2020-nji ýylyň 4-nji dekabry). Şeýle pikirler bilenem uka gidipdim. Bu ne gudrat?! Düýşüme başga bir dostum, şahyr Kakabaý Gurbanmyradow giripdir. Ol redaksiýa gelýär. Men onuň bilen salamlaşyp: «Agam, düýşüme giripsiň. Seni ýatlap ýörün...» diýýärin.

Le­di Jeýn (Roman).

Jemison Sesiliýa WITS, şotland ýazyjysy III bölüm

Ki­çi­jik bi­ke­ler (Ro­man)

Luiza Meý OLKOTTamerikan ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Aw­raam Lin­koln (Roman)

Dmitriý OLEÝNIKOW,rus ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda)

Ylym ba­ra­da hem­me za­dy hem­me­ler­den köp bil­ýä­rin!

Fatih DIKMEN,türk ýazyjysy (Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Hor­mat­ly oky­jy­lar!

2025-nji ýylyň I ýarymy üçin «Dünýä edebiýaty» žurnalyna abuna ýazylyşygy dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň beýik taglymatlaryndan ugur alyp işleýän «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy geljekde hem okyjylaryň göwnünden turjak eserleri çap etmegi meýilleşdirýär. Žurnal ussat terjimeçileriň galamynyň astyndan çykan, maşgala gymmatlyklaryna, ýaşlaryň durmuşyna, çaga terbiýesine, pedagogika, psihologiýa, biznese, şahsy kämilliklere we döwrüň beýleki derwaýys ugurlaryna degişli eserleri okyjylara ýetirmegi maksat edinýär. Dünýä edebiýatynyň nusgalyk eserleri bilen ene dilimizde tanyşmagyň iň amatly usuly biziň žurnalymyza abuna ýazylmakdyr.

«Gazallardan» «Gül we Nowruza» çenli

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, dil baýlyklarymyzy öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Şol işleriň aýratyn bir şahyryň döredijiliginiň üsti bilen öwrenilmegi bolsa onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejegyz Çaryýewanyň «XIV-XV asyr türkmen şahyry Möwlana Lutfynyň eserleriniň dili» atly kitaby hem şeýle işleriň biridir. Kitap alymyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesi hökmünde täsirli ýazylandygy, gyzykly okalýandygy bilen özüne çekýär. Girişden, bäş bapdan hem-de netijeden ybarat neşirdäki ylmy maglumatlardyr pikirler bol sepilen bugdaý tohumyna meňzeýär. Alym Möwlana Lutfynyň döredijiligini dil serişdeleriniň dürli görnüşleriniň üsti bilen derňäpdir. Diňe şunuň özi-de işiň öňde goýan maksadyna ýetendigini görkezýär. Şahyryň eserleriniň diliniň leksikasy, olardaky sözleriň many aýratynlyklary, duş gelýän adalgalar, diliniň onomastikasy, toponimleriň, sinonimleriň, omonimleriň ulanylyşy barada giňişleýin durlup geçilýär. Lutfynyň eserleriniň dilinde duş gelýän ses hadysalary, diliniň morfologik gurluşy, olardaky söz toparlary, sintaktik gurluşy, söz düzümleri, sözlem, goşma sözlemler, durnukly söz düzümleri boýunça alymyň geçiren çuňňur ylmy derňewlerini okap çykanyňdan soňra, kitabyň girişindäki: «...Möwlana Lutfynyň dili çagataý ýazuw dilinden az täsirlenen gadymy türki (türkmen) dilidir» diýip yn

Arzuwlaryň hasyl boldy, Pyragy!

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy» atly kitabynda: «Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň özbaşdak berkarar döwletli bolmagy baradaky arzuwlary bu gün hasyl boldy» diýip belleýär. Munuň özi diýseň buýsandyryjydyr. Çünki biz şahyryň berkarar döwlet, kämil jemgyýet gurmak baradaky arzuwlarynyň hasyl bolan zamanynda ýaşaýarys. Bilşimiz ýaly, dana akyldara adalatly döwlet gurmak bilen baglanyşykly paýhaslar atasy Döwletmämmet Azadydan geçýär. Beýik şahyr bu taglymaty milli ruhda ösdürýär. Ony özbaşdak, garaşsyz döwletli bolmak ýaly çuňňur pikirler bilen baýlaşdyrýar. Şahyr öz kalbynda, ruhy dünýäsinde guran türkmen binasyna juda buýsanýar we ony şeýle setirleriň üsti bilen taryp edýär:

Iň soňky gezek haçan kitap okadyň?

Okamagyň sogaby hakynda heniz oglankam eşiden şeýle mazmunly hekaýatym ýadyma düşýär: Bir adamyň hiç işi ugrukmaýan eken. Gije-gündiz tagat-ybadata berilse-de, yhlasy kem düşýärmi ýa-da nesibesi duşanokmy, garaz hiç işi ugruna bolubermändir. Ahyry ol öz döwrüniň meşhur alymlarynyň biri, dili dogaly ulama Muhammet al-Abywerdiniň ýanyna baryp, başyny alan bu müşgilliklerden halas bolmagyň alajyny sorapdyr. Alym onuň iň soňky gezek haçan sadaka berenligi bilen gyzyklanypdyr. «Özümi zordan ekleýän. Gün-güzeranym ýabygorly. Elimiň uzadan ýerime ýetmegi beýlede dursun, hatda ýekeje lukmany arkaýyn agzyma ýetirip bilemok, bu ýagdaýda nädip sadaka bereýin?!» diýip, ýere bakypdyr. «Ýeri, bolýar, onda iň soňky gezek haçan ýagşylyk etdiň?» diýip, alym ýene-de oňa sowal bilen ýüzlenipdir. «Öz derdime başagaý bolup ýörşüme, özgelere ýagşylyk etmek pikiri asla kelläme gelmändir» diýip, ýigit göwünli-göwünsiz dillenipdir. «Ýeri, bolýar, mundanam geçeli, onda iň soňky gezek haçan kitap okadyň?» diýip alym sorapdyr. «Kitaby soňky gezek elime alanyma ýyl ýarym bolandyr» diýip ýigit bu gezek kanagatlanarly jogap beripdir. «Baý-bo-ow, heý, beýle-de bir zat bolarmy? Adam üç günläp kitap okamasa, onuň ýüregi poslap başlaýar. Onsoň ol adam hiç bir şowlulygy hem, gowulygy hem görüp ýa-da duýup bilmeýär. Atalarymyzyň aňymyza guýan şeýle öwütleri bar: Eger bir işiňiz ugrukmasa, şu üç işi: ýagdaýyň boldu

960 minutyň 5 minuty ýa-da «Bir sahypa — bir roman» ýörelgesi

Ýazgylarymyza gije-gündiziň minutlaryndan netijeli peýdalanyp bilmek baradaky ýönekeýje hasaplamalar bilen girişeliň! Bu hasapdan hem gije uklaýan wagtymyzy aýryp, hamana, ir sagat 07:00-da oýanýarys, giçlik bolsa 23:00-da ýatýarys diýip hasap ýöredeliň! Bu aralykda 16 sagat bar. 16 sagada 960 minut ýerleşýär. Şunça minutyň 955 minutyny başga işler üçin sarp edip, bary-ýogy 5-je minutyny kitap okamak üçin aýryp bilersiňizmi? Munuň üçin günüň dowamynda eliňiziň boşrak wagtyny saýlap bilersiňiz. Esasy zat: şol 5 minuty tapmak. Bolmajak zat däl, şeýlemi? Telefonymyzy elimize alyp, jemgyýetçilik torlaryndaky suratlardyr wideolary dörüşdirip çykmak üçin hem azyndan 10 ― 15 minutymyzy harçlaýarys. Özi hem bir gezekde. Günüň dowamynda bolsa şeýle «dörüşdirmeler», gör, näçe gezek bolýar?! Işiňiz hernäçe gyssaglam bolsa, mawy ýaýlymda görkezilip duran bir gyzykly filmiň «şujagaz ýerinem göreýinleriňiziň» wagt aralygy käte ýarym sagada çenli uzap bilýär. Kimdir birine möhüm bir mesele bilen jaň etseňiz hem, möhüm däl gürrüňler ara goşulyp, bu söhbetdeşlik meýilleşdireniňizden has uzaga çekip bilýär. Garaz, günüň dowamynda 960 minutyň 5 minutyny kitap okamaga aýyrmak üçin wagt ýeterlik. Esasy zat: islemek. Ýürekden isleseňiz, siziň has köp wagty tapyp biljekdigiňize hem ynanýarys.

Ýitirilen günler

■ Kitaplar. Köp-köp kitaplar daş-töweregime üýşüp dur. Okalmaly kitaplara görä okamaly kitaplaryň köpräk bolmagyny isleýän. Okadygymça-da, okalmaly kitaplar has köpelip gidip otyr... mundan alty ýyl ozal ýazan bir belligim öňümden çykdy. Onuň içinde pany dünýä bilen hoşlaşyp — eňek atyp ýatan Mäne baba-da bardy. Goja pir bu ýagdaýyň — okamagyň ahyrky pursada çenli dowam etmelidigini sargaýardy. Ine, şol ýazgy... 1582-nji ýylda Rim papasy Grigoriý XIII katolik ýurtlarda öňki ýulian senenamasyna derek grigorýan kalendaryny girizýär. Şoňa laýyklykda, şol ýylyň 4-nji oktýabryndaky penşenbe gününiň ertesi göni 15-nji oktýabr, anna güni bolýar. Bu maglumaty okadym-da, taryhdan gaçyp galan, ýagny atsyz-sorsuz ýitip giden şol günler barada oýlandym. Diňe bir goja taryhyň, senenamanyň ýitiren bu günleri barada däl-de, adamlaryň her biriniň ömründe bolup biläýjek ýitirilen günler barada çynlakaý oýlandym.

Şapakdaky şuglalar (Ýene kitaplar hakynda)

KUÇKOR NORKOBIL,(Özbegistan). ■ Dünýe — meniň öýüm. Kitaplar onuň çyraglarydyr.