«Gazallardan» «Gül we Nowruza» çenli

19 Noýabr 2024
220

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, dil baýlyklarymyzy öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Şol işleriň aýratyn bir şahyryň döredijiliginiň üsti bilen öwrenilmegi bolsa onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejegyz Çaryýewanyň «XIV-XV asyr türkmen şahyry Möwlana Lutfynyň eserleriniň dili» atly kitaby hem şeýle işleriň biridir. Kitap alymyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesi hökmünde täsirli ýazylandygy, gyzykly okalýandygy bilen özüne çekýär.

Girişden, bäş bapdan hem-de netijeden ybarat neşirdäki ylmy maglumatlardyr pikirler bol sepilen bugdaý tohumyna meňzeýär. Alym Möwlana Lutfynyň döredijiligini dil serişdeleriniň dürli görnüşleriniň üsti bilen derňäpdir. Diňe şunuň özi-de işiň öňde goýan maksadyna ýetendigini görkezýär. Şahyryň eserleriniň diliniň leksikasy, olardaky sözleriň many aýratynlyklary, duş gelýän adalgalar, diliniň onomastikasy, toponimleriň, sinonimleriň, omonimleriň ulanylyşy barada giňişleýin durlup geçilýär. Lutfynyň eserleriniň dilinde duş gelýän ses hadysalary, diliniň morfologik gurluşy, olardaky söz toparlary, sintaktik gurluşy, söz düzümleri, sözlem, goşma sözlemler, durnukly söz düzümleri boýunça alymyň geçiren çuňňur ylmy derňewlerini okap çykanyňdan soňra, kitabyň girişindäki: «...Möwlana Lutfynyň dili çagataý ýazuw dilinden az täsirlenen gadymy türki (türkmen) dilidir» diýip ynam bilen aýtmaga doly mümkinçilik berýän maglumatlar ýüze çykdy» diýip jaýdar belleýşi bilen doly ylalaşýarsyň. Haýran galdyrýan zatlaryň biri şahyryň «Gazallar» hem-de «Gül we Nowruz» atly eseriniň atlary-da hut şeýle ylmy derňewe çagyryp duran ýaly görünýär. Ýeri gelende bellesek, şahyryň «Gazallary» 2021-nji ýylda, «Gül we Nowruz» eseri 2022-nji ýylda «Ylym» neşirýaty tarapyndan çapdan çykarylypdyr.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar