«Halypalary, dost-
ýarlary ýat eýläp...»
alty ýygyndydan
Dostum şahyr Şadurdy Çarygulyýew baradaky ýatlamamy paýawlap barýardym. Ony diňe jemläýmek galypdy. Ýatlamamyň soňy düýş bilen baglanyşyklydy. Aňymda şol pursady jemläp ýördüm. Anna günüdi (2020-nji ýylyň 4-nji dekabry). Şeýle pikirler bilenem uka gidipdim. Bu ne gudrat?! Düýşüme başga bir dostum, şahyr Kakabaý Gurbanmyradow giripdir. Ol redaksiýa gelýär. Men onuň bilen salamlaşyp: «Agam, düýşüme giripsiň. Seni ýatlap ýörün...» diýýärin.