Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Pursatlar

Oguljan Makyýewa 1949-njy ýylyň 24-nji fewralynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda dogulýar. Ol 1967-nji ýylda şol wagtky Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetine okuwa girýär. Talyplyk ýyllarynda çeper höwesjeňleriň toparynda, teleýaýlymlarda aýdym aýdyp, adygyp ugraýar. Ol «Saýra, dutar!», «Çalsana, bagşy!», «Näzli dildarym», «Öwezim» ýaly aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Men ýaşlykda zehinli aýdymçynyň teleýaýlymlarda goýberilýän çykyşlaryna höwes bilen tomaşa ederdim. 1975-nji ýylyň ýanwarydy. Men ol ýyllar Aşgabatda okaýardym. Dostum Meretgylyç Taganow bilen onuň gullukdaş dosty Allaberdi Makyýewiň esger salamyny gowşurmak üçin olaryň obasyna ugradyk. Sorap-idäp, öýlänler öýlerini tapdyk. Öýüň törüne gerlen halynyň ýüzünde Oguljan Makyýewanyň suraty asylgy duran eken. «Bu surat belli aýdymçynyň özümikä?» diýip pikir edip durşuma birden Oguljanyň özi geläýdi. Men höwes bilen diňleýän aýdymçymy ýakyndan görüp doňup galypdyryn. Ýaşap ýörenliginde şu ýyl 75 ýaş toýuny toýlaýmaly halypa aýdymçynyň kalbymyzyň ruhy lukmany bolan mukamlara siňen näzik sesi häzirlerem gulagymda ýaňlanyp dur.

Gadymy Änew — müňýyllyklaryň ýaňy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhyny ylmy esasda öwrenmek, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Çünki halkymyzyň beýik taryhy, döreden nusgalyk maddy hem ruhy gymmatlyklary, ýol-ýörelgeleri şu günki nesiller üçin ruhlandyryjy güýçdür. Şeýle hem milli buýsanjy, Watan mertebesini has-da beýgeltmek, ony ösdürmek, gurmak, döretmek üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda Änew şäheriniň taryhy we onuň bilen baglanyşykly rowaýatlar aýratyn bellenmäge mynasypdyr. TÜRKSOÝ-nyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu buýsandyryjy çözgüt türkmen halkynyň geçmişde döreden baý medeni gymmatlyklarynyň bu günki günde dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň, dünýäniň abraýly guramalary bilen dost-doganlyk, medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalanýandygynyň subutnamasydyr.

Ruhy çyragyň ýalkymy

Her bir setiri akyl-paýhas ölçegine öwrülip, halkymyzyň kalbynda orun alan türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragy dürdäne parasady bilen diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň ruhy çyragyna öwrüldi. Pyragynyň arzuwlan zamanyna gowşup, şahyryň erkin, asuda, binýady berk döwleti gurmak baradaky islegleri ýurdumyzyň Konstitusiýasynda hukuk taýdan berkidildi. Onuň agzybirlik, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşamak, parahatçylygy saklamak baradaky ündewleri hem Garaşsyz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry hökmünde Konstitusiýamyzda orun aldy. Esasy Kanunymyzyň 9-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna aýratyn üns berýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen dana şahyryň adyny ebedileşdirmek işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýy uludan tutulýar.

«Çyn güli saklasaň, müň ýylda solmaz»

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny halkyna peşgeş bermegi akyldar şahyra goýulýan sylag-sarpanyň aýdyň beýanydyr. Ol goşgyny bolsa Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň çeper elli halyçy zenanlary türkmen halysyna çitip, nesilden-nesle geçip, dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň şahyry sarpalaýan bu ajaýyp goşgusynyň milli mirasymyz bolan türkmen halysynda orun tutmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şahyryň özi hem «Gonmak täze ýurda ýagşy, // Haly düşek törde ýagşy» diýip, türkmen halysyna uly hormat goýan şahyr.

Wepadarlyk

Bütin ömrüni çopançylyk edip geçiren Begli babanyň hakyda horjunyny dörjeläp gürrüň beren bu wakasy mende örän uly täsir galdyrdy. Onsoň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde şany-şöhraty dünýä dolýan türkmen alabaýy bilen baglanyşykly il arasynda rowaýata öwrülip giden bu wakany söýgili gazetimiziň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildim. Begli bile önüp-ösen dosty Mergen bilen obanyň çekenesini bakýan eken. Uly obanyň mal-garasy ýetik bolansoň, iki dost agyr sürini bile örä kowup, bile-de oba dolaýar eken. Ýaşlyk ýelgini, ýigitlik heseri başyna uran iki dost her gün mal yzynda ýörüşlerine öz deň-duşlary bolan oba gyzlaryny ýeke-ýekeden ýatlap, geljekki durmuşy barada hyýal ýüwürder eken. Aý-güne gutarma ýok, wagt-warak aýlanyp, iki dost hem men diýen ýigit bolup ýetişýär. Olaryň öz nesibelisini saýlap-seçmeli wagty gelýär. Ine, şonda iki dostuň ikisi hem Aý ýüzli, serwi boýly, dili şeker, eli işli Näzik atly gyza aşykdygyny syzdyrýarlar. Begli bilen Mergeniň arasynda ýüze çykan aşyk-magşuklyk dawasyny çözmegi «Kimi saýlasa, özi saýlap-seçsin» diýen pikir bilen Näzigiň özüne goýýarlar. Näzik Beglini saýlaýar. Toý sähedi bellenilip, ýaşlar bagtly maşgala gurmagyň arzuwynda gün sanap başlaýarlar.

Ýüpekçilik — gadymy senet

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ýüpekçilik bilen meşgullanypdyr. Uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelinýän bu senet biziň ajaýyp genji-hazynamyz bolup durýar. Durmuşda ýüpek önümleriniň ähmiýeti örän uly. Il arasynda ýörgünli bolan pähimde: «Ilki ýüpek, soň ýüň behiştden çykan zatdyr» diýlişi ýaly, gadymy döwürlerden bäri gelin-gyzlarymyz ýüpege, ondan dokalan matadyr egin-eşiklere aýratyn gadyr goýupdyrlar. Ýüpekden tikilen egin-eşikler ýumşak, owadan hem-de mylaýym bolupdyr.

Haly halkymyzyň kalbydyr

Dünýäniň medeni mirasynda türkmen halysy baky gözelligiň we nepisligiň, ajaýyp bir sungatyň gaýtalanmajak nusgasy bolup orun tutýar. Haly türkmen halkynyň hiç bir halkyňka meňzemeýän gadymyýeti, unudyp bolmajak taryhydyr. Irki döwürlerde türkmen topragyna gadamy düşen meşhur syýahatçy Marko Polo öz golýazmalarynda türkmen halylarynyň dünýäde iň inçe we owadan halylardygyny belläp geçipdir. Şeýle mukaddesligi döretmegiň, ony asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirmegiň hut türkmen gelin-gyzlarynyň paýyna düşmeginiň ajaýyp manysy bardyr. Türkmen zenanlary mert, kanagatly, arly-namysly ogullaryň eneleri bolup, özleri hem gaýratlylygyň, sabyrlylygyň we päkligiň asyl nusgalarydyr. Diňe şeýle zenanlar barmaklarynyň hünäri bilen çyn gözelligi döredip bilerler. Şeýle kämilligi döredip bilýän zenanlary bolan halk beýikdir.

Gerkezdäki gymmatlyklar

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda ýerleşýän şahamçasyna baryp görenleriň kalplarynda ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalaryň, unudylmajak täsirleriň galýandygyny sözümiziň başynda nygtamak isleýäris. Şol ýerde bolanymyzda, muňa özümiz hem aňryýany bilen göz ýetirdik.

Oňurgasy odundan...

Garry atam mugallym bolup zähmet çekensoň, çaga terbiýesine uly üns berýärdi. Ol çagalaryna we agtyklaryna hem terbiýe berip, ylym-bilim bilen meşgullanmagy çagalykdan ýüregimize guýan ynsandy. Şonuň üçin ylym-bilim bilen meşgullanmagyma garry atam Geldi mugallymyň siňdiren yhlasy has uly. Ol çaga wagtymyz daşyna üýşürip, halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan matallary aýdyp, çagalykdan pikirlenmek ukybymyzy baýlaşdyrmagymyza ýardam ederdi. Garry atam bir gün: «Oňurgasy odundan, her kim içer süýdünden» diýip bize bir mataly orta atdy. Eger şu matalyň jogabyny kim bilse, 1 sany towugy täze çykan jüýjeleri bilen berjekdigini aýdyp, bu gezekki söhbedi has-da gyzyklandyrdy. Biz doganlarymyz bilen her hili jogaplary berdik. Näçe synanyşsak-da, dogry jogaby tapyp bilmedik. Şonda garry atam: «Bu sowalyň jogaby guýudyr» diýdi. Soňra bize şol guýular barada gyzykly gürrüňleri berdi. Guýular halkymyzyň, ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertiniň aýrylmaz bölegidir. Olar il içinde gadymy suwaryş hem-de agyz suwy bilen üpjünçilik desgalarynyň bir görnüşi hökmünde bellidir. Tutuş çägi boýunça alnanda Jeýhun, Murgap, Tejen, Etrek ýaly ululy-kiçili derýalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň tebigy suw üpjünçilik desgalarynyň üstüni ata-babalarymyzyň paýhasy bilen oýlanyp tapylan we ösdürilen daglyk ýerlerden pese inýän kärizler, düzlük, sähralyk ýerlerde gazylan guýular uly orun tutupdyr. Häzirk

Gymmatly miras

Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýär. Türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň çap edilmegi bolsa, bu ýylyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz üçin mynasyp sowgat boldy. Bu gün türkmen nusgawy edebiýatynda ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik diline ýakynlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaş nesillerde uly gyzyklanma döredýär. Magtymguly şahyryň täze ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatdaky pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlary saýlanyp alnandyr. Beýik şahyryň döredijiliginde watançylyk temasy aýratyn orun eýeleýär. Kitapda şahyryň önüp-ösen ýeriniň tebigy gözelligini wasp edýän «Soňudagy», «Hasar d

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­na hal­ka­ra de­re­je­sin­de go­ýul­ýan hor­mat

Kýort EDWARDS,Jon Denton (Amerikanyň Birleşen Ştatlary)

Gyz edebi — gyzyl gül

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleriň biri hem ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda amala aşyrýan beýik işleri türkmen ýaşlaryna bagtyýarlyk paýlaýar. Biziň ýaşlarymyzyň ykbal paýyna düşen bu bagtyýarlygyň keşbi hem alyp barýan işlerinde bütin ajaýyplygy bilen şöhlelenýär. Ene-mamalarymyzyň gyzyldan gymmatly maslahatlarynyň, öwüt-ündewleriniň ýaşlarymyza edýän täsiriniň hümmetini hiç zat bilen deňäp bolmaz. Şonuň üçinem bu asylly däplerden ugur alyp, kümüş saçly enelerimiz ýaşlarymyzyň arasyna ýygy-ýygydan myhmançylyga çagyrylyp, olaryň gyzyldan gymmatly maslahatlary, öwüt-ündewleri olara ýetirilip durulýar.

Şygryýet äleminiň sönmez çyragy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many-mazmun bar. Çünki, 2024-nji ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram ediljekdigi il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.

Dün­ýä we Mag­tym­gu­ly

Tür­ki­ýe­de Go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da­ky il­çi­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan dost­luk­ly ýur­duň bel­li sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi bo­lan Kap­pa­do­ki­ýa se­bi­tin­de baý maz­mun­ly çä­re­le­riň bir­nä­çe­si ge­çi­ril­di. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li, türk­men we türk baý­dak­la­ry, şa­hy­ryň su­ra­ty ýer­leş­di­ri­len ban­ner bi­len be­ze­len ho­wa şar­la­ry­nyň 300-si­niň Kap­pa­do­ki­ýa­nyň as­ma­ny­na uçu­ryl­ma­gy şol çä­re­le­riň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bol­dy. «Gö­re­me» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk se­ýil­gä­hi­niň çä­gi­ne gir­ýän Mes­ken­dir jül­ge­sin­den ba­dal­ga alan şar­la­ryň uçu­şy daň şa­pa­gy­nyň do­gup gel­ýän pur­sat­la­ryn­da bir sa­ga­da go­laý do­wam edip, bu öz­bo­luş­ly sy­ýa­ha­ta gat­naş­ýan­la­ra-da, ola­ra syn ed­ýän myh­man­la­ra-da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri ba­gyş­la­dy. Bu çä­rä­niň Ýew­ra­zi­ýa yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar as­so­sia­si­ýa­sy (EkoAvra­sya) ta­ra­pyn­dan bel­li bir şah­sy­ýe­tiň hor­ma­ty­na gu­ra­lan il­kin­ji ho­wa fes­ti­wa­ly hök­mün­de ha­sa­ba alyn­ma­gy we türk­men ta­ra­py­na de­giş­li gü­wä­na­ma­nyň gow­şu­ryl­ma­gy mil­li şa­hy­ry­my­zyň dog­lan gü­nü­niň şa­ny­na ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­la­ryň kö­pö­wüş­gin­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­niň, ola­ryň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de-de giň­den yk­rar edil­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­ne öw­rül­di.

Gadymy Änew söwda-kerwen ýolunyň iri halkasy

Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndaky üstünliklerini täze belentliklere çykarýan «Pähim-paýhas ummany  Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet»  atly  dürdäne eserindäki «Ýurduň taryhynda bellenilip geçilýän şanly wakalar göwün joşduryjy ýakymly täsiri bilen adamlaryň ýadynda galýar» diýen parasatly sözleriniň hakykatyny dabaralandyrýar.  Halkara jemgyýetçiliginde nygtalyşy ýaly, medeniýetleriň dostlugy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň ýoluny gurýar. Hyzmatdaşlyk ýollary bolsa ykdysadyýetleri ösdürýär. Ykdysadyýetleriň ösmegi bolsa halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Bagtyýar durmuş bolsa medeniýetleri dostlugyň we hyzmatdaşlygyň täze dessurlar bilen baýlaşmagyna ýardam edýär.  Şonuň özi hem medeni çäreleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýändigini görkezýär.

Döwletlilik taglymaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, her bir türkmen raýaty pederlerimiziň arzuwlan berkarar ýurdunyň raýatydygyna guwanyp, buýsanyp ýaşaýar. Hukuk döwletimizde kanunyň mizemezligini gazanmak, Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, beýleki kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk hem-de birmeňzeş berjaý edilişine, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek möhüm wezipe bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň  dana Pyragy  bilen baglanyşdyrylmagynda uly many bar. Munuň özi türkmen edebiýatyna, medeniýetine, şygryýetine goýulýan bimöçber hormatyň nyşanydyr. Dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny äleme äşgär eden beýik söz ussady her bir türkmeniň kalbynda, aňynda mydamalyk orun aldy. Akyldaryň halkyň söýgüsine mynasyp bolan ajaýyp eserleri ýaş nesilleri terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Magtymgulynyň ebedi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri adamkärçiligiň,  ahlagyň, mertligiň, salyhatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçegi bolup halkymyzyň arasynda asyrlarboýy ýaşap gelýär.

«Adam görki akyl...»

«Adam görki — akyl, söz görki — nakyl». Bu jaýdar jümle kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde, ýagşy-ýamany saýgarmakda, azaşany dogry ýola salmakda, durmuşda öz ornuňy tapmakda ata-babalarymyzyň paýhasy bilen durmuşyň edep kadalaryna öwrülen nakyllaryň ornunyň örän uludygyny äşgär edýär. Parasatly pederlerimiz her bir zadyň, salamlaşmagyň, köpçülikde oturyp-turmagyň, özüňi alyp barmagyň, näsagy soramagyň, myhman garşy almagyň, goňşuçylyk edebiniň, çörek iýmegiň, geýinmegiň we özüňe timar bermegiň, şaý-sep dakynmagyň, hatda sözleýşiň hem özboluşly edep kadalaryny sünnäläp, bize nakyllary we atalar sözlerini miras galdyrypdyrlar. Nakyllar geçmişiň hakydasyny, halkymyzyň durmuş tejribesini özüne siňdirip, pikir çugdamlygy, many goýazylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Nakyl arkaly düşündirilýän oý-pikir adamyň ýüregine jüňk bolýar, aň-düşünjesini ýiteldýär. Pederlerimiziň: «At gylygyndan iýmini artdyr, gyz gylygyndan — sepini» diýen nakylyny mysal alsaň, onuň aňyrsynda giden bir many bar. Nakylda bedew atyň duýgurlygy, syzgyrlygy, eýesine wepadarlygynyň özüne hormat getirýändigi, bedewiň öz iýmini artdyrýandygy bilen birlikde durmuşa çykjak gyz maşgalanyň şaý-sepiniň, tikin-çatyn işleriniň barha artýandygy beýan edilýär. Sebäbi türkmen maşgalasynda gyz perzent eli iňňe tutmaga ýarandan oňa hünär öwredilýär. Ilki bir bölejik matanyň ýüzüne gaýma gaýadyp, keşde çekdiri

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen tebigatynyň waspy

Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşap, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr» diýen ajaýyp jümlesi şahyryň watançylyk duýgusyna berlen belent bahadyr. XVIII asyrdan bäri halkymyzyň ýüreginde ýaşaýan türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde giňden bellenilýän ýylynda uly many-mazmuna eýe bolýar. Magtymguly atamyzyň döredijiligi mowzuk taýdan köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Şahyryň ýüzlenen esasy mowzuklarynyň biri türkmen tebigatydyr. Bu mowzuk akyldar şahyryň döredijiliginde mazmun taýdan has çuňlugy we gözelligi bilen ýüze çykýar. Şahyryň gözel tebigatymyza degişli şygyrlary edebiýat nazaryýetinde tebigatyň suraty diýlip öwrenilýär. Eýsem, lirikada tebigatyň suraty näme?

Gymmaty egsilmeýän hazyna

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde taryhda öçmejek yz goýan meşhur şahsyýetlerimiziň edebi mirasyny, bitiren beýik işlerini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Magtymguly» atly sowgatlyk ýygyndysy, magtymgulyşynaslaryň ylmy-monografik gollanmalary ýaly eserleriň ençemesiniň kitaphanamyzyň baý hazynasynyň üstüni ýetirmegi okyjylaryň sanynyň artmagyna uly täsirini ýetirdi. XVIII asyryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyryjy hökmünde tanalýar. Onuň şygyrlary şol döwrüň möhüm wakalaryny özünde jemleýär. Akyldar şahyryň döredijiligi özüniň köpöwüşginliligi bilen halkyň ruhy dünýäsine has-da içgin aralaşdy. Şahyryň döredijiliginde mertlik, kalby päklik, ula-kiçä hormat goýmak, tebigata söýgi, ynsanperwerlik, rehimdarlyk ýaly pikirler öňe sürülýär. Şonuň üçin şahyryň goşgulary dünýä halklary üçin hem edebi gymmatlyga öwrülip, daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edildi we dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyrdy. Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, türkmeniň şöhratyna şöhrat goşýar. Golaýda paýtagtymyzda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi, oňa d

Milliligimiziň sarpasy

Halkymyzyň birnäçe milli gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy biziň buýsanjymyzy hasam artdyrýar. Şolar bilen bir hatarda, türkmeniň keşdeçilik sungatynyň hem şol sanawa girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Sebäbi amaly-haşam sungatynyň has irki görnüşleriniň biri bolan keşdeçilik sungaty — gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan syzylyp çykyp, döwürleriň waspyny edýän sungat. Häzirki wagtda bu sungat diňe bir ýurdumyzyň çäginde ýaýraman, eýsem, dünýä döwletleriniň hem nazaryny özünde egläp bilýär. Ir wagtlar ýerine ýetirilen keşdäni görüp, şoňa görä keşdeçi zenanyň häsiýetini hem kesgitläp bilipdirler. Sebäbi gelin-gyzlarymyz bu sungaty ýerine ýetirenlerinde, öz ýürek telwasyny, duýgusyny siňdiripdirler. Keşdeçilik sungatynyň özi inçe duýgurlylygy, sabyrlylygy talap edýär. Ýönekeýje dürli sapaklardan matanyň ýüzünde ajaýyp sungaty döredip, onam toý-baýramlarda gelşirip, eginlerine geýmek diňe türkmen zenanlarynyň başarýan ussatlygydyr. Ajaýyp döwrümizde milli mirasymyz, şol sanda gadymy keşdeçilik sungatymyz täze many-mazmuna beslenýär. Zenanlarymyz inçe el senediniň dürli usullaryna, tärlerine, gadymy nusgalara döwrebap öwüşgin berip, has-da kämilleşdirýärler. Şeýlelikde, halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgalarynyň biri bolan keşdeçilik sungatyny gorap saklamak, onuň gadymy nusgalaryny geljekki nesillere ýetirmek ugrunda