Döwletlilik taglymaty

14 Noýabr 2024
227

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, her bir türkmen raýaty pederlerimiziň arzuwlan berkarar ýurdunyň raýatydygyna guwanyp, buýsanyp ýaşaýar. Hukuk döwletimizde kanunyň mizemezligini gazanmak, Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, beýleki kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk hem-de birmeňzeş berjaý edilişine, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek möhüm wezipe bolup durýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň  dana Pyragy  bilen baglanyşdyrylmagynda uly many bar. Munuň özi türkmen edebiýatyna, medeniýetine, şygryýetine goýulýan bimöçber hormatyň nyşanydyr. Dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny äleme äşgär eden beýik söz ussady her bir türkmeniň kalbynda, aňynda mydamalyk orun aldy. Akyldaryň halkyň söýgüsine mynasyp bolan ajaýyp eserleri ýaş nesilleri terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Magtymgulynyň ebedi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri adamkärçiligiň,  ahlagyň, mertligiň, salyhatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçegi bolup halkymyzyň arasynda asyrlarboýy ýaşap gelýär.

Aba ATAÝEW,
Bäherden etrabynyň prokurory, ýutisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar