Gymmaty egsilmeýän hazyna

13 Noýabr 2024
307

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde taryhda öçmejek yz goýan meşhur şahsyýetlerimiziň edebi mirasyny, bitiren beýik işlerini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Magtymguly» atly sowgatlyk ýygyndysy, magtymgulyşynaslaryň ylmy-monografik gollanmalary ýaly eserleriň ençemesiniň kitaphanamyzyň baý hazynasynyň üstüni ýetirmegi okyjylaryň sanynyň artmagyna uly täsirini ýetirdi.

XVIII asyryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyryjy hökmünde tanalýar. Onuň şygyrlary şol döwrüň möhüm wakalaryny özünde jemleýär. Akyldar şahyryň döredijiligi özüniň köpöwüşginliligi bilen halkyň ruhy dünýäsine has-da içgin aralaşdy. Şahyryň döredijiliginde mertlik, kalby päklik, ula-kiçä hormat goýmak, tebigata söýgi, ynsanperwerlik, rehimdarlyk ýaly pikirler öňe sürülýär. Şonuň üçin şahyryň goşgulary dünýä halklary üçin hem edebi gymmatlyga öwrülip, daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edildi we dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyrdy. Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, türkmeniň şöhratyna şöhrat goşýar. Golaýda paýtagtymyzda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi, oňa dünýäniň ençeme ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylarynyň, belli alymlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmaklary nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine dünýäde uly sarpa goýulýandygyndan nyşan.

Aýna ANNAMYRADOWA,
welaýat kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar