Haly halkymyzyň kalbydyr

20 Noýabr 2024
250

Dünýäniň medeni mirasynda türkmen halysy baky gözelligiň we nepisligiň, ajaýyp bir sungatyň gaýtalanmajak nusgasy bolup orun tutýar. Haly türkmen halkynyň hiç bir halkyňka meňzemeýän gadymyýeti, unudyp bolmajak taryhydyr.

Irki döwürlerde türkmen topragyna gadamy düşen meşhur syýahatçy Marko Polo öz golýazmalarynda türkmen halylarynyň dünýäde iň inçe we owadan halylardygyny belläp geçipdir. Şeýle mukaddesligi döretmegiň, ony asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirmegiň hut türkmen gelin-gyzlarynyň paýyna düşmeginiň ajaýyp manysy bardyr. Türkmen zenanlary mert, kanagatly, arly-namysly ogullaryň eneleri bolup, özleri hem gaýratlylygyň, sabyrlylygyň we päkligiň asyl nusgalarydyr. Diňe şeýle zenanlar barmaklarynyň hünäri bilen çyn gözelligi döredip bilerler. Şeýle kämilligi döredip bilýän zenanlary bolan halk beýikdir.

Muhabbat BABANAZAROWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar