Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Abadançylygyň aýdyň ýoly

Binýady pähim-parasatdan tutulan türkmen diplomatiýasy ynsanperwerligi, agzybirligi, halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramakda dünýä nusgalyk taglymat bolup äleme dolýar. Dünýäde parahatçylyk hakyndaky taglymatlaryň barha kämilleşmegini isleýän türkmen Lideri parahatçylygy döretmek sungatyny dünýä ýaýýar. Kökleri ata-babalarymyzyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerinden gözbaş alýan, dünýä ösüşiniň çarhyna bat beren türkmeniň Bitaraplyk daragtynyň köki has berkäp, parahatçylyk taglymatyna öwrülýär. Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk. Bu iki mukaddeslik indi çärýek asyrdan gowrak wagtyň içidir dünýä kartasyna sünnälenip çekilen keşde ýaly ýaraşyp duran Türkmenistan döwletiniň goşa ganaty, milletimiziň döwletliliginiň güwäsidir.

BITARAPLYK, PARAHATLYK BIZIŇ SAÝLAN ÝOLUMYZ

Dünýä içre belent mertebä eýe bolan ata Watanymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän şanly ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerýän Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasatynda parahatçylyk taglymatyna berk eýerýär. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine pugta eýerýän Türkmenistan döwletimizde hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy uly dabaralara beslenýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiliginde eýeleýän orny barada bagtyýar ildeşlerimiz ýürek buýsançlaryny beýan edýärler. Bitaraplyk — milli ýörelgelerimiziň özeni

Watan goragy mukaddesdir

Hormatly Prezidentimiziň asly halallyga, nuranalyga ýugrulan halkymyzyň merdi-merdanalyga, watanperwerlige sarpasy Watan goragçylary hakynda yzygiderli edýän aladalarynda aýdyň ýüze çykýar. Uly rowaçlyklara beslenýän galkynyşly döwrümizde durmuşa geçirilýän harby özgertmeler giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Milli goşunymyzyň harby kuwwaty pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertleri has-da gowulandyrylýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 4-nji dekabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyza laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny hem-de bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen bagly kesgitlän wezipeleri bizi jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy, hukuk tertibini üpjün etmek ugrundaky mukaddes borjumyza has-da jogapkärli çemeleşmeklige ruhlandyrýar. Biz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sargyt edişi ýaly, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjiligini, edermenligini we mertligini mynasyp dowam etdirip, eziz Wat

Baýramçylyga bagyşlandy

Golaýda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 29 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Hojambaz etrap we Türkmenabat şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk – bagtyýarlygyň binýady» atly maslahat geçirildi. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen maslahata TDP-niň Hojambaz etrap hem-de Türkmenabat şäher komitetleriniň işjeň agzalary, goňşy etraplardan gelen myhmanlar gatnaşdy.

Şöhratly zamana

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel Diýarymyzda toýlar toýlara ulaşýar. Häzirki ajaýyp günlerde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllyk toýuna uly buýsanç, ruhubelentlik bilen barýarys. Ata-babalarymyzyň arzuwlan şanly Garaşsyzlygy, baky Bitaraplygy bu gün beýik ösüşler bilen dabaralanýar. Mukaddes Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň goşa ganatydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan bäri geçen döwrüň dowamynda baky Bitarap Türkmenistan halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli berkidýär, parahatçylygy goldaýar, beýleki döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä derejesinde dabaralanýan zamanasy boldy. Garaşsyz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, parahatçylygy gorap saklamak we dürli döwletleriň arasynda özara ynanyşmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry — Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi we degişli Kararnamany kabul etdi. Bu resminamada, hususan-da, sebitde hem-de dünýäde parahatçyl

Parahatlyk — dillerimiziň senasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyz ösüşleriň täze belentliklerine eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 29 ýyllyk baýramyny ajaýyp wakalar, buýsandyryjy netijeler bilen garşylaýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berilýär. Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasynda «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir» diýlip bellenilýär. Şeýlelikde, Konstitusiýada hemişelik Bitaraplygyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygy aýratyn orun alýar. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe sessiýalarynda wise başlyklyk etdi. Döwletimiz bu abraýly wezipäni 79-njy sessiýada hem ýerine ýetirýär. Häzirki wagta çenli türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň onlarçasy kabul edildi. Ýurdumyzyň teklibi boýunça her ýylda halkara seneleriň üçüsi — 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni, 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni, 26-njy noýabrda bolsa Bütindünýä durnukly ulag güni bellenilýär. Munuň özi BMG tarapyndan Türkmenistanyň sebitdäki

Belent mertebe

Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk eziz Watanymyzyň goşa ganaty, goşa baýramy. Bu gün ümmülmez Diýarymyz, bagtyýar halkymyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden ýörite Kararnamasy bilen dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda tassyklanan şanly Bitaraplygynyň 29 ýyllygyny uly joşgun, zähmet üstünlikleri bilen belleýär. Dünýäniň bu abraýly halkara guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek tassyklanmagy bolsa halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Geçen ýyllaryň dowamynda hemişelik Bitaraplyk syýasaty jemgyýetimiziň, halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu düşünje Esasy Kanunymyzda, Döwlet senamyzda, baýdagymyzda hemişelik orun aldy, dilimiziň senasy boldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilen güni milli hem halkara baýram hökmünde kalplarymyza ornaşdy. Türkmenistan baky Bitaraplygyň mekanyna öwrüldi. Bitaraplyk syýasatynyň saýasynda halkymyz parahatçylyk tuguny buýsançly parladýar.

Asudalygyň Watany

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda tutuş dünýäde parahatçylygy we rowaçlygy berkarar etmek, durnukly ösüşi pugtalandyrmak babatda beýik işleri üstünlikli amala aşyrýar. Berkarar Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy dünýäsine, däp-dessurlaryna, beýik ynsanperwerligine esaslanýar. Bu bolsa häzirki döwürde umumadamzadyň arzuwydyr, islegidir. Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň durmuşynda bedew batly beýik ösüşleriň, rowaçlyklaryň, asudalygyň, parahatçylygyň dabaralanmagynda möhüm orun eýeleýär. Bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgeleri türkmeniň ýaşyl Tugunda hem aýdyň şöhlelendirilýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi belent maksatlardan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyna häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryň möhüm pelsepesi hökmünde garalýar.

Döwletlilik daragty

Bitarap Diýarymyz, gör, neneňsi bezemen, arassa, owadan toý lybasynda. «Türkmenistanyň baky Bitaraplygyna 29 ýyl» diýen owadan ýazgy, köçeleri nurlandyryp, bezäp oturan her dürli elektrik çyrajyklardaky şygarlar her bir türkmen raýatynyň kalbynda şatlykly toý joşgunyny döredýär, buýsandyrýar, guwandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen merjen şäherimiz Aşgabadyň merkezinde Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny dünýä tanatmaga şert döretdi. Şu ýyl Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de türgenlerimiziň dünýä ýurtlarynda geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşyp, gazanýan üstünlikleri, ýaşyl Tugumyzy ýeňişleri bilen buýsançly parlatmaklary döwletimiziň bize beren bagtydyr.

Bitaraplyk baky şuglasyn saçsyn!

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdepde baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk baky şuglasyn saçsyn!” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen dabarada mekdep okuwçylarynyň, çagalar ýetginjekler döredijilik öýüniň aýdym-saz, tans toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki belent owazly aýdym-sazlara, tans çykyşlaryna giň orun berildi. Sungat çykyşlarynda Watanymyzyň dünýäde arşa galýan şan-şöhraty, asuda, abadan durmuşymyz, dost-doganlyk joşgunly beýanyny tapdy. Çagalaryň labyzly okan goşgulary dabara gatnaşyjylarda uly täsirleri döretdi. Ruhubelentlige beslenen dabara gatnaşanlar baky Bitarap Watanymyzy bedew bady bilen uly ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Bitaraplyk — baky bagtyýarlyk

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň täze taryhy şöhratly işlere, belent derejelere beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar halkymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ajaýyp wakalara, ösüş-özgertmelere şaýat bolýar, her bir toý-baýramy agzybirlikde giňden belläp geçýär. Ýene sanlyja günden eziz Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramy dabaralary uludan dabaralandyrylar. Bitaraplyk baýramy — naýbaşy seneleriň biri. Ählimize mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Agzalan resminamanyň kabul edilmegi tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin hem örän ähmiýetli we taryhy waka boldy. 2015-nji ýylda hemişelik Bitarap döwletimiziň hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen gaýtadan ykrar edildi. Munuň özi taryhy waka öwrülip, halkymyzda hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýyna buýsanjyny goşalandyrdy.

Parahatçylygyň belentden ýaňlanýan mukamy

Gadymy türkmen topragyndan gözbaş alýan dostluk ýollary dünýä ýurtlaryna ýaýrap, söýgi, mähir paýlaýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanylýan Türkmenistan gadymy ýoly täzeden dikeldip, hoşniýetli gatnaşyklary bilen dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň, ynanyşmagyň Watany hökmünde uly abraýa, şan-şöhrata eýedir. Sebäbi ýurdumyzyň daşary syýasatynda ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýörelgeleri esas edilip alnandyr. Munuň özi halkymyzyň bütin taryhynyň dowamynda türkmeni tanadan ajaýyp ýörelgelerdir. Her bir işi saldarlap görýän, maslahatlaşyp edýän halkymyzyň elmydama parahatçylygyň, oňşukly ýaşaýşyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň tarapdary bolandygyna taryh şaýatdyr. Muny gadymy Beýik Ýüpek ýoly arkaly syýahat eden jahankeşdeleriň, alymlardyr taryhçylaryň bize galdyryp giden ýazgylarynda açyk-aýdyň görmek bolýar. Halkymyzyň parahatçylyk söýüji ýörelgeleri häzirki döwürde döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk-doganlyk sazy» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Parahatçylyk, munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr. Sag-salamatlyk, abadan durmuş köňülleriň heňňama ýazan mukamydyr». Häzirki döwürde bu ajaýyp mukam dünýä ýurtlarynda belentden ýaňlanýar.  Ýurdumyzyň ýöredýän ynsanperwer daşary syýasatynyň dabaralanýandygyny döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlar

Halkymyzyň beýik gymmatlygy

Ata Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasaty ynsanperwerlik, adalatlylyk, ynanyşmak, parahatçylyk ýörelgelerini, adamzadyň abadan durmuşy hakyndaky aladany özünde jemleýär. Halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen bu hoşniýetli ýörelgeleri daşary syýasatymyzda, bitaraplyk taglymatymyzda öz beýanyny tap-ýar. «Goňşy aşy — göwün hoşy», «Goňşy goňşyň hem görki, hem örki» diýýän halkymyzyň goňşokara däp-dessury çygryny giňeldip, bu gün dünýä halklarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklarda täze mazmunda dabaralanýar hem-de dünýä ykrarnamasyna eýe bolýar. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedigi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň onuň içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýändigi barada aýdylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň beýik gymmatlygydyr. Ýer ýüzünde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Bitaraplygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmak babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Şol beýik işleriň netijesinde eziz Diýarymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Muny Birleşen Milletl

Bitaraplyk — baky buýsanç

Ata Watanymyz uly ösüş-özgerişlere beslenýär. Şeýle ösüşler gözbaşyny mukaddes Garaşsyzlygymyzdan, hemişelik Bitaraplygymyzdan alyp gaýdýar. Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň beren bagtynyň näderejede gymmatlydygyna durmuşa geçirilen özgertmelerden, ýetilen belent sepgitlerden, gazanylan üstünliklerden göz ýetirmek bolýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi gitdigiçe ýokarlanýar, azyk we ekologiýa howpsuzlygy yzygiderli berkidilýär. Täze oba-şäherler, dürli maksatly binalardyr desgalar ulanmaga berilýär. Adamlaryň zähmet bilen dynç alşynyň nusgalyk sazlaşygy ýola goýulýar. Amala aşyrylan we aşyrylýan işleriň hemmesi halkymyzyň bolelin ýaşaýşyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler ýeneki üstünliklere badalga bolýar we olar hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň rowaçlyklara beslenýändiginiň subutnamasydyr.

Bagtyýarlyk şuglasy

Dünýäde parahatçylygy goldaýan eziz Watanymyzyň Bitaraplygy halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmaga hyzmat etmek bilen, parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň barha rowaçlanmagy üçin ajaýyp şertleri döredýär. Bitaraplygymyz bagtyýarlyk aýdymymyz bolup, bizi ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar hem-de kalbymyzda buýsanç duýgularyny artdyrýar. Türkmen döwletiniň hoşniýetli bitaraplyk syýasaty parahatçylyk söýüjiligiň we dostlugyň güýjüne daýanýar. Hut şonuň üçinem halkara derejede ykrar edilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejämiz halkara durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, parahatçylyk arkaly ösüşleri gazanmakda, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda gymmatly taglymat bolup orta çykdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr». Dünýä halklarynyň bagtyýar we abadan durmuşy ugrunda tutumly işleri alyp barýan, döwlet syýasatynda parahatçylygy dabaralandyrýan berkarar ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň şanly 29 ýyllyk toýuny belent dabaralara besleýär. Dünýä möçberinde Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenýän bu baýram merdana halkymyzyň ýüreginde baky orun alan bagtyýarlyk hem buýsanç baýramydyr. 

Dost-doganlygy ösdürýän ýörelge

Berkarar döwletimiziň berk binýady bolan baky Bitaraplygymyz ýurdumyzyň ykdysady ösüşini hem-de abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, dünýäde ykrar edilen döwlet syýasaty netijesinde hemişelik Bitaraplyk derejämiz özüniň many-mazmuny hem-de mümkinçilikleri bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna we gyzyklanmasyna mynasyp bolýar. «Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyz dünýäde we sebitde parahatçylygy pugtalandyrmaga, daşary döwletler bilen hoşniýetli, dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamaga aýratyn üns berýär. Täze taryhy döwürde ýurdumyz bitaraplygymyzyň ýörelgelerine uly üns bermek arkaly, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen ählumumy bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeldýär, milli hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen başlangyçlary orta atýar, olaryň durmuşa geçirilmegi babatda zerur tagallalary edýär. Öz borçnamalaryna hemişe ygrarlydygyny anyk tutumlaryň üsti bilen tassyklaýan eziz Diýarymyzyň halkara abraýy barha artýar. Bu bolsa gün-günden rowaçlanýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan söýgi-buýsanjymyzy artdyrýar. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň at-abraýy, mertebesi mundan beýläk-de

Agzybirlik suprasy

Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesi ýurdumyzda, şeýle-de halkara gatnaşyklarynda sazlaşykly ösüşi üpjün etmegiň binýatlaýyn esasy bolup çykyş edýär. Bitaraplygyň agzybir ýaşaýyş, asuda, parahat durmuşdygyna, abadançylykly ösüşdigine oňat düşünýän halkymyz hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldaýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi şol başlangyçlaryň dünýä döwletleri tarapyndan hem goldanylýandygyna şaýatlyk edýär. Milletler Bileleşiginiň yglan eden geljek ýylyň şygary halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň döwrüň derwaýys zerurlygyna öwrülýändigini görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz amala aşyrylmaly giň möçberli işler, iri taslamalar barada belläp geçende, biz bu belent maksatlaryň binýadynda duran kuwwatly, egsilmez güýjüň agzybirlikdigini kalbymyz bilen duýýarys. Halkyň jebisligini, ýurduň asudalygyny syýasy başarnyk, çuňňur paýhas bilen gazanmagy başarýan hormatly Prezidentimiziň abraý-mertebesiniň, öňdengörüjilikli syýasatynyň dünýäde barha beýgelýändigine buýsanýarys. Türkmen halky bitaraplyk ýörelgesine agzybir ýaşamagy başarmak, parahatçylygy binýat edýän we gorap saklaýan gymmatlyklary dabaralandyrmak, birek-birege ynanyşmak ýollaryny gurup, bilelikde ösüşleri gazanmak ýaly düşünjeleri sy

Bitaraplyk — parahatçylyk binýady

Eziz Watanymyzyň BMG-niň agza döwletleri tarapyndan yglan edilen hem-de durmuşa geçirýän bitaraplyk syýasaty dünýä ýurtlarynyň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedir. Bu gün ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgeleri sebit hem-de ählumumy derejede halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny goldamaga gönükdirilen howpsuzlyk taglymyny öňe sürmek arkaly işjeň bitarap syýasatyny durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň baky Bitaraplygy we onuň taryhy kökleri, häzirki döwri hem-de geljegi umumy ykrar edilen halkara kadalary bilen berk baglanyşyklydyr, çünki hemişelik bitaraplyk derejesiniň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Rezolýusiýalary durup, olarda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilýär we goldanylýar. Bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 12-nji dekabr BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.

Bitaraplyk — baky bagtyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyz maksada okgunly işjeň hem netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, açyklyk ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar. Hemişelik Bitaraplyk döwletimize sebitde we dünýäde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýdyň ýol açýar. Türkmenistanyň gysga wagtyň dowamynda dünýä giňişliginde hoşniýetli daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet hökmünde bitiren hyzmatlary Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Bu gün hemişelik Bitaraplygyň beren miweleri biziň gündelik durmuşymyzda öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplyk derejämizi alamatlandyrýan zeýtun baldajyklary şekillendirilen tugumyz asuda asmanymyzda belentde parlaýar.

Dünýäde belent mertebe

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG tarapyndan ykrar edilenine 29 ýyl bolýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ileri tutýan we yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasy ugurlary, öňe sürýän wajyp başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan uly gyzyklanma we goldaw bilen garşylanýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen berkidildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň bu özboluşly hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe tarap ynamly barýan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagy bilen bilelikde, onuň dünýä syýasatyndaky täsirli orny has-da berkeýär. Hemişelik Bitaraplyk syýasaty türkmen halkynyň taryhdan gözbaş alýan parasatlylygyny şöhlelendirmek bilen, Tü