Bitaraplyk — baky buýsanç

4 Dekabr 2024
166

Ata Watanymyz uly ösüş-özgerişlere beslenýär. Şeýle ösüşler gözbaşyny mukaddes Garaşsyzlygymyzdan, hemişelik Bitaraplygymyzdan alyp gaýdýar. Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň beren bagtynyň näderejede gymmatlydygyna durmuşa geçirilen özgertmelerden, ýetilen belent sepgitlerden, gazanylan üstünliklerden göz ýetirmek bolýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi gitdigiçe ýokarlanýar, azyk we ekologiýa howpsuzlygy yzygiderli berkidilýär. Täze oba-şäherler, dürli maksatly binalardyr desgalar ulanmaga berilýär. Adamlaryň zähmet bilen dynç alşynyň nusgalyk sazlaşygy ýola goýulýar. Amala aşyrylan we aşyrylýan işleriň hemmesi halkymyzyň bolelin ýaşaýşyna gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler ýeneki üstünliklere badalga bolýar we olar hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň rowaçlyklara beslenýändiginiň subutnamasydyr.

Simnas KUBATOWA,
Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar