Agzybirlik suprasy

3 Dekabr 2024
186

Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesi ýurdumyzda, şeýle-de halkara gatnaşyklarynda sazlaşykly ösüşi üpjün etmegiň binýatlaýyn esasy bolup çykyş edýär. Bitaraplygyň agzybir ýaşaýyş, asuda, parahat durmuşdygyna, abadançylykly ösüşdigine oňat düşünýän halkymyz hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldaýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi şol başlangyçlaryň dünýä döwletleri tarapyndan hem goldanylýandygyna şaýatlyk edýär. Milletler Bileleşiginiň yglan eden geljek ýylyň şygary halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň döwrüň derwaýys zerurlygyna öwrülýändigini görkezýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz amala aşyrylmaly giň möçberli işler, iri taslamalar barada belläp geçende, biz bu belent maksatlaryň binýadynda duran kuwwatly, egsilmez güýjüň agzybirlikdigini kalbymyz bilen duýýarys. Halkyň jebisligini, ýurduň asudalygyny syýasy başarnyk, çuňňur paýhas bilen gazanmagy başarýan hormatly Prezidentimiziň abraý-mertebesiniň, öňdengörüjilikli syýasatynyň dünýäde barha beýgelýändigine buýsanýarys. Türkmen halky bitaraplyk ýörelgesine agzybir ýaşamagy başarmak, parahatçylygy binýat edýän we gorap saklaýan gymmatlyklary dabaralandyrmak, birek-birege ynanyşmak ýollaryny gurup, bilelikde ösüşleri gazanmak ýaly düşünjeleri sygdyrýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Sähetbike ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar