Dünýäde belent mertebe

3 Dekabr 2024
316

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG tarapyndan ykrar edilenine 29 ýyl bolýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ileri tutýan we yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasy ugurlary, öňe sürýän wajyp başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan uly gyzyklanma we goldaw bilen garşylanýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen berkidildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň bu özboluşly hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe tarap ynamly barýan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagy bilen bilelikde, onuň dünýä syýasatyndaky täsirli orny has-da berkeýär.

Hemişelik Bitaraplyk syýasaty türkmen halkynyň taryhdan gözbaş alýan parasatlylygyny şöhlelendirmek bilen, Türkmenistanyň häzirki döwürdäki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de dünýä bileleşiginiň ösüş hereketlerine sazlaşykly utgaşýar. Hemişelik Bitaraplyk döwletimize sebitde we dünýäde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýdyň ýol açdy. Türkmenistan gysga wagtyň dowamynda dünýä giňişliginde özboluşly daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatmak bilen, ylalaşdyryjy merkez hökmünde bitiren hyzmatlary Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi.

Gözel NEBIÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar