Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Başarjaňa iş tabşyrsaň...

Şu günler Watanymyzyň galla harmanyna 345 müň tonnadan gowrak guşgursak dänäni goşan Mary welaýatynyň «Marygallaönümleri» önümçilik birleşigine degişli galla kärhanalarynyň işgärleri galla kabul ediş kärhanalaryna daşalan däne hasylyny döwrebap elewatorlara ýerleşdirmek işlerini tamamladylar. Bu iş welaýatyň «Altyn sähra» galla önümleri kärhanasynda has hem göwnejaý amala aşyryldy. Sebitiň uzakdaky Oguzhan we beýleki birnäçe ýaýlalarynda şu ýylky ýetişdirilen bugdaý hasylyny bökdençsiz we talabalaýyk kabul etmek hem-de kärhananyň 50 müň tonna galla hasylyny uzak möhletleýin saklamak üçin niýetlenen döwrebap elewator möwsüme öňünden ýokary hilli taýýarlanypdyr. Kärhananyň galla kabul ediş merkezlerine tabşyrylan galla hasylyny elewatorlara we onuň ammarlaryna daşamakda «Mary awtoulag» önümçilik birleşiginiň ýokary ýük göterijilikli ulaglarynyň üznüksiz işledilmegi bilen, bu ýerde her günde bugdaý hasylynyň ýüzlerçe tonnasy elewatorlara ýerleşdirildi. Ýygnalan däne hasylyny ýokary hil derejesinde uzak möhletleýin saklamak ýaly jogapkärli wezipäni öz üstüne alan kärhananyň elewatorlarynyň önümçiligi kompýuter tehnologiýasy esasynda dolandyrylýar. Enjamlaryň talabalaýyk işledilmegi elewatoryň içiniň howalandyryş ulgamynyň çyglylyk derejesiniň tehnologiýa talaplaryna laýyk bolmagyna şert döredýär. Bu bolsa däne hasylynyň uzak möhletleýin, ýokary hilli saklanylmagyny üpjün edýär.

Ýüwrük elli — ýygymda belli

Ekerançylykda gowaça, galla, gant şugundyry ýaly esasy ekinleri ösdürip ýetişdirmekde we olaryň hasyllaryny öz wagtynda ýygnap, döwlet tabşyrygyny möhletinden öň ýerine ýetirmekde ýylyň-ýylyna gowy netijeleri gazanýan Mary welaýatynyň Garagum etrabynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 20 müň 400 gektarda «ak altynyň» bol hasyly kemala getirildi. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi we il sylagly ýaşulularyň «bismillasy» bilen sähetli gün köpçülikleýin girişilen pagta ýygymynyň depgini bu ýerde barha ýokarlanýar. 48 müň 900 tonna «ak altynyň» Watanymyzyň beýik harmanyna tabşyrylmagy üçin «Ýaryşly iş — ýeňişli iş», «Işeňňir ýaryşda belli» diýen ýaly şygarlary baýdak edinip, zähmet çekýän pagtaçylaryň iri jemgyýetçilik guramalary, aýratyn hem, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan ýüwrük elli ýygymçylaryň, kombaýnçylaryň, hasyl daşaýjylaryň arasynda yglan edilen ýaryşlaryň ýygy-ýygydan jemlenilip, üstün çykyjylaryň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylmagy bolsa, ýakymly hakykat. Şol hakykata öz işleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirip gelýän Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri ýakynda Garagum etrabynyň «Baýramaly» daýhan birleşiginde bolup, pagta ýygymy möwsüminde öňe saýlanýan ýygymçylary iş üstünde sylagladylar. Bu höweslendiriji çärä şu günler aýratyn uly üns berilýändigi bolsa ýörite

... Güýzlük pugtanyňky

Ýakynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilendigi, olaryň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» diýlip atlandyrylandygy hakyndaky habar göwnümizi göge uçurdy. Bugdaý türkmen topragynda ekilýän esasy dänelik ekindir. Türkmen daýhany bugdaýyň ýazlyk we güýzlük görnüşlerini ýetişdirmegiň baý tejribesini toplapdyr. «Ýazlyk ýaltanyňky, güýzlük pugtanyňky» diýen nakyl hem şol tejribeden döräpdir.

Topragy gurplandyrmagyň ähmiýeti

Topragyň gurplulygynyň möhüm görkezijileriniň biri-de, onuň düzümindäki gumusyň saklanyş mukdarydyr. Toprakdaky gumusyň esasy bölegini emele getirmekde ýagyş gurçuklary uly ähmiýete eýedirler. Ýagyş gurçuklarynyň uzynlygy 2–3 santimetrden 50 santimetre, ýogynlygy 1 millimetrden 20 millimetre çenli ýetýär. Ýagyş gurçuklarynyň esasy iýmiti – ölen kökler hem-de ösümlik galyndylarydyr. Şol sebäpli hem olar topragyň ýokarky gatlagynda giňişleýin ýaýrap, işjeň hereket edýärler. Hakyky ýagyş gurçuklary çygly şertlerde aýratyn hem ýagyş ýagandan soň, ummasyz mukdarda topragyň iň üstki gatlagynda emele gelýärler. Ýagyş gurçuklary toprak bilen birlikde ösümlik galyndylarynyň, mikroblaryň, kömelekleriň, suwotularyň, nematodlaryň uly mukdaryny özüne sorup alýarlar. Olary dargatmak bilen kesel dörediji floranyň ösmegine päsgelçilik döredýän fermentleriň we witaminleriň uly mukdaryny bölüp çykarýarlar. Ýagyş gurçugynyň bedeninden geçen toprak tozama, suw we ýel eroziýa hadysalaryna garşy durmaga ukyply bolýar. Emele gelen gumus maddalary toprakda ösümligiň ösmegi üçin zerur bolan iýmit elementleriniň ýitgisiniň azalmagyna ýardam berýär.

Ýer daýhany dabanyndan tanarmyş

Gaty gatlak, Garagaty – sürülýän gatlagyň astyndaky dykyz gaty gatlak. Bu gatlak ýeriň çuň sürülmezligi netijesinde emele gelýär. Däneli ekinleriň we pagtanyň 70 – 80 göterim çemesi gaty gatlagy deşip ösüp bilmeýär. Netijede, ösümlikler oňat ösüp bilmeýänligi üçin hasyllylygy-da pes bolýar. * * *

«Ak altyn» — berekediň çeşmesi

Keremli topragymyzyň baýlyklary türkmeniň Hakdan halatly halkdygyna güwä geçýär. Bereketli güýz paslynda eziz Diýarymyzyň çar ýanynda ýaýylyp ýatan gowaçaly meýdanlarda pagta ýygymy möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýän döwründe gaýnap joşýan yhlasly zähmeti, pagta ammarlaryna tarap barýan tirkegleriň «ak kerwenini» synlanyňda, bu hakykata ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Güneşli ýurdumyzyň gowaça ösdürip ýetişdirmekde-de, ony gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri taýýarlamakda-da dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýändigi buýsanjyňy artdyrýar. Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr. Daýhanlarymyz gowaçanyň ýurdumyzyň şertlerinde üstünlikli synagdan geçen ýokary hilli sortlaryny ekýärler. Innowasion tehnologiýalara esaslanýan häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen dokma senagat kärhanalarynda pagtany gaýtadan işlemek arkaly öndürilýän önümler dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar.

Kärendeçileriň zähmet üstünlikleri

Täze eýýamymyzda bereket-bolçulygyň egsilmez çeşmesi bolup, täze güýç, zähmet joşguny bilen nurlanýan güýz paslynyň häzirki günleri Daşoguz welaýatynda hem pagta ýygymynyň depgini barha ýokarlanýar. Günüň nuruna ap-ak öwşün atyp, şugla saçýan «ak altynly» meýdanlar ir ertirden yhlasly herekete, ýakymly aladalara gurşalýar. Hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler bilen ruhlanýan, täzeçe işlemegiň asylly nusgasyny görkezýän demirgazyk sebitiň pagtaçy kärendeçileri, ussat ýer eýeleri ýokary hasyly ýygnap alyp, döwletimiziň belent harmanyna goşant goşýarlar. Gyzgalaňly dowam edýän ýygym möwsüminde tutanýerli işläp, ilkinji zähmet ýeňişlerini gazanýan kärendeçileriň sany hem günsaýyn köpelýär.

Pagtaçy ýaşlaryň işjeňligi

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda yhlas siňdirilip ýetişdirilen gowaça hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak işi Bäherden etrabynda guramaçylykly alnyp barylýar. Şu ýyl 12 müň 500 gektarda gowaça ýetişdiren etrabymyzyň babadaýhanlary häzirki jogapkärli möwsümde wagtyň her bir pursatyndan netijeli peýdalanyp, tutanýerli zähmet çekýärler. Bu işe ýaş pagtaçylaryň hem işjeň gatnaşmagy has-da guwandyrýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri bolup, ýaş pagtaçy kärendeçiler we ýygymçylar bilen iş üstünde duşuşyp durýarys, häzirki jogapkärli möwsümiň ähmiýeti hakda gürrüň berýäris. Gysga wagtlyk günorta arakesme wagtynda meýdan düşelgelerinde bolýan duşuşyklar pagtaçylarda uly täsirleri döredýär. Şeýle duşuşyklaryň barşynda pagta ýygymy möwsümine gatnaşyjylaryň armalaryny ýetirip, tapawutlanyp zähmet çekýän ýygymçylary höweslendirýäris. Pagtaçylary zähmet üstünligine ruhlandyrmakda şeýle höweslendiriş çäreleriniň ähmiýeti uludyr.

Pagta ýygymyna goşant

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgärleri möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barylýan döwründe ýaş zähmetkeşleriň armasyny ýetirip, öňdebaryjylary höweslendirip durýarlar. Bu asylly ýörelgä häzirki pagta ýygymy möwsüminde hem berk eýerilýär. Etrabymyzyň pagtaçy kärendeçileri tarapyndan şu ýyl 21 müň 900 gektar meýdanda pagtanyň ýokary hasyly ýetişdirildi. Bol-bereketli hasylyň ýetişdirilmeginde ýaş daýhanlaryň mynasyp paýy bar. Häzirki jogapkärli günlerde olar bol hasylly atyzlardaky pagtany isripsiz ýygnap almakda tutanýerli zähmet çekýärler. Pagta ýygymynda köp sanly ýaş ýygymçylar hem daýhanlara ýardam edýärler. Olar ir-ertirden giç agşama çenli gowaça meýdanlaryndaky ak patrak kimin açylan hasyly ýygnamakda yhlasly zähmet çekýärler. Ýaşlar guramasynyň wekilleri bolup, pagtaçylar bilen iş üstünde duşuşyp, olaryň armasyny ýetirip durýarys, aýratyn tapawutlanýan pagtaçy ýaşlara ýadygärlik sowgatlaryny gowşurýarys. Bu bolsa, olary zähmet üstünligine ruhlandyryp, gymmatly baýlygymyz bolan ak pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almaga bolan hyjuwyny artdyrýar.

Jogapkärli möwsüm

Gökdepe etrabynyň ak ekin ussatlary galla ekişine jogapkärli çemeleşýärler. Olar güýzlük däne ekişini talabalaýyk derejede, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmekde, bu işde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň netijeli ulanylmagyny gazanmakda tagallalaryny gaýgyrmaýar. Şu günler etrabymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ekiji traktorlarynyň onlarçasy bökdençsiz işledilýär. Bu bolsa ekiş geçirilýän meýdanlaryň geriminiň günsaýyn giňemegine itergi bolýar.

Pagtaçy daýhanlaryň üstünligi

Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri häzirki jogapkärli möwsümi ýokary depginlerde alyp barýarlar. Etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasyna degişli bolan traktorlaryň 24 sanysy, tirkegleriň 48 sanysy taýýar hasyly pagta kabul ediş harmanhanalaryna daşamakda peýdalanylýar. Şeýle hem pagta kabul ediş harmanhanalaryň 7 sanysy daýhanlaryň ýetişdiren hasylyny bökdençsiz kabul edýär. Ähli işleriň utgaşykly alnyp barylmagy netijesinde «ak altyn» harmanlary barha beýgelýär. Bellenen ýyllyk meýilnamany berjaý eden kärendeçilerden etrabyň «Derýalyk» daýhan birleşiginden Altyn Kylyçowa, Nazokat Durdymyradowa, «Täzegüýç» daýhan birleşiginden Magsat Meredow, «Kyrkgyz» daýhan birleşiginden Oguljemal Musaýewa, «Watan» daýhan birleşiginden Bossan Sähedowa, Ýazgül Agabaýewa, «Akderýa» daýhan birleşiginden Üzümgül Mätgurbanowa, «Zaman» daýhan birleşiginden Göwher Gölbaýewa, Güljahan Baýramowa dagyny görkezmek bolar. Bu kärendeçileriň gazanan ýokary netijeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna mynasyp zähmet sowgady boldy.

Welaýatymyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Hereketde bereket bar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 910 gektar meýdanda gaýratly zähmet çekip, «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdiren Görogly etrabynyň Hüdük Myradow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda pagta ýygymy badalga alan gününden bu derwaýys işe giň gerim berdiler. Şeýlelikde, olar güýz paslynyň häzirki günleriniň her bir pursadyndan ýerlikli peýdalanyp, pagta meýdanlarynda yhlasly iş alyp barýarlar. Şonuň netijesinde başarjaň kärendeçileriň pagta kabul ediş bölümine getirýän «ak altyn» hasylynyň möçberi barha artyp, harmanlary günsaýyn belende galýar.

Bol hasylyň binýady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýz paslynyň häzirki günlerinde gallaçy daýhanlaryň iş-aladalarynyň ýetikdigi hemmelere mälimdir. Çünki olar şu döwürde geljek ýylyň bol bugdaý hasylynyň düýbüni ykjam tutmaklygy, ýagny atyz-meýdanlarda ene topraga bereket tohumlaryny atmaklygy ýokary depginlerde dowam etdirýärler. Şeýlelikde, endigan ekiş geçirilen meýdanlar barha artýar. Boldumsaz etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlarynyň hem şeýle möhüm çäräni amala aşyrmakda ähli mümkinçiliklerden önjeýli peýdalanmak bilen, ýokary netijeleri gazanýandyklaryny bellemek bolar. Olar şu möwsümde 525 gektar meýdana bugdaý ekmegi maksat edinip, bu babatda ähli taýýarlyk işlerine aýratyn üns beripdirler. Bu hem ekişi bada-bat güýçli depgine çykarmaklyga şert döredipdir.

Şalynyň bol hasyly

Welaýatymyzyň babadaýhanlary şaly oragyna guramaçylykly taýýarlyk gördüler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda lebaply şalyçylar 10200 gektar meýdanda ekilen şalydan 47400 tonnadan gowrak hasyly ýygnamagy maksat edinýärler. Daýhanlaryň yhlasly zähmeti ýerine düşdi. Welaýatymyzda şalynyň bol hasyly ýetişdirildi. Ýygnalan hasyly ýitgisiz daşamak, talabalaýyk saklamak, arassalamak, gaýtadan işlemek we önüm öndürmek bilen baglanyşykly işleri hem sazlaşykly guramak barada öňünden aladalanyldy. Welaýatymyzyň daýhanlary şaly ösdürip ýetişdirmäge ýylyň-ýylyna barha uly höwes we hyjuw bilen ýapyşýarlar. Şalyçylar ekine ideg etmekde toplan tejribelerini hem biri-biri bilen ilgezik paýlaşýarlar. Şonuň üçin toprakdan alynýan önümiň möçberi-de, hili-de ýokarlanmak bilen.

«Ak altyn» harmany beýgelýär

Halaç etrabynyň Jumaguly Mähremow adyndaky daýhan birleşiginiň «ak altyn» ussatlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1360 gektar meýdanda gowaçanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Şu günler hojalygyň kärendeçileri pagta ýygymynyň depginini birjik-de gowşatman, yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň ýokary öndürijilikli zähmetiniň netijesinde daýhan birleşiginiň pagtaçylary günsaýyn pellehana golaýlaşýarlar. Hojalykda pagtaçy kärendeçileriň 378-si bar. Olaryň hemmesi hem öz işiniň abyny-tabyny bilýän daýhanlar. Şeýle bolansoň kärendeçileriň 60-dan gowragy birinji ýygymyň hasabyna borçnamalaýyn tabşyryklaryny artygy bilen berjaý etmegiň hötdesinden geldiler.

Sogan hasyly ýygnalýar

Welaýatymyzyň kärendeçi babadaýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýazynda 1 müň 100 gektar ýere soganyň «Bereketli» görnüşini ekip, ondan bitginli hasyly kemala getirdiler. Oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmegiň ussady hasaplanylýan babadaýhanlar  şu günler soganyň bol hasylyny ýygnap almak işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar. Giň gözýetime uzap gidýän meýdanlardaky bitginli sogan hasyly welaýatymyzyň babadaýhanlarynyň şu ýyl 27 müň 500 tonna sogan hasylyny ýygnap almak barada öňde goýlan wezipelere hötde geljekdiklerine ynam döredýär. Soganyň bol hasylyny ýygnamak işleri Gyzylarbat etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginde guramaçylykly ýola goýlupdyr. Daýhan birleşiginiň 200 gektar meýdanynda ýetişdirilen soganyň her gektarynyň hasyllylygy 80-85 sentnerden geçýär. 

Ene toprakdan döwlet tapan

Ene topraga yhlasyny siňdirip, abraýdyr sylaga eýe bolýan adamlar welaýatymyzda az däl. Şolaryň biri-de Magtymguly etrabynyň ýaşaýjysy, bu günki gün tejribeli bagbanlaryň biri hökmünde tanalýan Bibihajar Hojageldiýewadyr. Bibihajar daýza 42 ýyldan gowrak wagt bäri oba hojalyk işleri bilen meşgullanyp, bu ugurda öz göreldesini görkezip gelýär. Ile görelde görkezýäniň bolsa gadyry-da bilinýär. Ol Magtymguly etrabynyň «Sumbar» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işlän döwründe, ýagny  2006-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanýar. Şol ýyl Bibihajar Hojageldiýewa özüniň kärende meýdanyna gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almagy başarýar. Kärende ýerine bugdaý ekip, bol galla hasylyny harmana tabşyran ýylynda,  ýagny 2009-njy ýylda daýhan zenan «Gaýrat» medalyna mynasyp bolýar.

Daýhanlara goldaw — zähmete sarpa

Oba hojalykçylaryň zähmet üstünliklerine beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bugdaý we pagta hasylyny öndürijilere döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berlip, olar bilen hasaplaşyklar wagtly-wagtynda geçirilýär. Bu ugurdaky tagallalar, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna dünýäniň iň döwrebap tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň satyn alnyp berilmegi, kärendeçileriň suw we mineral dökünler hem-de zerur bolan beýleki önümçilik serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmek barada edýän bimöçber aladalarynyň aýdyň güwäsidir. Döwlet tarapyndan berilýän şeýle goldawlaryň netijesinde, ýurdumyzda her ýylda uly üstünlikler gazanylýar. 2024-nji ýylda ýurdumyz boýunça 580 müň gektara gowaça ekilip, Watan harmanyna jemi 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny tabşyrmak meýilleşdirilen. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyz boýunça pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermegi hem-de edermen pagtaçylarymyzyň milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap almak üçin tutanýerli zähmet çekmegi netijesinde, möhüm möwsümde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi barada berýän tabşyryklaryna laýyklykda, şu ýylyň pagta hasyly üçin hasaplaşyklary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, «Türkmen

Datly miweleriň bolçulygy döredilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Halmämmet Amanmämmedowyň ýolbaşçylygynda ajaýyp gözelliklere beslenip oturan uly Balkan dagynyň etegindäki Düzmergen ýaýlasynda döredilen giň ekin meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen miweli baglary, terligi bilen aýratyn tapawutlanýan önümleri synlanyňda, ýurdumyzda agrosenagat pudagynyň ýokary derejede ösýändigine we ilatyň gök-bakja we miweli önümler bilen üpjünçiliginiň ýokary derejede alnyp barylýandygyna guwanýarsyň. Ussat telekeçi birnäçe ýyl mundan ozal 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga alan 22 gektar ekin meýdanynyň 5 gektaryna erik, alma, armyt, şetdaly, ülje ýaly ir-iýmişleriň we beýleki miweli baglaryň 5 müň 500 düýbüni ekip, häzirki wagda şol baglardan ýokary derejede hasyl almagy başarýar. Has takygy, geçen ýylda alnan hasyllar 18 tonna ýetirilip, şu ýyl bolsa, önümleri 20 tonnadan artdyrmak barada guramaçylykly işler geçirilýär.

Gaýratly zenan ― hemmelere görelde

Saýat etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň üçünji kärendeçiler toparynyň agzasy Ogulbaýram Allaberdiýewa diňe bir hojalykda däl, eýsem, tutuş etrapda öňdebaryjy kärendeçileriň biri hökmünde tanalýar. Daýhan zenan Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda özüne berkidilen üç gektar meýdanda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirip, ondan 15 tonna 440 kilogram guşgursak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdy. Bu bolsa onuň şertnamalaýyn borçnamasynda görkezileninden 6 tonna 140 kilogram köpdür. Häzir ol 2,3 gektar kärende ýerinde şalynyň bol hasylyny ýetişdirýär. Suwarymy ýetik atyzlarda gök öwsüp oturan meýdan ekiniň garaşygynyň ýetendiginden habar berýär. Iş tejribesi tas ýarym asyra golaýlaýan başarjaň zenan daýhan birleşigi bilen şalynyň her gektaryndan 46 sentnerden geçirip, hasyl tabşyrmak barada şertnama baglaşypdyr. Onuň şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etjekdigine bolan ynamy uly.