Halaç etrabynyň Jumaguly Mähremow adyndaky daýhan birleşiginiň «ak altyn» ussatlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1360 gektar meýdanda gowaçanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler.
Şu günler hojalygyň kärendeçileri pagta ýygymynyň depginini birjik-de gowşatman, yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň ýokary öndürijilikli zähmetiniň netijesinde daýhan birleşiginiň pagtaçylary günsaýyn pellehana golaýlaşýarlar. Hojalykda pagtaçy kärendeçileriň 378-si bar. Olaryň hemmesi hem öz işiniň abyny-tabyny bilýän daýhanlar. Şeýle bolansoň kärendeçileriň 60-dan gowragy birinji ýygymyň hasabyna borçnamalaýyn tabşyryklaryny artygy bilen berjaý etmegiň hötdesinden geldiler.