«Ak altyn» — berekediň çeşmesi

8 Oktýabr 2024
527

Keremli topragymyzyň baýlyklary türkmeniň Hakdan halatly halkdygyna güwä geçýär. Bereketli güýz paslynda eziz Diýarymyzyň çar ýanynda ýaýylyp ýatan gowaçaly meýdanlarda pagta ýygymy möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýän döwründe gaýnap joşýan yhlasly zähmeti, pagta ammarlaryna tarap barýan tirkegleriň «ak kerwenini» synlanyňda, bu hakykata ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Güneşli ýurdumyzyň gowaça ösdürip ýetişdirmekde-de, ony gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri taýýarlamakda-da dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýändigi buýsanjyňy artdyrýar.

Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr. Daýhanlarymyz gowaçanyň ýurdumyzyň şertlerinde üstünlikli synagdan geçen ýokary hilli sortlaryny ekýärler. Innowasion tehnologiýalara esaslanýan häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen dokma senagat kärhanalarynda pagtany gaýtadan işlemek arkaly öndürilýän önümler dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar.

Serdar ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar