Pagtaçy ýaşlaryň işjeňligi

4 Oktýabr 2024
454

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda yhlas siňdirilip ýetişdirilen gowaça hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak işi Bäherden etrabynda guramaçylykly alnyp barylýar. Şu ýyl 12 müň 500 gektarda gowaça ýetişdiren etrabymyzyň babadaýhanlary häzirki jogapkärli möwsümde wagtyň her bir pursatyndan netijeli peýdalanyp, tutanýerli zähmet çekýärler. Bu işe ýaş pagtaçylaryň hem işjeň gatnaşmagy has-da guwandyrýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri bolup, ýaş pagtaçy kärendeçiler we ýygymçylar bilen iş üstünde duşuşyp durýarys, häzirki jogapkärli möwsümiň ähmiýeti hakda gürrüň berýäris. Gysga wagtlyk günorta arakesme wagtynda meýdan düşelgelerinde bolýan duşuşyklar pagtaçylarda uly täsirleri döredýär. Şeýle duşuşyklaryň barşynda pagta ýygymy möwsümine gatnaşyjylaryň armalaryny ýetirip, tapawutlanyp zähmet çekýän ýygymçylary höweslendirýäris. Pagtaçylary zähmet üstünligine ruhlandyrmakda şeýle höweslendiriş çäreleriniň ähmiýeti uludyr.

Sahabatberdi KÖSÄÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar