Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

9-njy dün­ýä re­kor­dy

Sy­ryk­ly bök­mek­de şwe­si­ýa­ly Ar­man Dup­lan­tis 6,25 metr be­ýik­li­ge bö­küp, dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Ap­rel aýyn­da 6,24 met­re be­ýik­li­ge bö­ken Dup­lan­tis 9-njy ge­zek re­kor­dy tä­ze­le­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň bas­syr 2-nji al­tyn me­da­ly­dyr. Uzyn­ly­gy­na bök­mek­de gre­si­ýa­ly Mil­tia­dis Ten­tog­lu To­kio­dan soň Pa­riž­de-de özü­niň taýsyz­dy­gy­ny gör­kez­di. Ýa­maý­ka­ly Weýn Pin­nok kü­müş, ita­li­ýa­ly Mat­tia Fur­la­ni bü­rünç me­da­la eýe­lik et­di.

Ilkinji çempionlyklary

Be­ýik­li­gi­ne bök­mek­de, go­laý­da 37 ýyl­lyk dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­län uk­rai­na­ly Ýa­ros­la­wa Ma­gu­çih il­kin­ji Olim­pi­ýa çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Ol To­kio­da bü­rünç me­dal ga­zanyp­dy. Pa­riž­dä­ki ýa­ryş­da awst­ra­li­ýa­ly Ni­ko­la Olis­la­gers kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy. Awst­ra­li­ýa­ly Elea­nor Pat­ter­son bi­len uk­rai­na­ly Iri­na Ge­raş­en­ko bü­rünç me­da­ly paý­laş­dy­lar. Sy­ryk­ly bök­mek­de awst­ra­li­ýa­ly Ni­na Ken­ne­di al­tyn, To­kio 2020-niň çem­pio­ny ame­ri­ka­ly Keý­ti Mun kü­müş, ka­na­da­ly Ali­şa Nýu­man bü­rünç me­dal ga­zan­dy. Üçür­dik­läp bök­mek­de Do­mi­ni­ka döw­le­ti­niň tür­ge­ni Tea La­Fond al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Bu Do­mi­ni­ka döw­le­ti­niň Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji me­da­ly­dyr. Ýa­maý­ka­ly Şa­nie­ka Rik­ketts kü­müş, ame­ri­ka­ly Jas­min Mur bü­rünç me­da­lyň eýe­si bol­dy. Disk zyň­mak­da ame­ri­ka­ly Wa­la­rie Oll­man bas­syr 2-nji Olim­pi­ýa çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Hy­taý­ly Fen Bin kü­müş, Lon­don 2012-niň hem-de Rio 2016-nyň çem­pio­ny hor­wa­ti­ýa­ly Sand­ra El­ka­se­wiç bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Ýe­ke­da­ban zyň­mak­da ka­na­da­ly Kam­ryn Ro­jers mün­be­riň iň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çy­kyp, Ani­ta Wlo­dar­çi­giň çem­pi­on­lyk­la­ry­na soň­ky no­ka­dy goý­dy. Ame­ri­ka­ly Anet Eçi­kun­wo­ke kü­müş, hy­taý­ly Çžao Szie bü­rünç me­dal ga­zan­dy. Mun­d

Yzly-yzyna 3-nji altyn medaly

Gül­le itek­le­mek­de ame­ri­ka­ly Ra­ýan Krau­zer bas­syr 3-nji ge­zek çem­pi­on­ly­gy­ny go­ra­ma­gy ba­şar­dy. Ol bu ugur­da mu­ny ba­şa­ran ýe­ňil at­le­ti­ka­çy bol­dy. Wa­tan­da­şy Jou Ko­waç hem bas­syr 3-nji ge­zek kü­müş me­dal ga­zan­dy. Ýa­maý­ka­ly Ra­jin­di­ra Kamp­bell bü­rünç me­da­ly eýe­le­di. Disk zyň­mak­da ýa­maý­ka­ly Ro­je Sto­na 70 metr­lik gör­ke­zi­ji­si bi­len al­tyn me­da­ly­nyň üs­tü­ni Olim­pi­ýa re­kor­dy bi­len ýe­tir­di. Ol bu ugur­da al­tyn me­dal ga­za­nan il­kin­ji ýa­maý­ka­ly tür­gen­dir. Dün­ýä re­kor­dy­nyň eýe­si lit­wa­ly Mi­ko­las Alek­na ka­ka­sy­nyň 2000-nji hem-de 2004-nji ýyl­da ga­za­nan çem­pi­on­lyk­la­ry­ny gaý­ta­la­mak ba­şart­ma­dy. Ýe­ke­da­ban zyň­mak­da ka­na­da­ly Itan Katz­berg weng­ri­ýa­ly Ben­se Ha­las­dan hem-de uk­rai­na­ly Mi­hai­lo Ko­kan­dan öňe saý­la­nyp, bu ugur­da ýur­du­na il­kin­ji al­tyn me­da­ly ga­zan­dyr­dy. 10 gör­nüş­li de­kat­lon­da nor­we­gi­ýa­ly Mar­kus Rut ger­ma­ni­ýa­ly Leo Neu­ge­bauer­den hem-de gre­na­da­ly Lin­don Wik­tor­dan köp utuk top­la­dy.

0,005 sekunt öňürti geldi

Je­mi 48 al­tyn me­da­lyň gow­şu­ryl­jak sport ug­ry ýe­ňil at­le­ti­ka­da il­kin­ji 7 gün­de 25 gör­nü­şiň ýe­ňi­ji­le­ri bel­li bol­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da 100 metr yl­gaw­da ame­ri­ka­ly Noa Laýlz ýe­ňi­ji bo­lup, al­tyn me­dal 20 ýyl­dan soň ABŞ-ly tür­gen­le­re gaý­dyp gel­di. 0,005 se­kunt­lyk ara­ta­pa­wut bi­len 2-nji ýe­ri eýe­län ýa­maý­ka­ly Ki­şa­ne Tomp­son kü­müş, baş­ga bir ame­ri­ka­ly Fred Ker­li bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. 400 metr yl­gaw­da-da ame­ri­ka­ly Ku­in­si Holl al­tyn, bri­ta­ni­ýa­ly Matt­ýuw Had­son-Smit kü­müş, zam­bi­ýa­ly Mu­za­la Sa­mu­kon­go bü­rünç me­da­ly eýe­le­di. 1500 metr yl­gaw­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daýda ame­ri­ka­ly Ko­ul Ho­ker Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny tä­ze­läp, al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy (3:27,65 mi­nut). Bri­ta­ni­ýaly Joş Kerr kü­müş, ame­ri­ka­ly Ýa­red Nu­gu­se bü­rünç me­dal al­dy. Soň­ky çem­pi­on, re­kor­dyň ozal­ky eýe­si Ýa­kob In­geb­rigt­sen 4-nji ýer bi­len oň­ňut et­me­li bol­dy. 10000 metr yl­gaw­da ugan­da­ly Jo­şua Çep­te­gei 26 mi­nut 43,14 se­kunt­da ýa­ry­şy ta­mam­lap, Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny goý­dy we al­tyn me­da­ly ga­zan­dy. Päs­gel­çi­likli 3000 met­re yl­ga­mak­da ma­rok­ko­ly So­fi­an El Bak­ka­li bas­syr 2-nji ge­zek Olim­pia­da­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. 20 km ýö­riş ýa­ry­şyn­da ek­wa­dor­ly Bra­ýan Pin­ta­do bu ugur­da ýur­du­na 28 ýyl­dan soň al­tyn me­dal ga­zan­dyr­dy. D

Jo­ko­wiç kol­lek­si­ýa­sy­ny jemledi

Pa­riž­de ge­çi­ril­ýän XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da ten­nis bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da ýe­ke­le­ýin ýa­ryş­da ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç ta­ry­hy çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. 37 ýa­şyn­da­ky ten­nis­çi fi­nal­da is­pa­ni­ýa­ly Kar­los Al­ka­ra­sy 7:6 (7:3) we 7:6 (7:2) ha­sap­lar bi­len ýe­ňip, kar­ýe­ra­syn­da­ky ýe­ke-täk ýet­me­ýän çem­pi­on­ly­gy, Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. 37 ýaş bi­len Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da fi­na­la çy­kan we al­tyn me­dal ga­za­nan iň ýa­şu­ly ten­nis­çi ady­ny alan 24 «Uly tu­wal­ga­nyň» eýe­si Jo­ko­wiç 99-njy bi­rin­ji­li­gi­ni ga­zan­dy. Pe­kin 2008-de bü­rünç me­dal eýe­län Jo­ko­wiç ten­ni­siň ta­ry­hyn­da «Al­tyn tu­wal­ga» ýe­ten, ýag­ny äh­li «Uly tu­wal­ga­lar» bi­len bi­le­lik­de Olim­pi­ýa çem­pi­on­ly­gy ga­za­nan 5-nji ten­nis­çi hök­mün­de ta­ry­ha gir­di. Jo­ko­wiç­den öň And­re Agas­si, Ştef­fi Graf, Se­re­na Wil­liams hem-de Ra­fa­el Na­dal 4 «Uly tu­wal­ga» çem­pi­on­lyk­la­ry­nyň ýa­ny­na Olim­pi­ýa al­tyn me­da­ly­ny hem go­şup­dy­lar. Jo­ko­wiç Olim­pi­ýa al­tyn me­da­ly­na 6-njy sy­na­ny­şy­gy­nda ýet­me­gi ba­şar­dy. Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da fi­na­la çy­kan iň ýaş ten­nis­çi ady­ny alan Kar­los Al­ka­ras soň­ky 2 «Wimb­le­don» ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da ýe­ňen gar­şy­da­şyn­dan bu ge­zek as­gyn gel­di.

ÝÜZMEK

4-nji altyn medalyny-da Olimpiýa rekordy bilen aldy. Tä­ze Maýkl Felps ha­sap­lan­ýan fran­si­ýa­ly 22 ýa­şyn­da­ky ýü­zü­ji Le­on Mar­şa­n Pa­riž 2024-de 4-nji al­tyn me­da­ly­ny-da boý­nu­na dak­dy. Mar­şan 200 met­re ga­ry­şyk ýüz­mek­de 1 mi­nut 54,6 se­kunt­da pel­le­ha­na ge­lip, al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ol bu ugur­da Maýkl Felp­siň Pe­kin­de go­ýan re­kor­dy­ny-da (01:54,23) tä­ze­le­me­gi ba­şar­dy. Şol bir wag­tyň özün­de ol Ýew­ro­pa­nyň re­kor­dy­ny hem tä­ze­le­di. Bu onuň Pa­riž­dä­ki 4-nji al­tyn me­da­ly bo­lup, ol şol 4 al­tyn me­da­ly-da Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny go­ýup ga­zan­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Bu ugur­da bri­ta­ni­ýa­ly Dan­kan Skott kü­müş, hy­taý­ly Wan Şun bü­rünç me­da­lyň eýe­si bol­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da 50 met­re er­kin ýüz­mek­de awst­ra­li­ýa­ly Ka­me­ron Ma­kE­woý al­tyn, bri­ta­ni­ýa­ly Ben Praud kü­müş, fran­si­ýa­ly Flo­ren Ma­lu­da bü­rünç me­dal ga­zan­dy.

Medal sanawynda birinjilik ugrunda ýiti göreş

Ta­mam­la­nyp bar­ýan Pa­riž 2024 XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da me­dal sa­na­wyn­da 12 gü­nüň ne­ti­je­si bo­ýun­ça ABŞ öň­de bar­ýar. Bu ugur­da hy­taý­ly­lar bi­len ýi­ti gör­eş alyp bar­ýan ABŞ-nyň tür­gen­le­ri 27 al­tyn, 35 kü­müş, 32 bü­rünç, je­mi 94 me­dal ga­zan­dy­lar. Olaryň sö­bü­gi­ni ba­syp bar­ýan hy­taý­ly­la­ryň 25 al­tyn, 23 kü­müş, 17 bü­rünç, je­mi 65 me­da­ly bar. 3-nji ýer ug­run­da il­kin­ji 10 gün­de Awst­ra­li­ýa bi­len ýer eýe­le­ri Fran­si­ýa­nyň ara­syn­da ýi­ti gö­reş bo­lup­dy. Ýö­ne soň­ky 2-3 gün­de awst­ra­li­ýa­ly­lar ar­tyk­maç­lyk gör­ke­zip, ara­ny 5 al­tyn me­da­la çen­li aç­ma­gy ba­şar­dy­lar. Il­kin­ji 12 gün­de Pa­riž 2024-de Ka­rib deň­zin­de ýer­leş­ýän Sent-Lýu­si­ýa, Do­mi­ni­ka (iki­si-de al­tyn) hem-de Af­ri­ka yk­ly­my­na de­giş­li, At­lan­tik um­ma­nyn­da­ky ada döw­let Ka­bo Wer­de (bü­rünç) il­kin­ji Olim­pi­ýa me­da­ly ga­za­nyp, me­dal ga­za­nyp bil­me­dik ýurt­la­ryň umu­my sa­na­wyn­dan çyk­ma­gy ba­şar­dy. 3 ýurt hem 1996-njy ýyl­da ikin­ji ge­zek Olimpiýa oýunlaryna gat­na­şyp, 8-nji sy­na­ny­şyk­la­ryn­da me­dal ga­zan­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di.

Ilkinji Olimpiýa medallary

Ze­nan­la­ryň ara­syn­da 100 met­re yl­ga­mak­da Sent-Lýu­si­ýa döw­le­ti­niň tür­geni Ýu­li­en Alf­red 10,72 se­kunt­da pel­le­ha­na ge­lip, al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Bu Sent-Lýu­si­ýa döw­le­ti­niň Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji me­dal hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Ýa­ry­şyň esa­sy da­laş­gär­le­rin­den Şa­Kar­ri Ri­çard­son (ABŞ) 2-nji, Me­lis­sa Jef­fer­son (ABŞ) 3-nji or­ny eýe­le­di. 200 metr yl­gaw­da ame­ri­ka­ly Gab­ri­el­le To­mas al­tyn, sent-lýu­si­ýa­ly Ýu­li­en Alf­red kü­müş, ame­ri­ka­ly Brit­ta­ni Brawn bü­rünç me­dal ga­zan­dy. 800 metr yl­gaw­da bri­ta­ni­ýa­ly Ki­li Hoj­kin­son bu ge­zek al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ol To­kio­da kü­müş me­dal alyp­dy. 5000 met­re yl­ga­mak­da ke­ni­ýa­ly­lar – Be­at­ris Çe­bet al­tyn, Fa­it Kip­ýe­gon kü­müş, To­kio 2020-niň çem­pio­ny ni­der­land Si­fan Has­san bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Päs­gel­çi­lik­li 3000 metr yl­gaw­da bah­reýn­li Winf­red Ýa­wi Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny go­ýup (8:52,76 mi­nut) al­tyn me­da­ly eýe­le­di.

Sa­turn bir ko­me­ta­ny Gün ul­ga­my­nyň da­şy­na çykardy

Ast­ro­nom­lar go­laý­da örän seý­rek duş gel­ýän kos­mi­ki ha­dy­sa­ny anyk­la­dy­lar. Gün ul­ga­my­nyň ikin­ji uly pla­ne­ta­sy bo­lan Sa­turn özü­ne go­laý­lap gel­ýän ko­me­ta­ny Gün ul­ga­my­nyň da­şy­na çy­ka­ryp goý­ber­di. Şeý­le ha­dy­sa mun­dan ozal 1980-nji ýyl­da ha­sa­ba al­nyp­dyr. Ast­ro­nom­lar il­ki Sa­tur­na ta­rap, soň­ra bol­sa, Gün ul­ga­my­nyň da­şy­na ta­rap he­re­ket ed­ýän as­man ji­si­mi­ni anyk­la­dy­lar. «Comet A117uUD» diý­lip at­lan­dy­ry­lan bu ko­me­ta 14-nji iýun­da Ga­wai­dä­ki Ast­ro­no­mi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň AT­LAS at­ly ul­ga­my ta­ra­pyn­dan anyk­la­nyp­dyr. NA­SA ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan AT­LAS ul­ga­my­na de­giş­li je­mi dört te­les­kop bar. Ola­ryň iki­si Ga­wai ada­syn­da, bi­ri Çi­li­de, ýe­ne bi­ri Gü­nor­ta Af­ri­ka­da ýer­leş­ýär. Ast­ro­nom­lar ko­me­ta­nyň he­re­ket­le­ri­ni yza sa­ra­dyp gö­ren­le­rin­de, as­man ji­si­mi­niň 2022-nji ýyl­da Sa­turn pla­ne­ta­sy­na ba­ryp ýe­ten­di­gi­ni we pla­ne­ta­nyň dar­tyş güý­ji bi­len ko­me­ta­ny sa­gat­da 10 müň 700 ki­lo­metr tiz­lik bi­len «zy­ňyp» goý­be­ren­di­gi­ni anyk­la­dy­lar. Mun­dan ozal 1980-nji ýy­lyň 9-njy de­kab­ryn­da «Comet C/1980 E1» at­ly ko­me­ta Ýu­pi­ter pla­ne­ta­sy ta­ra­pyn­dan Gün ul­ga­my­nyň da­şy­na goý­be­ri­lip­di.

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda

Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, ýurt, sebit we dünýä derejesinde onuň ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzyň sport ulgamynda ýeten belent sepgitleriniň hatarynda 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýyldaky «Amul — Hazar» halkara awtorallisini, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlaryny görkezmek bolar. Türkmenistanyň gysga taryhy döwürde dünýä we yklym derejesindäki iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini göz öňünde tutup, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen nobatdaky mejlisinde Aşgabat «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşmaklary hem-de üstünlik gazanmaklary Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň aýdyň miwesidir. 2021-nji ýylda milli sportumyzyň taryhynda täze, şöhratly sahypa açyldy: Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ildeşimiz Polina Gurýewa agyr atletika boýunça kümüş medaly gazanmagy başardy. Bu medal ýurdumyzyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalydyr. Bu ýokary üstünlik

Suw sapasy

Köpetdagyň etegindäki hoştap howaly ajaýyp künjekleriň birinde sebitde ilkinji «akylly» şähergurluşyk ýörelgesine eýerilip bina edilen Arkadag şäheri ilatyň, aýratyn hem, ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmagy, ruhubelent, berk bedenli bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri özünde jemleýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň Sport merkezinde — Suw sport toplumynda sportuň 2 görnüşi boýunça uly suw howzy, çagalar üçin attraksionly suw howzy, saunalar we 2 sany fitnes zaly, bejeriş-sagaldyş, naharhana otaglary bar. Toplumda tälimçi-mugallymlaryň tälim bermeginde, bir wagtda 90-dan gowrak türgen sport bilen meşgullanyp bilýär. Bu ýerde iş orunlarynyň 30-a golaýy döredilip, döwrebap zähmet şertleri ýola goýuldy. Suw sport toplumynyň gapylary türgenlere, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini özüne ugur edinen, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan raýatlar üçin açykdyr.

Gan basyşyny kadalaşdyrýan maşklar

Hünärmenler we lukmanlar myşsalaryň gysylmasyny aýyrmak hem-de kelleçanagyň içki gan basyşyny kadalaşdyrmak üçin ýörite maşklary ýerine ýetirmegi maslahat berýärler. Bu maşklary göwnejaý ýerine ýetirmek üçin burnuňdan uludan dem alyp, demiňi içiňde 2-3 sekunt saklap, soňra dodagyňy turbajyk şekiline getirip emaý bilen demiňi goýbermeli. Maşklary dem alyş ritmini bozmazdan 5-10 minut dowam etdirmeli.

Tizlikden ruhlanýan türgen

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli awtomobil sporty has hem rowaçlanýar. Ýylyň-ýylyna türkmen awtosportçularynyň abraýly halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu ýylda Russiýadan Mongoliýa  uzan «Ýüpek ýoly—2024» rallisinde türkmen türgenleriniň gazanan goşa ýeňşi ýurdumyzda sportuň bu görnüşini rowaçlandyrmak babatda döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň netijesidir. Ýaryşyň T2 görnüşi boýunça Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgenleriniň ikinji we üçünji orunlara hem-de ralliniň «SILK WAY 2024» kuboklaryna eýe bolmaklary guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýaşyl Tugumyzy ýeňiş bilen belentde parladan ussat awtosportçularyň arasynda welaýatymyzdan Didar Orazmedowyň hem bardygyny buýsanç bilen nygtamak zerur. Sürüji Maksatmyrat Daňatarowyň hem-de şturman Didar Orazmedowyň ekipažy awtorallide üçünji orny eýelemegi başardy.

Sport. Sagdynlyk. Ruhubelentlik

Şu günler göwünleri galkynýan türgenlerimiz Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Parižde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň sport abraýyny goramak ugrunda göreşýärler. Sportda üstünlige ýetmek üçin türgenler irginsiz türgenleşip, hemişe kämillige ymtylýarlar. Diýarymyzda döredilen häzirki zaman sport düzümleri ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesine sport bilen yzygiderli meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Bedenterbiýäni we sporty jemgyýeti jebisleşdirýän umumymilli gymmatlyga öwren döwletimiz türgenleriň halkara ýaryşlaryna ýokary derejede taýýarlanmagy üçin ähli şertleri döredýär. 2022-nji ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň bu halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy, milli ýygyndy toparlary toplumlaýyn esasda taýýarlamak bilen baglanyşykly maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamagy eziz Diýarymyzda sporty ösdürmek boýunça yzygiderli alada edilýändiginiň nobatdaky tassyknamasy boldy. Türkmen türgenleri soňky iki ýyldan gowrak döwürde dürli halkara ýaryşlarda baýrakly orunlaryň ençemesini eýeläp, Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Küşt oýnundan bäsleşdiler

Daşoguz welaýatynyň gözel künjeginde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezi Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berildi. Bu merkezde çagalaryň oňat dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli amatly şertler döredilip, onuň maddy-enjamlaýyn binýady halkara ülňülerine gabat gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ösüp gelýän ýaş nesli köpçülikleýin sporta çekmek, dynç wagtlaryny şadyýan hem-de gyzykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşi «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde «Küşt oýny beýniniň gimnastikasy» atly dynç alýan çagalaryň arasynda bäsleşik geçirdi. Bäsleşik örän gyzykly geçdi. Bäsleşikde iki topar, ýagny «Paýhas» hem-de «Bossan» toparlary özara bäsleşdiler. Netijede «Paýhas» atly topar ýeňiji boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Futbol möwsüminiň ikinji ýarymyna taýýarlyk

Şu günler ýurdumyzyň futbol toparlary möwsümiň ikinji ýarymyna taýýarlyk görýärler. Olar taýýarlygyny daşary ýurtlardaky okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary bilen has-da berkidýärler. Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» we kümüş medalyň eýesi «Altyn asyr» futbol toparlary tomusky ýygnanyşyk üçin Rumyniýa Respublikasyny saýlap aldylar. Türkmen futbolçylary bu ýerde halkara ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdiler. Duşuşyklar futbolçylarymyzyň fiziki taýýarlygynyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň çempiony tomusky transfer möwsüminde öz düzüminde käbir özgertmeleri geçirdi. Esasan hem «Ahal» topary bilen geçirilen derwezeçi çalşygy toparyň AFK-nyň Çagyryş ligasyna jogapkärçilikli taýýarlanýandygyny aňladýar. Ozal çempion toparyň derwezesini goran Rahat Japarow «Ahal» toparyna geçen bolsa, «Ahaldan» derwezeçi Rüstem Ahallyýew «Arkadag» toparynyň düzümine goşuldy. Şeýle hem Orazberdi Myradow futbol ýoluny tamamlap, toparyň tälimçiler düzüminiň hataryna girdi. «Altyn asyr» bolsa futbol möwsüminiň ikinji böleginde ozalky düzümi bilen çykyş eder.

Yhlas bilen zehin utgaşanda

Süleýman KOÇKAROWYŇgazanan üstünlikleri: ► Ýaşlaryň 25-nji Balkan matematika olimpiadasynda (JBMO — 2021) — bürünç medal;

Ýaş türgeniň üstünlikleri

Ýurdumyzda çagalaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Sportuň erkin göreş görnüşi bilen meşgullanýan şeýle bagtyýar jigilerimiziň biri-de ýaşajyk türgenimiz — Azatberdi Aşyrgulyýew. Azatberdi Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 89-njy orta mekdebiň 11-nji synpyny tamamlady. Ol eýýäm birnäçe ýyldan bäri erkin göreşiň inçe tilsimlerini ele alýar. Ol heniz alty ýaşyndaka paýtagtymyzda ýerleşýän Köpetdag stadionynyň «Zähmet» türgenleşik zalyna gatnap başlaýar. 2019-njy ýyldan bäri bolsa ol «Galkynyş» bedenterbiýe-sport toplumyna gatnaýar. Bu ýerde oňa halkara derejeli sport ussady Batyr Orazgylyjow tälim berýär. Tälimçiniň ussatlygy, şeýle-de ýaş türgeniň sportuň bu görnüşine bolan höwesi, yhlasy ony ýeňişlere, üstünliklere ýetirdi. Yzygiderli türgenleşiklere gatnap, her bir ýaryşa ýokary derejede taýýarlyk gören jigimiz Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. Onda-da iki gezek. Has takygy, Azatberdi 2022-nji ýylyň 23 — 25-nji dekabry aralygynda erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde 48 kilogram, 2023-nji ýylyň 15-16-njy dekabrynda geçirilen erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginde bolsa 60 kilogram agram derejesinde çykyş edip, bu ýaryşlaryň ikisinde-de altyn medalyň eýesi bolmagy başardy.

Çeper gimnastikaçylaryň ýeňşi

Halkara sport ýaryşlarynda üstünlik gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belende galdyrýan ýaş türgenlerimiz diýseň kän. Olaryň gazanýan şeýle üstünlikleri baradaky hoş habarlary eşidenimizde buýsanjymyz goşalanýar. Ýakynda şeýle buýsandyryjy hoş habary halkymyz bilen paýlaşmak ýurdumyzyň gimnastika boýunça milli ýygyndysynyň ýetginjek gyz türgenleriniň paýyna düşdi. Olar Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «Merry Caravan» atly halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler. Türgen gyzlarymyz dürli derejeli medallaryň 29-yna mynasyp boldular. 6 — 16 ýaş aralygyndaky gimnastikaçy türgen gyzjagazlar bu halkara ýaryşyndan 18 altyn, 10 kümüş we 1 bürünç medallaryny gazandylar. Elbetde, bu ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň görkezen netijeleri. Ýygyndynyň düzüminde aýratyn erjel türgen — Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Mahym Gurbanowa hem bar. Mahym üç ýaşyndan bäri gimnastika bilen meşgullanyp, ýurdumyzda gimnastika boýunça geçirilen çempionatlarda öz agram derejesinde birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp boldy. 11 ýaşly türgen gyzjagazymyz häzirki wagta çenli çeper gimnastika boýunça halkara ýaryşlarynyň dördüsine gatnaşdy. Mahym çeper gimnastika boýunça 2023-nji ýylyň martynda Gruziýada geçen halkara ýaryşda kümüş medal, şol ýylyň awgustynda ýene şol ýurtda geçen halkara ýaryşda altyn medal gazanýar. Mahym jigimiz Özbegistan Respublikasynda hem çeper gimnasti

Mil­li tür­gen­le­ri­miz ha­kyn­da mag­lu­mat­lar

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Maý­sa PAR­DA­ÝE­WA