Jemi 48 altyn medalyň gowşuryljak sport ugry ýeňil atletikada ilkinji 7 günde 25 görnüşiň ýeňijileri belli boldy.
Erkekleriň arasynda 100 metr ylgawda amerikaly Noa Laýlz ýeňiji bolup, altyn medal 20 ýyldan soň ABŞ-ly türgenlere gaýdyp geldi. 0,005 sekuntlyk aratapawut bilen 2-nji ýeri eýelän ýamaýkaly Kişane Tompson kümüş, başga bir amerikaly Fred Kerli bürünç medala mynasyp boldy. 400 metr ylgawda-da amerikaly Kuinsi Holl altyn, britaniýaly Mattýuw Hadson-Smit kümüş, zambiýaly Muzala Samukongo bürünç medaly eýeledi. 1500 metr ylgawda garaşylmadyk ýagdaýda amerikaly Koul Hoker Olimpiýa rekordyny täzeläp, altyn medala mynasyp boldy (3:27,65 minut). Britaniýaly Joş Kerr kümüş, amerikaly Ýared Nuguse bürünç medal aldy. Soňky çempion, rekordyň ozalky eýesi Ýakob Ingebrigtsen 4-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy. 10000 metr ylgawda ugandaly Joşua Çeptegei 26 minut 43,14 sekuntda ýaryşy tamamlap, Olimpiýa rekordyny goýdy we altyn medaly gazandy. Päsgelçilikli 3000 metre ylgamakda marokkoly Sofian El Bakkali bassyr 2-nji gezek Olimpiadanyň çempionlygyny gazandy. 20 km ýöriş ýaryşynda ekwadorly Braýan Pintado bu ugurda ýurduna 28 ýyldan soň altyn medal gazandyrdy. Dünýä çempiony, ispaniýaly Alwaro Martin bürünç medala mynasyp boldy.