Şu günler göwünleri galkynýan türgenlerimiz Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Parižde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň sport abraýyny goramak ugrunda göreşýärler.
Sportda üstünlige ýetmek üçin türgenler irginsiz türgenleşip, hemişe kämillige ymtylýarlar. Diýarymyzda döredilen häzirki zaman sport düzümleri ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesine sport bilen yzygiderli meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Bedenterbiýäni we sporty jemgyýeti jebisleşdirýän umumymilli gymmatlyga öwren döwletimiz türgenleriň halkara ýaryşlaryna ýokary derejede taýýarlanmagy üçin ähli şertleri döredýär. 2022-nji ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň bu halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy, milli ýygyndy toparlary toplumlaýyn esasda taýýarlamak bilen baglanyşykly maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamagy eziz Diýarymyzda sporty ösdürmek boýunça yzygiderli alada edilýändiginiň nobatdaky tassyknamasy boldy. Türkmen türgenleri soňky iki ýyldan gowrak döwürde dürli halkara ýaryşlarda baýrakly orunlaryň ençemesini eýeläp, Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.