"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlyklarynyň duşuşygy

AŞGABAT, 31-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň bu komitetiň ýapon tarapynyň başlygy, Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşine ýokary baha berdiler. Ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösüşini kesgitleýändigi bellenildi.

Baş maksat — çagalaryň röwşen geljegi

Türkmenistanyň ähli çagalaryny we maşgalalaryny her ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde giňden bellenilýän möhüm baýramçylyk — Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni hökmünde ilkinji gezek 1950-nji ýylda bellenilip, şondan bäri çagalary hormatlamaga we olaryň hukuklary ugrunda göreşmäge mümkinçilik berýär. Çagalaryň hukuklary 32 ýyl mundan ozal dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilen halkara ylalaşykda — BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynda kesgitlenip, ol kimdigine hem-de nirede ýaşaýandygyna garamazdan, çagalaryň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistan bu möhüm resminamany Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, 1994-nji ýylda tassyklady.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Türkmen parlamentarileri sanly wideoaragatnaşyk arkaly, şu günler Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdylar. GDA agza ýurtlaryň Parlamentara assambleýasy tarapyndan guralan forum “Planetanyň ekologiýasy — durnukly ösüş” ady bilen geçirildi. Kongresiň işewür maksatnamasy umumy mejlisi hem-de “tegelek stollary” öz içine aldy. Şolarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigatdan peýdalanmak we daşky gurşawy goramak babatda kanunçylygy kämilleşdirmek ulgamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen halkara düzümleri bilen parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, ekologiýa medeniýetiniň ornuny ýokarlandyrmak, ilatyň bilimi, sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky maksatlaryny öňe ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Parahatçylyk we ynanyşmak

adamzadyň iň arzyly gymmatlyklarydyr Inderveer SINGH, «Business Central Asia» žurnalynyň baş redaktory:

Türkmenistan — Özbegistan: netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny ýetirdi. Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mäkäm binýadynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Goňşuçylyk däplerine eýerip

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny hem-de şanly wakalar, şol sanda türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy we Türkmenistanyň Prezidentiniň örän gyzykly hem-de möhüm bolan eserleriniň — ajaýyp Aşgabat şäherine we milletiň ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan kitaplarynyň neşir edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.

Bank ulgamy özgertmeleriň ýolunda

Elektron tölegleri peýdalanmagyň ähmiýeti Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyndan ugur alyp, halkymyzyň hal-ýagdaýyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Raýatlarymyzyň dünýäniň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan ygtybarly we amatly şertlerde bank hyzmatlaryndan bökdençsiz peýdalanmagy üçin bank ulgamynda hereket edýän elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek we birnäçe täze töleg-hasaplaşyk gurallaryny hödürlemek boýunça zerur şertler döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy köptaraply döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Durnukly ösüş taglymatynda ekologiýa abadançylygy

25-nji maýda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan onlaýn görnüşde «Gazyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy «tegelek stoluň» başyndaky maslahatda çykyş edip, täze teklipleri öňe sürmegi ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Forumda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň ählisi, ilkinji nobatda, Ýer ýüzünde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilip, munuň özi 2030-njy ýyla çenli döwür üçin «Gün tertibi — 2030-yň» ileri tutýan ugurlary bilen doly gabat gelýär. Mälim bolşy ýaly, durnukly ösüş konsepsiýasy ykdysady, durmuş, ekologiýa ölçeglerini öz içine alyp, olar biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda bu guramanyň ulgamyna girýän ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ösüş maksatnamasy bilen daşky gurşawy goramak babatda durmuşa geçirilen we geçirilýän bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz 2016-njy ýylda howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, bu möhüm resminamanyň ýörelgelerini doly berjaý edip, milli, sebit we ä

Türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny hem-de şanly wakalar, şol sanda türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäherine we milletiň ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan kitaplarynyň neşir edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 26-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny hem-de şanly wakalar, şol sanda türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy we Türkmenistanyň Prezidentiniň örän gyzykly hem-de möhüm bolan eserleriniň — ajaýyp Aşgabat şäherine we milletiň ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan kitaplarynyň neşir edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.

Durnukly ösüşiň ekologiýa strategiýasy ykdysady diplomatiýa üçin «ýol kartasydyr»

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan «Gazyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» mowzugy bilen geçirilen onlaýn görnüşdäki ýokary derejeli ählumumy «tegelek stoluň» başyndaky maslahatda eden çykyşynda täze başlangyçlary öňe sürdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli pikirleriniň we başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy hil taýdan täze mazmuna eýe bolup, häzirki zamanyň halkara gatnaşyklar ulgamynyň ähli gatnaşyjylaryny özara hereketleriň proseslerine çekýän ählumumy derejedäki möhüm wezipeleriň emele gelmegi arkaly has-da işjeňleşdirilýär. Döwletimiziň Milletler Bileleşiginiň çygryndaky özara gatnaşyklaryny, şol sanda BMG-niň geňeşleriniňdir komissiýalarynyň, komitetleriniň 11-sinde agzalygyny onuň işjeň häsiýetli halkara syýasatynyň görkezijileriniň biri hökmünde nygtamak zerurdyr. 2020-nji ýylyň 14-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny» hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyz BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça g

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary

Biz Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň ähli ugurlardaky hyzmatdaşlyklaryna, şol sanda özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan parlamentara dostlukly gatnaşyklaryna uly hormat goýýarys. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde parlament ýolbaşçylarynyň  arasynda geçirilen «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly onlaýn duşuşygy häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça özara pikir alyşmakda bize uly mümkinçilikleri döretdi.

Söýginiň gözbaşy

Mähriban Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde mähriban enelerimiz barada şeýle diýýär: «Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir. Her bir asylly ýörelgäniň dowam etdirilmegi eneleriň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewiniň, ynamynyň netijesinde amala aşýar. Eneleriň güler ýüzünden iliň asudalygy, agzybirligi, döwletliligi, rysgallylygy, bagtly ýaşaýşy görünýär». Uly söýgi hem mähir bilen aýdylan bu jümleleri näçe uzaltsaň uzaldybermeli. Çünki döwrüň bagtyýar enelerine, zenanlaryna, maşgala mukaddesligine bagyşlanan bu kitap durşy bilen mekdep, nusgalyk ýol-ýörelge. Hut şonuň üçin-de, ilkinji Zenanlar guramamyz tarapyndan talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilýän çäreleriň her birinde çuňňur many-mazmuna, pähim-parasada eýlenen bu kitap uly gollanma bolup durýar. Geljekki eneler bolan ýaş gyzlaryň terbiýesinde enelerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, durmuş tejribesinden ugur alynýar.

Doganlygyň belent güýji

Türkmen toý tutanda, ilki ýakyn dostlaryna çakylyk ýollaýar. Ýakyn dostlar toýuň ilkinji myhmanlarydyr. Ak şäherimiz Aşgabadyň şanyna tutulýan toý hem dostlar, doganlar bilen başlady. 20-nji maýda Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen halkara wideomaslahat bu aýdanlarymyzyň mysalydyr. Kabul (Owganystan Yslam Respublikasy), Baku (Azerbaýjan Respublikasy), Albukerke (Amerikanyň Birleşen Ştatlary), Pekin we Lançžou (Hytaý Halk Respublikasy), Tendo (Ýaponiýa), Ankara we Stambul (Türkiýe Respublikasy), Daşkent (Özbegistan Respublikasy), Nur-Sultan (Gazagystan Respublikasy), Bişkek (Gyrgyz Respublikasy), Moskwa we Sankt-Peterburg, Astrahan (Russiýa Federasiýasy), Wena (Awstriýa Respublikasy), Kişinýow (Moldowa Respublikasy), Ýerewan (Ermenistan Respublikasy) — bular Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleri. Ady Ginnesiň rekordlar kitabyna 11 gezek girizilen türkmen paýtagty özüniň 140 ýyllyk toýunyň dabaralaryny şol gün dostlary, doganlary bilen tutdy.

Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. 20-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

20-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dürli ugurlarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri tarapyndan gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 20-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dürli ugurlarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri tarapyndan gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Hyzmatdaşlygyň altyn halkasy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan eziz Watanymyzda halkara ulag ýollarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň üstaşyr-ulag kuwwatyny doly amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy esasynda häzirki wagtda ulag-aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlary ýurdumyzyň çäginden has alyslara çykyp, halkara ähmiýetine eýe boldy. «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça çekilen halkara demir ýollarynyň giň tory bu günki günde Garaşsyz Diýarymyzyň söwda-ykdysady ösüşiniň täze bir tapgyry bolup, ata Watanymyzyň taryhynda altyn sahypalary açdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda Akina — Anthoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky taglymatynyň häzirki döwürde özüniň doly ykrarýetini gazanyp, onuň uly üstünliklere eýe bolýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda energetika we serhetüsti ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlarynyň bir wagtda gurulmagy iki döwletiň ykdysady taýdan çalt depginler

Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: strategik hyzmatdaşlygyň kuwwaty artdyrylýar

DIM-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar duşuşygyň barşynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler wagtynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda şu ýylyň 6-njy maýynda bolan telefon söhbetdeşliginde deglip geçilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Duşuşykda biziň halklarymyzyň arasynda däp bolan dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli amala aşyrylýan döwletara hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy. * * *