"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — Gyrgyzystan: möhüm hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine tarap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyndaky täze sepgitler

Ýurdumyz milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda sebitde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Muňa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana resmi sapary aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.. Günüň ikinji ýarymynda Prezident Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralamak maksady bilen, Gypjaga bardy we bu ýerde ýerleşýän aramgähde gül desselerini goýdy. Şeýle hem ol Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi. Soňra belent mertebeli myhman paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Asylly däbe görä, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bu ýerdäki Hormatly myhmanlaryň seýilgähinde iki döwletiň we halkyň mizemez dostlugynyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdy.

Türkmen-gyrgyz dostluk gatnaşyklary dabaralanýar

Öz daşary syýasy strategiýasyny ilkibaşdan oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinde guramak bilen, Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň halkara hyzmatdaşlyk, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan çykyş edýär. Şunda alysdaky we goňşy döwletler, şol sanda Gyrgyz Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkyny dostlukly Gyrgyz halky bilen köpasyrlyk dostluk däpleri we taryhy-medeni umumylyk birleşdirýär. Asyrlaryň synagyndan geçen dostluk gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin möhüm binýat bolup durýar. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýaňy-ýakynda Türkmenistana bolan resmi sapary hem munuň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ilçi işe başlady

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oguz han adyndaky köşkler toplumynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Talant Sultanowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda ilçi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň hoşniýetli sözlerini ýetirdi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugry

27-nji iýunda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Aşgabadyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde dostlukly döwletiň Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistan — Gyrgyz Respublikasy: möhüm gatnaşyklaryň täze ugry

AŞGABAT, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Aşgabadyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde dostlukly döwletiň Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Uçaryň ýanynda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglanjyk we gyzjagaz gyrgyz Liderine gül desselerini gowşurdy.

Medeni hyzmatdaşlyk

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatyna gyşarnyksyz eýermegi netijesinde, bütin dünýäde Türkmenistanyň abraýy has-da artdy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bu gün ýurdumyz dürli döwletler hem-de abraýly halkara düzümler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny üstünlikli amala aşyrýar. Halkara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini amala aşyrmakda bitaraplyk we parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleriniň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilýändigi hemmämizi buýsanja besleýär. Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe düzümleriniň agzasy bolup durýar. BMG bilen hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisinde Türkmenistan 2022—2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meselesi boýunça düzümiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanandygy hem subut edýär. Şu ýylyň 21-nji aprelinde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 69-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu guramanyň 2021—2023-nji

Netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Prezidenti Ilham Aliýewiň aýdan hoşniýetli arzuwlaryny we azerbaýjan tarapynyň ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýan sözlerini döwlet Baştutanymyza ýetirdi.

Azyk howpsuzlygy — durnukly ösüşiň möhüm şerti

AŞGABAT, 25-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Azyk howpsuzlygy ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Oňa Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, daşary syýasat edarasynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň wekilleri, birnäçe ylmy-barlag edaralarynyň işgärleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary, şeýle hem sanly ulgam arkaly daşary ýurtly alymlar gatnaşdylar. Forumda azyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugra Türkmenistan BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, döwrebap obasenagat düzüminiň döredilmegine maýa goýumlary gönükdirilýär.

Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryndaky dostluk köprüsi

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Prezidenti Ilham Aliýewiň aýdan hoşniýetli arzuwlaryny we azerbaýjan tarapynyň ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýan sözlerini döwlet Baştutanymyza ýetirdi. Milli Liderimiz Azerbaýjanyň Prezidentine özüniň mähirli sözlerini aýdyp, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, köpasyrlyk dostluk däplerine, iki halky baglanyşdyrýan taryhy we medeni umumylyga esaslanýandygyny belledi.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Prezidenti Ilham Aliýewiň aýdan hoşniýetli arzuwlaryny we azerbaýjan tarapynyň ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýan sözlerini döwlet Baştutanymyza ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýedigi, munuň bolsa möhüm pudaklardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz senagatyndaky gatnaşyklaryň geljegi we bu ugurda bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem Hazar deňziniň «Dostluk» ýatagynda uglewodorod serişdelerini gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 24-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Prezidenti Ilham Aliýewiň aýdan hoşniýetli arzuwlaryny we azerbaýjan tarapynyň ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýan sözlerini döwlet Baştutanymyza ýetirdi.

Kerki howa menziline ICAO-nyň kody we halkara ülňülere laýyklyk güwänamasy berildi

Ozal habar berlişi ýaly, 23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Kerki şäheriniň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda Kerkiniň Halkara howa menziline dört harply UTAE kodunyň berlendigi baradaky ICAO-nyň resminamasy hem-de Mýunheniň Halkara howa menzili tarapyndan halkara ülňülere laýyk gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasy gowşuryldy.

Türkmenistan — ÝUNISEF: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda hyzmatdaşlyk

AŞGABAT, 24-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylarynyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekili Kristina Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Onuň gün tertibine hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň Ýurt maksatnamasyny hem-de ýerlerde ýokary hilli hyzmatlary ornaşdyrmak arkaly durmuş goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça DÖM-niň Bilelikdäki maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümi bilen işjeň hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli ulgamlarda, şol sanda bilelikde maliýeleşdirmek boýunça taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy we durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Halkyň milli medeni gymmatlyklary we hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitaplarynda medeniýet barada köpugurly we çuň manyly garaýyşlar beýan edilýär. Medeniýeti halkyň kalby hasaplaýan milli Liderimiz medeniýetiň, ykdysadyýetiň, syýasatyň özara baglanyşygyna we bir-biriniň ösüşine oňyn täsirini aýratyn nygtaýar. Ata-babalarymyzyň milli medeni gymmatlyklary, sungat baradaky pelsepewi pikirleri, garaýyşlary her bir adam üçin ýol-ýörelge, geçmişimizi, milli aýratynlyklarymyzy açyp görkezýän gymmatly taryhy çeşme bolup durýar. Milli medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksadyna eýerip, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň döredijilik üstünliklerini, her bir raýatyň ruhy taýdan galkynmagyny üpjün etmäge goşýan goşantlary nazara alnyp, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni döredildi. Bu sene ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda ýokary derejede bellenilýär. Şeýle hem, her ýylyň iýun aýynyň ahyrynda dürli welaýatlarda Medeniýet hepdeliginiň uly dabara bilen bellenilmegi däbe öwrüldi. Bu asylly däp medeniýete we onuň ösüşlerine, medeni mirasa döwlet derejesinde yzygiderli üns berilýändigini şöhlelendirýär.

Möhüm ugurda hyzmatdaşlyk

Golaýda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýurt maksatnamalaryny işläp düzmekde hem-de bu mesele boýunça sebitleýin işleri alyp barmakda goldamak we kuwwatyny güýçlendirmek” taslamasyny amala aşyrmak maksady bilen gurnalan Utgaşdyryjy serişde boýunça birinji iş duşuşygy açyldy. Bu gezekki geçirilýän iki günlük duşuşyga Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Daşary işler, Adalat, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Energetika, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň jogapkär işgärleri, şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Ylymlar akademiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri çagyryldy.

Gazçylaryň tagallalary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasaty rowaçlanyp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady ösüşiniň gadamy batlanýar. Bagtyýarlyk zamanamyzda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladasy bilen gaz senagatyny ösdürmekde, tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmakda uly işler bitirilýär. Ýurdumyzyň mawy ýangyjy daşary ýurtlara eksport etmekdäki mümkinçilikleri ýokarlanýar. Bu energiýa çeşmesiniň alnyşyny ýokarlandyrmakda “Marygazçykaryş” müdirliginiň gazçylarynyň gazanýan üstünliklerem guwandyrýar. Müdirligiň zähmetsöýer adamlary tebigy gazy çykarmakda, ony senagat taýdan gaýtadan işlemekde uly tagallalary edýärler. Ady agzalan müdirligiň bölümleriniň her biriniň işgärleri öz öňlerinde durýan wezipelere abraý bilen hötde gelmek üçin gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Edermen gazçylaryň birleşen tagallalary bolsa, tebigy gazyň akymynyň artmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Gürrüňi edilýän müdirligiň 1-nji sehi hem öňdebaryjy düzüm birlikleriň biri bolup, sehiň zähmetsöýer gazçylary tebigy gazy çykarmakda we sarp edijilere ugratmakda işeňňirlik görkezýärler. Olaryň tutanýerli zähmeti bilen gowy netijeler gazanylyp, bellenilen tabşyryklar abraý bilen berjaý edilýär. Tagtabazar-1 gaz käni diýlip tanalýan bu gaz käninde ene toprakdan mawy ýangyjy çykarmakda, ony senagat taýdan gaýtadan işlemekde degerli işler alnyp barylýar.

Bagtyýar çagalaryň baýramy

2021-nji ýylyň Çagalary goramagyň halkara güni, hakykatdan-da, möhüm wakalaryň biri boldy, çünki ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän döwrüne gabat geldi. Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti bilen bilelikde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň irki dikeldiş bölümine baryp, bu ýerde döredilýän hyzmatlardan peýdalanýan çagalardyr olaryň ejeleri bilen gürrüňdeş bolmak meniň üçin aýratyn hormat boldy. Çaganyň öz ösüşinde başdan geçirip biljek käbir näsazlyklarynyň ilkinji alamatlaryny ýüze çykarmakda bölümiň hünärmenleri tarapyndan alnyp barylýan uly işleriň şaýady bolmak bizde kanagatlanma duýgusyny döretdi. Şeýle näsazlyklar ýüze çykarylanda, çagalardyr ene-atalara her bir çaganyň zerurlyklary aýratyn göz öňünde tutulyp işlenip taýýarlanan anyk bilim beriş we sagaldyş maksatnamalarynyň çäklerinde goldaw berilýär.