"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — Türkiýe Respublikasy: dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyryp

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň ählumumy we sebitleýin geosyýasatda möhüm ähmiýete eýe bolan halkara abraýy dowamly pugtalandyrylýar. Türkmen döwleti dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilmegine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda Türkmenistan dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk we giň gerimli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegini daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitleýär. Türkmenistan we Türkiýe baý taryhy we medeni mirasa eýe bolan ýurtlardyr. Türkmen hem-de türk halklarynyň öňden gelýän dostluk gatnaşyklary taryhy-medeni däpleriniň umumylyklary, köpasyrlyk söwda we ynsanperwer gatnaşyklary, häzirki döwürde bolsa garaýyşlarynyň meňzeşligi bilen baglanyşyklydyr. Şu günki günde döwletleriň ikisi-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýärler, özleriniň ählumumy asudalyk we howpsuzlyk ýörelgelerine, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşe berk ygrarlydyklaryny görkezýärler.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy: Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary

Barha ählumumylaşýan halkara gatnaşyklarda sebitara düzümlere möhüm orun degişli. Şolaryň biri-de, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Ol sebitleýin hökümetara gurama bolup, öz işini 1992-nji ýylda täzeden dikeltdi. Owganystan, Garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan döwletleri onuň täze agzalary boldy. Şol ýylyň 16-17-nji fewralynda YHG-nyň üsti ýetirilen täze agzalarynyň-da gatnaşmagynda geçirilen döwlet hem hökümet Baştutanlarynyň duşuşygynda kabul edilen resminamada ulag-kommunikasiýa, senagat we oba hojalygy, energetika pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutuldy. Agza ýurtlaryň ykdysady, tehniki, medeni hyzmatdaşlygyny ilerletmek; sebitiň dünýä söwdasyndaky ornuny artdyrmak; agza döwletleriň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyny yzygiderli üpjün etmek; sebitiň ýurtlaryny biri-biri hem-de daşarky dünýä bilen baglanyşdyrýan ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek; sebitiň agrar, senagat mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak; neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy tagallalary birleşdirmek, daşky gurşawy goramak, sebitiň halklarynyň medeni gatnaşyklaryny berkitmek; sebitara we halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işiniň esasy maksatlarydyr. Hormatly Prezidentimiz daşary syýasy başlangyçlarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ornuna uly ähmiýet berýär. Şoňa görä-de

Bilelikdäki ösüşiň täze mümkinçilikleri

Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda utgaşykly görnüşde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň 4-nji işewürlik maslahaty 28-nji noýabrda guraljak YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň başyny başlady. Oňa bu abraýly halkara düzüme girýän 10 ýurduň ugurdaş döwlet we hususy düzümleriniň, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşyp, YHG-nyň giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ilerletmegiň derwaýys ugurlarydyr geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Biz maslahatyň çäklerinde nobatdaky foruma hormatly myhman hökmünde çagyrylan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Saýed Ýahýa AKLAKI bilen söhbetdeş bolup, oňa käbir sowallar bilen ýüzlendik.

Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: gatnaşyklar berkidilýär

25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer wekiliýetleriň Baştutanlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň ХХ ýubileý mejlisiniň başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamine mejlise gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi.

Tagallalar Aşgabatda birleşýär (Ýaş žurnalistiň sözi)

Ertir paýtagtymyzda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti hem muny doly tassyklaýar Bedew batly ösüşleriň mesgeni hasaplanýan Garaşsyz Diýarymyzyň gözel paýtagty Aşgabat parahatçylygy we ösüşi amal edýän tagallalaryň, güýçleriň we maksatlaryň birleşýän ýeri. Çünki parahatçylygyň merkezi hökmünde tanalýan paýtagtymyzda umumadamzat rowaçlygyny gazanmaga gönükdirilen başlangyçlar öňe sürülýän hem-de taryhy çözgütler kabul edilýän möhüm ähmiýetli halkara maslahatlar, forumlar we duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Muňa ertir — 28-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammiti nobatdaky gezek doly güwä geçýär.

Netijeli gatnaşyklar berkidilýär

25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer wekiliýetleriň Baştutanlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Aşgabat — hoşniýetli hyzmatdaşlygyň mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän däp-dessurlaryna hormat goýmak bilen Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, taryh üçin uzak bolmadyk döwürde halkara derejesinde uly abraý gazandy. Munuň özi ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan we halkara hyzmatdaşlygynda işjeň syýasaty durmuşa geçirýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň oňyn netijeleridir.  Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň syýasy, ykdysady esaslary hormatly Prezidentimiziň ýöredýän öňdengörüjilikli we ynsanperwer syýasatynyň özenini düzmek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine netijeli täsir edýär. Türkmenistan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň tarapdary bolup durýar.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk

25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň XX ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer wekiliýetleriň Baştutanlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň mähirli salamyny we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistan üçin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Söwda-ykdysady ulgam, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, Türkmenistan bilen ŞHG-niň ýurtlarynyň arasynda haryt dolanyşygynyň düzümini kämilleşdirmek meseleleri özara bähbitli we uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Ulag ulgamynda ösüşiň kuwwatynyň, Türkmenistanda döredilýän utgaşykly ulag-logistika ulgamynyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça esasy ýollaryň birleşdirilmegine gönükdirilendigi hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ugurlarda anyk taslamalary işläp taýýarlamak maksady bilen, işewür toparlaryň gatnaşyklarynyň giňeldilmegini mundan beýläk-de goldajakdygy bellenildi.

Dostluk ýollary dowamat-dowam

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulag ulgamynyň ähli görnüşlerini döwrebaplaşdyrmakda, ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan täze gatnaw ugurlaryny ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag-logistika ulgamynyň ösdürilmeginiň esasy aýratynlygy ýurdumyzyň we tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşi üçin möhüm bolan halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr. Watanymyzyň ulag-logistika ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyryp, goňşy döwletler bilen söwda ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Şu nukdaýnazardan, milli Liderimiziň ulag howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de döwrebap we ýokary tehnologiýaly üstaşyr-ulag düzümleri döretmek babatdaky başlangyçlary möhüm ähmiýete eýedir.

Halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugry

25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ÕÕ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistan halkara başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Şolaryň maksady keselleri bejermek we olaryň öňüni almak meselelerinde hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny döretmekden, ozal bar bolanlaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan bu başlangyçlaryň goldanylmagynyň tutuş dünýäniň bähbidine olaryň netijeli durmuşa geçirilmegine, uzak möhletleýin geljekde howply ýokançlara garşy göreşmek boýunça ulgamlaýyn halkara gurallary döretmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

ŞHG bilen gatnaşyklar Bitarap Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatynyň beýanydyr

25.11.2021. Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Wise-premýer wekiliýetleriň Baştutanlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Taryhy-medeni gymmatlyklarymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň geçmiş taryhyny we baý medeni-ruhy gymmatlyklaryny dikeltmek we dünýä ýaýmak ugrunda örän uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky işler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň esasynda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berlip, BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. ÝUNESKO-nyň taryhy özüniň gözbaşyny 1945-nji ýylyň noýabrynda Londonda geçirilen halkara maslahatyndan alyp gaýdýar. Şonda ÝUNESKO-nyň Düzgünnamasyna 20 ýurduň wekilleri gol çekdiler we bu resminama 1946-njy ýylyň 4-nji noýabrynda güýje girdi. ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň birinji mejlisi 1946-njy ýylyň 20-nji noýabry —10-njy dekabry aralygynda Parižde geçirildi. ÝUNESKO-nyň Düzgünnamasynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, bu guramanyň maksatlary ählumumy hormatyň, adalatlylygyň, adam hukuklarynyň we ähli halklar üçin esasy azatlyklaryň üpjün edilmeginiň hatyrasyna ýurtlaryň arasynda bilim, ylym, medeniýet we maglumat çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmagyna ýardam etmek bolup durýar. Şu maksatlary amala aşyrmak üçin ÝUNESKO her bir ýurduň halkyna onuň öz ösüşine täsirli amal etmegi üçin bilim

Barlan iller, ýörelen ýollar (esse)

Hindiniň gözel ýurdy Orta mekdebiň okuwçysy wagtymyz geografiýa sapagyndan Aky mugallym Nepesowa (ýatan ýeri ýagty bolsun) okadýardy. Geçilýän her bir temany änigi-şänigi bilen, sözde täsin suratlandyryp düşündirerdi weli, şol ýurda gaýybana syýahata gidäýene dönerdik. Şonda «Hindistan» diýlende has heserlenenimiz, höweslenenimiz häzirem ýadymda.

ŞHG bilen gatnaşyklar Bitarap Türkmenistanyň “Açyk gapylar” syýasatynyň beýanydyr

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Wise-premýer wekiliýetleriň Baştutanlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Saglygy goraýyş ulgamy: tejribeler, tagallalar, aýdyň wezipeler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan we kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Häzirki zaman dünýäsinde ählumumy howpa öwrülen koronawirusa garşy göreşmek, onuň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyz bu guramanyň maslahatlaryna eýerip, lukmançylyk diplomatiýasy boýunça köptaraplaýyn halkara gurallary döretmek üçin täze başlangyçlary öňe sürýär. Milli Liderimiziň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin BSGG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp düzmek; guramanyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak; BSGG-niň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini; Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek meselelerini öwrenmek babatda teklipleri munuň aýdyň mysalydyr. Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekiliýeti Türkmenistanda iş saparynda bolup, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan işler, temmäkä garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň adamyň saglygyna ýetirýän oňaýsyz täs

Netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry ösüşi üpjün etmäge gönükdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi gazanylýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar, Watanymyzyň halkara abraýy belende galýar. Bitarap döwletimiziň daşary syýasy ugry dünýäniň ýurtlary, şol sanda goňşy döwletler, abraýly iri sebit we halkara guramalar, olaryň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şu maksat bilen, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, «Açyk gapylar» ýörelgesini amala aşyrmak boýunça köp tagallalar edilýär.

Bilelikde nurana geljege tarap

Möhüm wakanyň öňüsyrasyndaky oýlanmalar Türkmenistan ýene sanlyja günden iri halkara çäräni — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär. YHG-nyň güni bolan 28-nji noýabrda türkmen paýtagty bu gurama agza ýurtlaryň 9-syndan ýokary derejeli wekiliýetleri, köp sanly myhmanlary garşylar. Nobatdaky Aşgabat duşuşygynda bu düzümde Türkmenistanyň başlyklyk eden ýylynda bitirilen işlere syn berler, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, geljek üçin wezipeleri kesgitlemek babatda ýakyndan pikir alşylar, möhüm resminamalar kabul ediler. Hut şu sammit hem 14-nji sentýabrda resmi ýagdaýda öz işini tamamlap, türkmen diplomatiýasynyň taryhyna möhüm waka bolup ýazylan BMG-niň 75-nji ýubileý mejlisine gaýtadan dolanyp gelmäge esas berdi.

Türkmenistan — Hytaý: strategik häsiýete eýe hyzmatdaşlyk

22-nji noýabrda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de hytaý tarapynyň başlygy, HKP MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly komitetiň 5-nji mejlisi geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi hem-de özara hereketleriň geriminiň giňeldilmegi boýunça pikir alşyldy. Şu ýylyň başyndan bäri geçirilen möhüm, ikitaraplaýyn çäreleriň Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine düýpli itergi berendigi bellenildi. Taraplar köpugurly diplomatiýanyň, hususan-da, BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki, «Hytaý + Merkezi Aziýa» görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygy nygtadylar. Komitetiň türkmen tarapyndan ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki ýurduň Liderleri tarapyndan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi babatda kesgitlenilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegi nukdaýnazaryndan, sanly ykdysadyýet, maliýe-bank ulgamy, pes uglerodly «ýaşyl» ösüş, ulag, logistika, aragatnaşyk torlary, himiýa senagaty, oba hojalygy, energiýa we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdy

Dosta giden ýolda yzym bar meniň (Ýaş žurnalistiň sözi)

Hormatly Prezidentimiziň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagy bilen bagly dörän ýazgylar Doganlyk halklar baradaky söhbedimize Garajoglanyň dost hakdaky setirini sözbaşy saýlamagymyzyň ýeterlik sebäbi bar. Türkmen halkymyzda ozaldan «Doganyň dost bolsun» diýen parasatly jümle ýörgünli. Bu jümläniň aňyrsyndaky many doganyň seniň üçin diňe garyndaş däl, ýürekdeş hem bolmagynyň hökmanydygyny aňladýar. Doganlyk — ganyň, dostluk — ýüregiň birligi. Bu iki ýakynlyk birleşende bolsa ümzükler ileri, işler diňe rowaç bolmak bilen.

Özara hereketleriň gerimi giňeldilýär

22-nji noýabrda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de hytaý tarapynyň başlygy, HKP MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly komitetiň 5-nji mejlisi geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi hem-de özara hereketleriň geriminiň giňeldilmegi boýunça pikir alşyldy.