"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli amala aşyrmak ugrundaky tagallalary bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Bu ykrarnamanyň çäklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni milli senenamamyza altyn harplar bilen ýazylýar. 19-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen «Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022» atly XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşmagy diplomatiýa ugrundaky nobatdaky üstünligidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow umra hajyny berjaý edýär

Aşgabat — Jidda — Mekge, 1-nji iýun. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýerlere amala aşyrylýandygy bellärliklidir. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri ugratdylar. Olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ak ýol arzuw edip, Muhammet pygamberiň Watanynda etjek zyýaratynyň kabul bolmagyny dilediler.

Hyzmatdaşlygyň täze nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Ýakynda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Bu forumyň Aşgabatda geçirilmegi ýurdumyza hem-de halkymyza hormatyň nyşany bolup, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni we ynsanperwer ulgamlarda ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini ýola goýmaga Türkmenistanyň uly goşandyny, dünýäniň syýasy giňişliginde eýeleýän mynasyp ornuny görkezýär. Türkmenistanyň ynsanperwer maksatlara ýugrulan daşary syýasat ugry, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan yzygiderli işleri berk taryhy binýada, özara gatnaşyklaryň baý tejribesine, uly mümkinçiliklere esaslanýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Parlamentleriň bu işe goşýan goşandy örän uludyr. Giň demokratik esasda saýlanan halk wekilleri adamlaryň, raýatlaryň umyt-arzuwlaryna, isleglerine we meýillerine hemmelerden oňat düşünýärler hem-de özleriniň gündelik işinde şundan ugur alýarlar. Şoňa görä-de, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmak, biziň ýurtlarymyzyň her biriniň gazanýan üstünliklerini öwrenmek we olardan peýdalanmak, toplanan tejribäni oýlanyşykly ulanmak örän wajypdyr. Parlament işi hemişe

Dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen ajaýyp şygar astynda geçýän ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde uly ähmiýete eýe bolýar. Her bir günümiz şöhratly wakalara beslenip, buýsanjymyzy goşalandyrýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylyk etmeginde şu ýylyň 12-nji maýynda paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda örän üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy, şeýle hem zenanlaryň dialogy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken aýratyn ähmiýetli syýasy-jemgyýetçilik waka hökmünde taryha ýazyldy.

Gazçylaryň mekanynda

Ygtybarly üpjünçilik gazanylýar Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gaz senagaty pudagy çalt depginlerde ösdürilip, tebigy gazyň çykarylyşy düýpli ýokarlandy. Täze gaz ýataklarynyň üsti açylyp, olar senagat taýdan özleşdirildi. Bu öňdebaryjy pudakda durmuşa geçirilen we geçirilýän giň möçberli işler döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we tebigy gazyň daşary ýurtlara eksport edilmegini ýokarlandyrmaga kuwwatly itergi berdi.

Döredijilik duşuşygynda

Halypamyz — hazynamyz Golaýda şeýle at bilen Murgap etrabynyň 19-njy orta mekdebinde halypa mugallym, usulçy we belli žurnalist Muhammetberdi Annageldiýewiň zähmet ýoluna bagyşlanyp, döredijilik duşuşygy geçirildi. Etrap bilim bölüminiň we etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu duşuşyga welaýat baş bilim müdirliginden, etrap bilim bölüminden, etrabyň orta mekdeplerinden, şeýle-de, welaýatyň dürli künjeklerinden bilim, medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar gatnaşdylar. Duşuşygy etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Ejebaý Atagarryýewa we etrabyň 37- -nji orta mekdebiniň mugallymy Sülgün Gurbanowa täsirli alyp bardylar.

«Ak şä­he­rim Aş­ga­bat» at­ly XXI kö­pu­gur­ly hal­ka­ra ser­gi­si üstünlikli ge­çi­ril­di

25-nji maýda türk­men paý­tag­tyn­da öz işine başlan «Ak şä­he­rim Aş­ga­bat» at­ly XXI kö­pu­gur­ly hal­ka­ra ser­gi iki gün dowam etdi. Bu göz­den ge­çi­ri­liş ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­ni şä­her­gur­lu­şyk ul­ga­myn­da mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­de ga­za­ny­lan­la­ry hem-de gel­jek­ki müm­kin­çi­lik­le­ri açyp gör­kez­mä­ge, bu ugur­da hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge ýar­dam be­rer. «Ak şä­he­rim Aş­ga­bat» at­ly XXI kö­pu­gur­ly hal­ka­ra ser­gä ýer­li hem-de da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň 80-den gow­ra­gy gat­naşdylar.

Hoşniýetli hyz­mat­daş­lyk ös­dü­ril­ýär

25-nji maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­dow «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Stýuart we «Nicklaus Com­pa­nies» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry, di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­sy Jon Riz bi­len du­şuş­dy. Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li hä­si­ýe­ti bel­le­nil­di, şo­lar­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn orun be­ril­ýär.

Daşoguzdaky täze saglygy goraýyş desgalary

innowasiýalaryň häzirki zaman gazananlaryna esaslanýar Düýn ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasy we onkologiýa hassahanasy milli jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap desgalarynyň üstüni ýetirdi. Täze lukmançylyk edaralaryna dürli ugurlar boýunça güwänamalaryň berilmegi bolsa olaryň innowasion derejesiniň, lukmançylyk enjamlarynyň ylmyň iň häzirki zaman gazananlaryna esaslanýandygynyň halkara ykrarnamasyna öwrüldi.

Deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara bähbitlilik

23-nji maýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz kärdeşini şanly 75 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşler dost-doganlyk gatnaşyklary berk ýola goýlan Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygyny islendik wagt Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy, şol saparyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Belent hormatyň nyşany

Diýarymyzda ýaşaýan her bir türkmenistanlynyň ýüreginde Watana söýgi joş urýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda merdana halkymyzyň el-ele berip, agzybirlikde, jebislikde garşylaýan her bir güni toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. Halkymyzda: «Türkmene baýram gelse, goşa-goşadan geler» diýen ajaýyp aýtgy bar. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň şanly 30 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Şol taryhy günlerde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putiniň degişli Permany esasynda Arkadagly Serdarymyz «Dostluk» ordeni bilen sylaglandy. Bu hoş habar merdana hem zähmetkeş halkymyzy diýseň guwandyrdy. Hormatly Prezidentimize berlen bu sylag däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryň mizemezligiň aýdyň beýanydyr.

Beýik işleriň eýýamy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli künjeklerinde uly joşguna beslenip geçirilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllyk baýramçylygy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bir bütewi, kuwwatly we gülläp ösýän döwlet hakynda hasyl bolan köp asyrlyk arzuwlarynyň barha rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi. Ýurdumyzyň durmuşyndaky bu möhüm ähmiýetli baýramçylyk günlerinde üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy, şeýle hem Zenanlaryň dialogy halkara derejesindäki aýratyn ähmiýetli syýasy waka hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Bu syýasy forumlaryň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilmeginiň hem özboluşly taryhy ähmiýeti bar. Hormatly Arkadagymyzyň dünýäde parahatçylygy, abadançylygy pugtalandyrmakda, halkara derejesindäki ähli çylşyrymly meseleleri diplomatik ýollar arkaly çözmekde, durnukly ösüşleri üpjün etmekde amala aşyran beýik işleri bu günki günde özüniň ýokary netijelerini berýär.

«Statistiki maglumatlar ygtybarly hem elýeterli bolmalydyr»

Düýn Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda Türkmenistanyň milli statistika ulgamyna bahalandyrma bermek maksady bilen Aşgabada gelen bilermenler wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Onda wekiliýetiň ýolbaşçysy, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň uly statistigi Stiwen Weýl, statistik Marlen Jigitekow, Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasynyň Statistika müdirliginiň direktory Wolker Týube hem-de onuň orunbasary Marius Andersen çykyş edip, missiýanyň maksady, milli statistika ulgamyna baha bermekde toplanan tejribeler, bu ugurda öňde durýan wezipeler barada giňişleýin durup geçdiler. Metbugat maslahaty interaktiw görnüşde guralyp, onuň dowamynda žurnalistler özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar. Stiwen WEÝL, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň uly statistigi, halkara bilermenler wekiliýetiniň ýolbaşçysy:

«Aşgabadyň hormatly raýatydygyma buýsanýaryn»

Walentina MATWIÝENKO,Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty. Men Türkmenistany, onuň gözel paýtagty Aşgabady söýýärin. Birnäçe ýyl ozal özüme «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen adyň berlenine diýseň buýsanýaryn. Türkmenistanda bolup geçýän ähli wakalara, özgertmelere yzygiderli syn edip, ýurduň üstünliklerine tüýs ýürekden begenýärin. Ýurt hem, onuň paýtagty Aşgabat hem örän çalt ösýär. Men Aşgabada öňki gezek bäş ýyl mundan ozal gelipdim, «Merkezi Aziýa — Russiýa» görnüşinde guralan Parlamentara foruma we zenanlaryň dialogyna gatnaşmak üçin ýakynda amala aşyran saparymyz bolsa şäheriň näderejede ösüp-özgerendigini has aýdyň görkezdi. Ak mermerli şäher ýaşaýjylaryň gözüniň öňünde gün-günden gülläp ösýär. Türkmenistanlylar öz paýtagt şäherlerine buýsanmaga haklydyrlar. Şäheriň köçelerindäki arassaçylyk, tertip-düzgün bada-bat ünsi çekýär. Şu babatda Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleri bilen hem mynasyp bäsleşip biljekdigini nygtamak isleýärin.

Dostdo­gan­lyk gat­na­şy­gy

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ­Baş­ly­gy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­na gul­luk iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­ma­gy iki do­gan­lyk hal­kyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gin­de tä­ze ba­dal­ga bo­lup hyz­mat eder. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ka­zan şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Rus­si­ýa — ys­lam dün­ýä­si: Ka­zanSum­mit 2022» XIII hal­ka­ra yk­dy­sa­dy sam­mi­ti­ne hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­naş­ma­gy we iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ryň bir­nä­çe­si­ni ge­çir­me­gi, di­ňe bir hal­ky­my­zyň däl, eý­sem hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­giňde ün­sü­ni özü­ne çek­di. Bu bol­sa Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy ber­kit­mek­de we ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny hal­ka­ra de­re­je­de şöh­rat­lan­dyr­mak­da, dün­ýä döw­let­le­ri we hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de uly hyz­mat­lary bi­ti­ren Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ge­çir­ýän her bir du­şu­şy­gy­nyň, ama­la aşyr­ýan iş sa­par­la­ry­nyň uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Rus­tam Min­ni­ha­no­wyň mil­li Li­de­ri­mi­zi «Ta­ta­rys­ta­nyň öňün­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin» or­de­ni bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da­ky Per­ma­na gol çek­me­gi we ony sa­pa­ryň çäk­le­rin­de gow­şur­ma­gy hal­ky­myz­da

Belent hormatyň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň guwançly wakalary, şatlykly habarlary kalbymyzy joşa getirýär. Şanly ýylyň tamamlanyp barýan maý aýynda şatlykly wakalardyr habarlaryň ençemesine şaýat bolmagymyzyň özi hem göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany esasynda «Dostluk» ordeni, Gahryman Arkadagymyzyň bolsa, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglanmagy hem şeýle ajaýyp wakalardyr. Ýeri gelende, şol wakalaryň öňüsyrasynda ak mermerli paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlarynyň dialogynyň geçirilmegi bütin dünýäde uly seslenme döredip, ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterendigini bellemek ýakymlydyr. Şol halkara çäreleriň ýokary derejede geçmeginde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bardyr.

Aşgabat dost-doganlygyň merkezi

Halkymyzda «Myhman az otursa-da, köp synlar» diýen aýtgy bar. Owal-ahyrdan Watanymyza gadamy düşen islendik syýahatçynyň ýa-da jahankeşdäniň türkmen topragynda näçe günlük düşlese-de, halkymyzyň myhmansöýerlik däp-dessurlaryndan başlap, ençeme täsirlenmeler bilen ýakymly ýatlamalary alyp gidipdir. Ýatlamalar bolsa dillere düşüp, güneşli topragymyz baradaky täsin gürrüňler rowaýatlara öwrülip, ilden illere geçipdir, halklaryň arasynda ýaýrapdyr. Biz – türkmenler hakynda «Gündogarda şeýle bir halk bar, agzybirlik olaryň ýörelgesi, parahatçylyk göreldesi» diýen ýaly pikirler bolupdyr. Bu babatda gadymy taryhy çeşmeleriň islendigine salgylansak hem şunuň ýaly maglumatlara gabat gelmek bolýar. Halkymyzyň şeýle yzy üzülmän gelýän asylly ýol-ýörelgelerine, edim-gylymyna bu günki gün hem bütin dünýä şaýat. Bu hakynda olar öz sözlerinde-de aýdýarlar. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň ýardam bermeginde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumyna gatnaşmaga gelen birnäçe myhmanlar bilen tanyşlyk açdyk, dostlaşdyk, gatnaşyklarymyzy saklamak üçin öz internet bukjalarymyzyň salgylaryny alyşdyk. Şeýlelikde, golaýda olar bilen internet arkaly habarlaşyp, ýurdumyz hakyndaky özlerinde galan täsirleri baradaky gürrüňlerini eşitdik. Biz hem şol süýji söhbetleri oky

Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar berkidilýär

Aşgabat, 23-nji maý (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, kärdeşini şanly 75 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Türkmen-gazak gatnaşyklary giňeldilýär

20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi. Duşuşykda şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýän biziň ýurtlarymyzyň geçen ýyllaryň dowamynda nusgalyk döwletara hyzmatdaşlygy ýola goýandygy nygtaldy. Söhbetdeşler özara gyzyklanmany nazara almak bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, senagat we oba hojalyk ulgamlary esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlardaky özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, türkmen gazyny goňşy ýurda ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Ygtybarly geljegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän wakalar Gahryman Arkadagymyzyň kemala getiren, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän döwletlilik ýolunyň halkara ähmiýetini barha giňden açyp görkezýär, döwletiň, halkyň ynamly şu güni, ygtybarly geljegi üçin alnyp barylýan syýasatyň nusgalyk ýollarynyň we tejribesiniň düýp mazmunyny salgy berýär. Syýasat döwletiň maksatlaryny durmuşda şöhlelendirýän iň zerur hereket bolup, onuň netijeleri ýurduň, halkyň ösüşinde anyk ýagdaýlar bilen ýüze çykan halatynda, hakyky demokratiýanyň, dünýewi, hukuk döwletiniň ynamly ösüş ýoluna öwrülýär, umumadamzat gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde öňde goýlan maksatlara ýetmäge şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň döreden, kämilleşdiren, dünýä derejesine çykaran döwlet syýasatynyň ählumumy ösüşiň häzirki döwürdäki çagyryşlaryna jogap bolup orta çykýandygynyň, halkara derejede ykrar edilýändiginiň sebäbi hem şunda bolsa gerek.