"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Tähran duşuşygynyň jemleri boýunça möhüm resminamalara gol çekildi

Şu gün Tähranda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgüniň eýwanynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular. Umuman, hormatly Prezidentimiziň Eýrana nobatdaky saparynyň çäklerinde möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Serdar Berdimuhamedow bilen Ebrahim Raisiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün Eýran Yslam Respublikasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.  Köşgüň ikiçäk duşuşyklar zalynda açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-eýran gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na res­mi sa­pa­ry baş­lan­dy

Aş­ga­bat — Täh­ran, 14-nji iýun. Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow res­mi sa­par bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na ug­ra­dy. Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýur­du­my­zyň res­mi adam­la­ry ug­rat­dy­lar. Bir sa­gat­dan gow­rak wagt­dan soň­ra, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň uça­ry iki dost­luk­ly ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry bi­len be­ze­len Täh­ra­nyň “Meh­ra­bad” Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gon­dy. Bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň res­mi adam­la­ry hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.

Ylym-bi­lim — hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ug­ry

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len oňyn gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne, ylym-bi­lim ul­gam­y­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ar­ka­ly saz­la­şyk­ly kä­mil­leş­me­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa­nyň ara­syn­da­ky stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly go­şan­dy üçin, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň «Dost­luk» or­de­ni bi­len sy­lag­lan­ma­gy iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ösü­şi­niň ulu­dy­gy­ny aý­dyň­ly­gy bi­len tas­syk­la­ýar. Bu ab­raý­ly sy­la­gy Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar­da, halk­la­ryň ara­syn­da aba­dan­çy­ly­gy, je­bis­li­gi pug­ta­lan­dyr­mak­da alyp bar­ýan adyl sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä­de do­ly yk­rar edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Türkmenistanyň ýoly — dostlugyň ýoly

Ählumumy parahatçylygy hem howpsuzlygy üpjün etmäge önjeýli goşant goşmak, BMG-niň adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, sebitde we dünýäde dostluk gatnaşyklaryny, ählumumy hyzmatdaşlygy berkitmek, ykdysady gatnaşyklary deňhukukly ýola goýmak, ynamdar we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlary artdyrmak, dawalary parahatçylykly, syýasy gepleşikler arkaly çözmek we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Şonuň netijesinde häzirki döwürde daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin türkmen bazary özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda, has takygy, 10-njy iýunda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi sapary we onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklardyr gol çekilen resminamalar hem onuň şeýledigini ýene bir ýola subut etdi. Aprel aýynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl, bu iki dostlukly döwletleriň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda esas goýujy şertnamanyň gol çekilenine 20 ýyl doldy. Bu resminama hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny düşünişmek, özara bähbitlere hormat goýmak, deňhukuklylyk esasynda ösdürýän ýurtlarymyzyň köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň tutuş toplumy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Şondan bäri geçen döwrüň dowamynda rus tarapy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan hy

Türkmenistan — Russiýa: şanly taryhyň täze sahypasy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tomsuň ilkinji aýynyň onulanjy gününde Russiýa Federasiýasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikler türkmen-rus gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypanyň ilkinji setirlerini ýazdy. Dostlukly döwletde türkmen Liderine bildirilen hormat bolsa, ýürekdeşligi has-da ýakynlaşdyrdy. Gazetimiziň şu sanynda Arkadagly Serdarymyzyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparynyň käbir aýratynlyklary hakda söz açmagy makul bildik. Türkmen dostlugy — dünýäde ykrar

Türk­me­nis­tan — Eý­ran: halklary dostlaşdyrýan gatnaşyklar

Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek ar­ka­ly goň­şy ýurt­lar, şol san­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­rýär. Türk­me­nis­ta­nyň Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len öza­ra yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan gat­na­şyk­la­ry hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne eýe bo­lup, dür­li ul­gam­lar­da ös­dü­ril­ýär.

Mosk­wa du­şu­şy­gy: mi­ze­mez dost­luk, stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na il­kin­ji res­mi sa­pa­ry ba­ra­da söh­bet Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 10-njy iýun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow res­mi sa­par bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da bol­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň il­kin­ji res­mi sa­pa­ry­na sa­par­daş bol­ma­gyň hiç ha­çan kö­nel­me­jek te­reň tä­sir­le­ri bi­len, Mosk­wa­da göz­de ga­lyp, göw­ne or­nan gör­nüş­le­ri, wa­ka­la­ry, pur­sat­la­ry aňym­da aý­la­ýa­ryn, se­rim­de sal­dar­la­ýa­ryn...

Belent hormatyň nyşany

Hal­ky­myz­da dost-do­gan­ly­ga uly sar­pa go­ýul­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni asyr­lar aşyp, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­ten ata­lar söz­le­rin­den, na­kyl­lar­dan hem bil­mek bol­ýar. «Dost — dos­tuň aý­na­sy», «Özü­ňi süýt bil­gin, dos­tu­ňy gaý­mak», «Dost tu­tar­lar öň­li-soň­ly, don bi­çer­ler ýeň­li-ýan­ly» diý­len pä­him­ler­de dost­lu­ga be­lent sar­pa­nyň be­ýa­ny bar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na res­mi sa­pa­ry dostana hal­ky­my­zy has-da be­gen­dir­di. Asyr­lar­dan göz­baş al­ýan türk­men-rus dost­lu­gy Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de be­lent de­re­je­le­re ýet­ýär. Mu­ňa Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň Per­ma­ny esasynda «Dost­luk» or­de­ni bi­len sy­lag­lan­ma­gy hem gü­wä geç­ýär. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi dost­luk­ly ýur­duň bu ýo­ka­ry döw­let sy­la­gy bi­len sy­lag­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­rys.

Türkmenistan — Eýran: şygyrlar çemeni

Köňül kelamy Geçmişi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan halkymyzyň şöhratly taryhy bar. Öz taryhynda ençeme döwletleri gurup, şöhratlanan türkmen halky dünýäniň çar ýanyna ýaýramak bilen, dürli ýerlerde mesgen tutup, baý medeni gymmatlyklary döredipdir. Muňa türkmenleriň dünýäniň ençeme ýurtlarynda ýaşaýandyklary, döredijilik we beýleki dürli ugurlar bilen meşgullanyp, türkmen diýen belent ady dünýä ýaýýandyklary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle ýurtlaryň biri hem goňşy Eýran döwleti, ýagny Eýran Yslam Respublikasydyr.

Dostlukly Russiýa resmi sapar

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişenden soň ilkinji resmi saparydyr 10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparda boldy. Şeýlelikde, bu sapar strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan hem-de dostluk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama

Mundan beýläk Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky 2002-nji ýylyň 23-nji aprelindäki Şertnamada we Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabryndaky Şertnamada esaslary goýlan türkmen-rus gatnaşyklarynyň binýatlyk ýörelgelerini goldanyp, soňky ýyllarda taraplara strategik hyzmatdaşlygy düýpli pugtalandyrmagyň başardandygyny nygtap, köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklara uzak möhletleýin häsiýet bermäge, bu gatnaşyklary dünýä ykdysadyýetindäki häzirki şertleri we meýilleri nazara alyp, syýasy, ykdysady, söwda, maýa goýum, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hem-de geljegi uly bolan beýleki ugurlarda has işjeň ösdürmäge çalşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň iki döwletiň gülläp ösmegine, şeýle-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynanyp, şu aşakdakylar barada beýan edýärler: Taraplar şunuň bilen öz arasynda çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny yglan edýärler, bu hyzmatdaşlyk dürli ugurly we köptaraply gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmagy hem-de ikitaraplaýyn derejede we halkara giňişlikde çuňlaşdyrylan hyzmatdaşlyk üçin olara aýratyn ysnyşykly, depginli häsi

TÜRKMENISTAN – RUSSIÝA: TARYHY HYZMATŞDALYGYŇ GELJEGI

Ynsanperwerligi, dost-doganlygy, parahatçylygy baş şygar edinen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasaty esasynda dünýä döwletleri bilen uzakmöhletleýin gatnaşyklary barha giňeýär. Türkmen we rus halklarynyň müňlerçe ýyllardan bäri dowam edip gelýän dostluk-doganlyk gatnaşyklary Russiýanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň tagallalary esasynda has okgunly häsiýete, täze öwüşgine eýe bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynyň täze sahypasyny açdy diýsek, has dogry bolardy. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara ylmy we ykdysady forumlar, pudaklaýyn sergiler, şeýle hem medeni çäreler, dürli derejelerdäki wekiliýetleriň alşylmagy muňa ýardam edýär. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan oblastynyň, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk hem özüniň çägini giňeldýär.

Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýy artýar

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz halkara giňişliginde täze üstünliklere eýe bolýar. Şu ýylyň 25-nji martynda geçirilen ýurdumyzyň Hökümetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylandygyny habar beripdi. Ýurdumyzyň BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy möhüm ähmiýetli wakadyr. Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny barha giňeldýän hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesi has-da beýgelýär. Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasynyň Geňeşe agza döwletler tarapyndan biragyzdan makullanmagy-da buýsandyryjydyr. Ýakynda, ýagny 2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul edipdi.

TÜRKMENISTAN — AZERBAÝJAN: diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli teleköpri

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň arasynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli teleköpri geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministrlikleriniň, ady agzalan ýokary okuw mekdepleriň wekilleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň Azerbaýjandaky ilçileri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Teleköprini Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň wekili A.Hajyýewa gutlag sözi bilen açdy. Onuň başynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Işangulyýew, Azerbaýjan tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi G.Zeýlanow, Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň prorektory F.Ismailzade çykyş edip, iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň saparlary, döwletleriň syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer we söwda-ykdysady ugurlardaky gatnaşyklarynyň günsaýyn ösdürilýändigini, aýratyn hem geçen ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministrleri tarapyndan Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagy boýunça Ähtnamanyň baglaşylmagynyň oňyn ähmiýeti barada belläp geçdiler.

Türkmen-rus gatnaşyklary pugtalanýar

«7/24.tm», № 24 (107), 13.06.2022 Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri-de dostlukly döw­let­ler bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi bo­lup dur­ýar. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da hem giň ge­rim­li gat­na­şyk­la­ry has-da pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Paýdarlar «Shopify»-iň paýnamasyny tassyklaýarlar

«Shopify» elektron söwda kompaniýasynyň paýnamalary paýdarlar tarapyndan tassyklandy. Kompaniýanyň meýilnamalaryna görä, bölünen paýnamalaryň paýlanyşy söwda gutarandan soň 28-nji iýunda başlar. Dünýädäki elektron söwdasy 2025-nji ýyla çenli, takmynan, ABŞ-nyň 7,4 trillion dollaryna ýeter diýlip garaşylýar. Öňdebaryjy täjirçilik telekeçilik hyzmatlaryny üpjün edijileriň biri hökmünde «Shopify» bu dowam edýän tendensiýadan peýdalanyp biler.

Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ha­kyn­da JAR­NA­MA

Mun­dan beý­läk Ta­rap­lar diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Türk­me­nis­tan we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy Dost­luk we hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da­ky 2002-nji ýy­lyň 23-nji ap­re­lin­dä­ki Şert­na­ma­da we Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da 2017-nji ýy­lyň 2-nji okt­ýab­ryn­da­ky Şert­na­ma­da esas­la­ry goý­lan türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň bin­ýat­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni gol­da­nyp, soň­ky ýyl­lar­da ta­rap­la­ra stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy düýp­li pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ba­şar­dan­dy­gy­ny nyg­tap, kö­pu­gur­ly iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ra uzak möh­let­le­ýin hä­si­ýet ber­mä­ge, bu gat­na­şyk­la­ry dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­dä­ki hä­zir­ki şert­le­ri we me­ýil­le­ri na­za­ra alyp, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, söw­da, ma­ýa go­ýum, yl­my-teh­ni­ki, me­de­ni-yn­san­per­wer hem-de gel­je­gi uly bo­lan beý­le­ki ugur­lar­da has iş­jeň ös­dür­mä­ge çal­şyp, iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň we çuň­laş­dyr­ma­gyň iki döw­le­tiň gül­läp ös­me­gi­ne, şeý­le-de se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy ber­kit­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne yna­nyp, şu aşak­da­ky­lar ba­ra­da be­ýan ed­ýär­ler: Ta­rap­lar şu­nuň bi­len öz ara­syn­da çuň­laş­dy­ry­lan stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la goý­lan­dy­

Halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň möhüm ugry

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 12-13-nji maýy paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň we zenanlaryň dialogynyň geçirilen senesi hökmünde şöhratly taryhymyzyň altyn sahypasyna ýazyldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny ýokary derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolar. Şeýle hem sebitde hyzmatdaşlygy goldamak, syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda parlamentara dialogyň ornuna aýratyn ähmiýet bermek, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen derwaýys çözgütleriň kabul edilmeginde parlamentarilere hem-de zenanlara giň mümkinçilik döretmek bilen bagly ugurlarda täze gözýetimleri açar.

Wajyp wezipeler gün tertibinde

6-njy iýunda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi. Türkmenistan BMG-niň ýokary wezipeli wekiliniň ýakynda Täjigistanda geçiriljek «Durnukly ösüş üçin suw» atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinde gelen ilkinji ýurdy boldy. Şoňa görä-de, duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar, dürli ugurlarda durmuşa geçirilen taslamalaryň onlarçasy şol hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şeýle-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň çäklerinde bilelikde işlemegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda beýan edilen wezipeler Türkmenistany 2052-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen möhüm maksatlara hem-de wezipelere laýyk gelýär.