"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanayi Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjanyň duşuşygy boldy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Ça­lyk Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

Aş­ga­bat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow “Ça­lyk Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ah­met Ça­ly­gy ka­bul et­di. Türk işe­wü­ri du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň kä­bir ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­riş­me­gi, şeý­le-de giň­den bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni bi­len gut­lap, türk­men hal­ky­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Po­li­meks” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

Aş­ga­bat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Tür­ki­ýä­niň “Po­li­meks In­şa­at Taahhüt ve Sa­nayi Ticaret A.Ş.” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Erol Ta­ban­ja­ny ka­bul et­di. Işe­wür du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dur­mu­şyň äh­li ul­gam­la­ryn­da ýo­ka­ry ösüş ga­zan­ýan Türk­me­nis­tan bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ma­ýa go­ýum üçin dö­re­di­len amat­ly şert­ler we bar bo­lan ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler Tür­ki­ýä­niň, umu­man, da­şa­ry ýurt­la­ryň işe­wür dü­züm­le­ri üçin türk­men ba­za­ry­nyň özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni art­dyr­ýar. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, “Po­li­meks” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ýur­du­myz­da bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Rö­ne­sans Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

Aş­ga­bat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow “Rö­ne­sans Hol­ding” türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­ja­gy ka­bul et­di. Işe­wür du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, Tür­ki­ýä­niň işe­wür to­par­la­ry­nyň ägirt uly yk­dy­sa­dy kuw­wa­ta eýe bo­lan hem-de oňyn hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýan Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni nyg­ta­dy.

Ynsanperwerlik ýüki Owganystana gowşuryldy

Türkmen halky hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýertitreme zerarly heläkçilik çekenlere ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, goňşy döwletiň doganlyk halkyna azyk önümlerinden, dürli görnüşli dermanlyk we arassaçylyk serişdelerinden, köp mukdardaky hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik ýüküni iberdi. Ol Kabul şäherine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda ugradylan ynsanperwerlik ýüki hem türkmen halkynyň owgan halkynyň durnukly ösüşine nobatdaky goşandy boldy.

Goňşy ýurda ynsanperwer kömegi

Türkmen halky hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýertitreme zerarly heläkçilik çekenlere ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, goňşy döwletiň doganlyk halkyna azyk önümlerinden, dürli görnüşli dermanlyk we arassaçylyk serişdelerinden, köp mukdardaky hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik ýüküni iberdi. Ol Kabul şäherine ýetirildi. Goňşy halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we ösdürmek, zerur halatynda doganlyk goluny uzatmak türkmenleriň gadymdan bäri nesilden-nesle geçirip gelýän asylly ýörelgesidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda ugradylan ynsanperwerlik ýüki hem türkmen halkynyň owgan halkynyň durnukly ösüşine nobatdaky goşandy boldy.

Ynsanperwerlik ýüki Owganystana gowşuryldy

Türkmen halky hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýertitreme zerarly heläkçilik çekenlere ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, goňşy döwletiň doganlyk halkyna azyk önümlerinden, dürli görnüşli dermanlyk we arassaçylyk serişdelerinden, köp mukdardaky hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik ýüküni iberdi. Ol Kabul şäherine ýetirildi. Goňşy halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we ösdürmek, zerur halatynda doganlyk goluny uzatmak türkmenleriň gadymdan bäri nesilden-nesle geçirip gelýän asylly ýörelgesidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda ugradylan ynsanperwerlik ýüki hem türkmen halkynyň owgan halkynyň durnukly ösüşine nobatdaky goşandy boldy.

Türkmen harytlary — Seuldaky sergide

23 — 25-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde import harytlarynyň halkara sergisi geçirildi. Dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan kompaniýalaryň 70-e golaýynyň gatnaşmagynda guralan bu iri gözden geçirilişde ilkinji gezek Türkmenistanda öndürilen dokma önümleri hem görkezildi. Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan milli pawilýonymyzda ýerleşdirilen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma harytlarymyz, amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklarymyz sergä gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Hususan-da, köpugurly sergä gatnaşyjylara «Türkmenistanda öndürilen» ýazgy bilen dünýä bazarlarynda-da uly islegden peýdalanýan «Nusaý», «Gala», «Goza», «Merw», «Bedew» haryt nyşanly dürli görnüşli dokma önümleri, trikotaž, jins, keteni, nah we ýüpek matalary hödürlenildi. Milli pawilýonymyzda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna hem aýratyn orun berlipdir. Şolaryň arasynda milli Liderimiziň eserleriniň koreý dilinde neşir edilen nusgalary hem bar. Bu ýerdäki dürli görnüşli kitapçalarda ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanan üstünlikleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Türkmen el halylary, milli lybaslarymyzdyr el işleri, zergärçilik sungatynyň önümleri bolsa halkymyzyň baý medeni mirasynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýär.

Ha­zar­ýa­ka port­lar: netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine

II. EÝ­RAN Ha­zar deň­zi­niň Eýran Yslam Respublikasyna degişli ke­na­ryn­da gün­do­gar­dan gün­ba­tara çen­li Türk­men, Ho­ja­ne­pes, Gäz, Ami­ra­bad, Ne­ka, Ba­bol­sar, Fe­reý­dun­ke­nar, Nou­şehr, Çam­ha­le, Ki­ýa­şehr, Kas­pi­ýan, Ça­lus, En­ze­li, As­ta­ra ýa­ly de­ňiz port­la­ry bar. Ola­ryň için­de has äh­mi­ýet­li­si En­ze­li, Ami­ra­bad, Ne­ka, As­ta­ra, Nou­şehr ha­sap­lan­ýar. Eý­ra­nyň Port­lar we gä­mi­çi­lik gu­ra­ma­sy­nyň 2025-nji ýy­la çen­li de­ňiz ulag­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, bu ugra 2 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum­lar gö­nük­di­ril­di. Tas­la­ma­nyň çä­gin­de Eý­ran de­ňiz des­ga­la­ry­ny gur­ma­gy ma­li­ýe­leş­dir­mek ba­ra­da Sin­ga­pur bi­len yla­la­şy­ga gol çek­di.

Deňhukuklylyk, özara düşünişmek, ynanyşmak

20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi «CNPC-niň» ýolbaşçysy hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. HHR-iň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny berkitmäge çalyşýarlar hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna, iri düzümleýin taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan edýärler. Döwlet Baştutanymyz «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň Hytaý bilen strategik häsiýete eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtap, deňhukuklylyk, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgelerine we taraplaryň hoşmeýilli erkine esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze many-mazmun bilen üstüniň ýetirilendigini belledi. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, ýangyç-energetika ulgamynda özüni ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde görkezen «CNPC-niň» köpýyllyk gatnaşyklardaky oňyn ornuny

Hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary

Döwletimiz oňyn Bitaraplyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, ençeme ýurtlar bilen hoşniýetli dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyz hemişe dost-doganlyk gatnaşyklaryna örän uly üns beripdir. Bir-birege ynanyşmak arkaly giň gerime eýe bolan şol gatnaşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär. 10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň çäginde syýasy, söwda-ykdysady, hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Häzirki döwürde gol çekilen şeýle resminamalaryň sany 288-e ýetdi. Ýene bir aýratyn bellemeli wakalaryň biri Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany esasynda Arkadagly Serdarymyzyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglanmagy türkmen-rus dostluk gatnaşyklarynyň aýratyn häsiýetini nobatdaky gezek ýüze çykardy.

«Ýaşyl» geljek ugrunda

23-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähetleri» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygynda Beýik Britaniýanyň «GaffneyСline» kompaniýasynyň ýardam bermeginde guraldy. Foruma Hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän halkara missiýalaryň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

«Ýa­şyl» ener­ge­ti­ka we dur­nuk­ly ösü­ş: häzirki zamanyň talaplaryndan ugur alyp

Düýn paý­tag­ty­myz­da­ky «Ýyl­dyz» myh­man­ha­na­syn­da «Ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ma­gyň eko­lo­giýa jä­het­le­ri» ady bi­len ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra yl­my mas­la­hat döw­let eda­ra­la­ry­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­ny­dyr we­kil­le­ri­ni, ener­ge­ti­ka ul­ga­my bo­ýun­ça bi­ler­men­ler­dir işe­wür­le­ri, yl­my hem-de dip­lo­ma­tik jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri­ni «ýa­şyl» ener­ge­ti­ka bi­len bag­ly pi­kir alyş­ma meý­dan­ça­sy­nyň da­şy­na jem­le­di. Biz no­bat­da­ky eko­lo­giýa fo­ru­myna gat­na­şyp, onuň mej­lis­le­rin­de çy­kyş eden myh­man­la­ryň ener­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň gel­je­gi ba­ra­da­ky pi­kir-ga­ra­ýyş­la­ry bi­len gy­zyk­lan­dyk. Dmit­riý ŞLA­PA­ÇEN­KO,BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy:

Ha­zar­ýa­ka port­lar: netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine

Dün­ýä geo­sy­ýa­sa­tyn­da we geoyk­dy­sa­dy­ýe­tin­de has mö­hüm se­bit­le­riň bi­ri bo­lan Ha­zar deň­zi­niň hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy­nyň kes­git­len­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň des­lap­dan Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri bi­len el-ele, egin-eg­ne be­rip, uly ta­gal­la­lar eden­di­gi­ni, ne­ti­je­de, 2018-nji ýyl­da Ak­tau­da ge­çen V sam­mit­de bu res­mi­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi­ne uly go­şant go­şan­dy­gy­ny tu­ruw­baş­dan bel­le­mek ze­rur. 2019-njy ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da bol­sa mil­li Li­de­ri­miz, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­nyň ser­he­din­de ýer­le­şen bu se­bi­tiň yk­dy­sa­dy ut­gaş­ma­syn­da tä­ze meý­dan­ça­nyň bin­ýa­dy­ny goý­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň VI sam­mi­ti hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da aý­ra­tyn or­na eýe bo­lan Ha­zar ug­ru­nyň has iş­jeň­leş­me­gi üçin tä­ze hu­kuk bin­ýa­dy­ny dö­re­der. Se­bi­tiň dün­ýä geo­sy­ýa­sa­tyn­da­ky äh­mi­ýe­ti­ni mun­dan beý­läk-de art­dyr­ma­ga, Ýew­ra­zi­ýa­nyň dür­li yk­lym­la­ry­ny bir­leş­dir­jek ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka, se­na­gat-inf­rastruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­ny tä­ze­den jan­lan­dy

Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na saý­la­nyl­ma­gy

ýur­du­my­za bil­di­ri­len uly yna­myň ny­şa­ny­dyr Go­laý­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ştab-kwar­ti­ra­syn­dan ýur­du­my­za hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy: Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na saý­la­nyl­dy. Türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň bu tä­ze üs­tün­li­gi­ne biz, oza­ly bi­len, dün­ýä­niň geo­sy­ýa­sy gi­ňiş­li­gin­de «Türk­me­nis­tan» at­ly par­lak ýyl­dy­zyň has ýi­ti ýal­kym saç­ma­gy ug­run­da ir­gin­siz ta­gal­la eden mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bi­ti­ren hyz­mat­la­ry­na, öňe sü­ren hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­na çäk­siz hor­mat-sar­pa­nyň ny­şa­ny hök­mün­de buý­san­ma­ga hak­ly­dy­rys. Ga­ly­ber­se-de, mu­nuň özi ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne gi­riş­mek da­ba­ra­syn­da: «Türk­me­nis­tan hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga, öza­ra hor­mat­la­ma­ga we deň­hu­kuk­ly­ly­ga, dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga esas­la­nan Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny do­wam eder» di­ýip, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da ozal­ky sy­ýa­sy ga­ra­ýyş­la­ryn­da gal­ýan­dy­gy­ny tas­syk­lan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň saý­lap alan ug­ru­na bil­di­ri­len uly yna­myň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi bi­len gat­na­şyk­lar­da top­la­nan 30 ýyl­lyk tej­ri­bä, döw­le­ti­mi­ziň da

Dostlukly hyzmatdaşlyk pugtalanýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda halkara hyzmatdaşlygy, netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi sapary munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda gazanylan ylalaşyklar gol çekilen döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarda öz beýanyny tapdy. Eýran Yslam Respublikasy döwletimiziň öňden gelýän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda oňyn gatnaşyklar giňden ösdürilýär. Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Maryda halkara mediaforum geçirildi

Şu gün Medeniýet hepdeliginiň çäginde Mary şäherindäki adybir myhmanhanada sanly ulgam arkaly halkara mediaforum geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ozal hem habar berlişi ýaly, halkara derejeli çärelerdir duşuşyklaryň geçirilmegi Marydaky hepdeligiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara hyzmatdaşlykdaky orny» atly halkara mediaforumda edilen çykyşlarda bu hyzmatdaşlyga ýokary baha berlip, onuň geljekki wezipeleri kesgitlenildi.

Dostlukly gatnaşyklara täze badalga

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly, parahatçylyk söýüji hyzmatdaşlygyny barha berkidýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda goňşy Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi sapary Türkmenistanyň özara bähbide, deňhukuklylyga, parahatçylyga hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň nobatdaky subutnamasy bolmak bilen birlikde, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berdi. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň goňşy döwletiň ýolbaşçy düzümleri bilen geçiren ýokary derejedäki gepleşikleri hem subut etdi. Geçirilen duşuşyklarda tagallalary birleşdirmegiň täze mümkinçiliklerini açýan döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň, sebitara we halkara syýasatyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy diňe bu iki ýurduň däl, eýsem, sebitiň we yklymyň ykdysady ýagdaýlaryna-da oňyn täsir eder. Geçen döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklary özara hormat goýmak, düşünişmek, deňhukuklylyk hem-de açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürmek babatda möhüm işler alnyp baryldy. Taraplaryň hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagyň zerurdygy, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda bar bolan ähli mümkinçilikleri peýdalanmagyň möhümdigi bilen baglanyşykly garaýyşlarynyň gabat gelmegi ýurdumyzyň daşary syýasy ýörelgeleriniň kämilliginden habar berýär.

Ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ry

Öň­ňin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­dow Hy­ta­ýyň mil­li ne­bit­gaz kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti, do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­sy Hou Sisz­ýu­ny ka­bul et­di. «CNPC-niň» ýol­baş­çy­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, hy­taý­ly hyz­mat­daş­la­ryň Türk­me­nis­tan bi­len uzak möh­let­le­ýin öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­la­dy.

Gatnaşyklaryň dostluk belentligi

Türkmen halkynda «Arkalaşan dag aşar» diýen pähim bar. Bu jümläniň näderejede dogrudygyny arkalaşyp, bir maksat ugrunda bileleşip ýetip bolmajak menziliň ýokdugyny bolsa ençeme asyrlar subut edip gelýär. Şonuň üçin hem bu pähim häli-häzire çenli öz gadyr-gymmatyny ýitirmändir. «Goňşy ― iň ýakyn aralykdaky il» diýen pähimde bolsa il-gün bilen arkalaşyp ýaşamagy ilki goňşyňdan başlamalydygy baradaky hakykat ýüze çykýar. Hut şu nukdaýnazardan seretsek, hormatly Prezidentimiziň doganlyk we goňşy döwlet bolan Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga hyzmat etjek ýokary derejeli gepleşikleriň geçirilmegi, resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi ymgyr mana eýedir. Hormatly Prezidentimiziň 14-15-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary sözüň doly manysynda hoşniýetli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda has-da ösdürmek babatda möhüm ädim boldy. Munuň şeýledigini geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar hem doly tassyklaýar. Gol çekilen resminamalar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tas ähli ugurlaryny diýen ýaly öz içine alýar. Energetika pudagy, ulag-üstaşyr geçelgeler, medeniýet we ylym-bilim ulgamy, söwda-ykdysady gatnaşyklar babatda gazanylan ylalaşyklaryň geljekde iki döwletiň hem