"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Halkara habarlar

Türkmenistanyň adam ölçeginde ileri tutýan ugurlary Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti adam hukuklary boýunça ileri tutulýan ugurlar barada beýanat bilen çykyş etdi. Onda raýat jemgyýeti, demokratik institutlar, metbugat azatlygy, gender deňligi, adam söwdasyna garşy göreşmek, bilim almak hukugy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ÝHHG bilen adam ölçegleri babatda hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarydygy bellenildi. Biziň ýurdumyz bu gurama bilen dialogyň ösdürilmegini goldaýar we onuň Adam hukuklary boýunça komitetiniň işine işjeň gatnaşmak bilen, ÝHHG sebitinde adam hukuklarynyň goralmagyna uly ähmiýet berýär.

Türkmen-german forumy: saglygy goraýyşda netijeli gatnaşyklar

Düýn Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkeziniň mejlisler zalynda teleköpri arkaly geçirilýän X türkmen-german forumy öz işine başlady. Oňa wideoaragatnaşyk arkaly Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Halkara okuw-ylmy merkeziniň, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýüniň, Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň, Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň, Mary welaýat çagalar hassahanasynyň lukmanlary gatnaşýarlar. Iki günläp dowam edýän forumda hirurgiýa, akuşerçilik-ginekologiýa, ortopediýa, onkologiýa we derman serişdelerine degişli meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa ornaşdyrylan we barha giňeýän saglygy goraýyş boýunça türkmen-german hyzmatdaşlygynyň netijesinde lukmanlaryň hünär kämilligi artdyryldy, amaly lukmançylyga döwrebap keselleri anyklaýyş we bejeriş usullary ornaşdyryldy. Halkara derejeli saglygy goraýyş edaralarynda öz kärine ussat hünärmenler zähmet çekseler, milli saglygy goraýyş ulgamynda ýaş hünärmenleriň täze mekdebi kemala geldi.

Türkmenistan — Russiýa: köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýolunda

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden bäri Russiýa Federasiýasy bilen özara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu gün köpasyrlyk taryha, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan türkmen-rus gatnaşyklary ösüşiň täze tapgyryna — çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň 19-20-nji ýanwarda Türkmenistana amala aşyran ilkinji resmi sapary bolsa dürli ugurly we köptaraply hyzmatdaşlygyň ösüşine depginli häsiýet bermekde nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Russiýanyň Hökümet Başlygy bilen ikiçäk gepleşikler

Giň mümkinçilikler, anyk teklipler

19-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Işewürler duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. Türkmen tarapyndan birnäçe wise-premýerler, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet konsernleriniň, birleşikleriniň, komitetleriň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary işewürlik maslahatyna gatnaşdylar. Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýakyn we uzak geljek üçin döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary anyklaşdyrylan işewürlik maslahatynyň umumy mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşy forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, sebitleriň ösdürilmegine, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleriň, şol sanda bar bolan uglewodorod we mineral serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň hasabyna giňeldilmegine, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary hasaba almak bilen, türkmen-rus hyzma

«Туркмен Логистика» выводит рынок транспортно-логистических услуг на новый уровень

Ассоциация «Туркмен Логистика» приняла активное участие в прошедшем недавно в Ашхабаде Туркмено-российском бизнес-форуме. Об этом сообщает интернет-издание «Туркменистан: Золотой век». В первый день мероприятия 19 января на тематическом Круглом столе выступил заместитель председателя Ассоциации с докладом о деятельности объединения. Во второй день состоялось множество встреч и переговоров членов Ассоциации с руководителями государственных и частных транспортных компаний России. Обсуждались перспективные двусторонние проекты, были заключены договоренности о сотрудничестве.

Geljegi uly hyzmatdaşlyk

Natalýa GERMAN, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, şeýle hem 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda (ikinji gezek) Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesini bermek baradaky Kararnamalaryň kabul edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatda saýlap alan ýolunyň netijeli guraly boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň we ynanyşmagyň berkemegine, dialoglaryň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň ösmegine, şeýle-de ýüze çykaýjak meseleleriň parahatçylyk ýoly bilen çözülmegine gönükdirilen maksatlardan ybaratdyr. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 12-nji dekabrynyň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip atlandyrylmagy türkmen Bitaraplygynyň ählumumy ykrarnamasydyr.

Dialog — halkara hyzmatdaşlygyň mizemez binýady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasy-hukuk özgertmeleri, durmuşa geçirýän ösüş strategiýasy dünýewi, demokratik döwlet hökmünde Türkmenistana ynamy we gyzyklanmany halkara derejede ýokarlandyrdy. Ýurdumyzyň halkara derejede amala aşyrýan giň gerimli taslamalary, maksatnamalary, durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri BMG-niň maksatlary bilen bir bitewüligi emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy taglymaty diňe bir Türkmenistanyň milli bähbitlerini däl, eýsem, dünýäniň öňdebaryjy pikirlerini, meýillerini hem öz içine almak bilen, ählumumy ösüşe hyzmat edýär. Häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmek, olar babatda sebit we global derejedäki hyzmatdaşlyga işjeň we netijeli gatnaşmak Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň garamagyna yzygiderli hödürleýän täze teklipleriniň we başlangyçlarynyň esasyny emele getirýär. Şeýle ýörelgelere esaslanan daşary syýasy maksatlar döwletimiziň milli bähbitlerini goramaga, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, içerki milli-ykdysady ösüşi, abadançylygy üpjün etmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri emele getirmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Milletimiziň ähli edim-gylymyna, aň-paýhasyn

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy: döwrüň talaplary we giň mümkinçilikler

Islendik iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň iň ýokary derejede geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikleriň, gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde ösdürilýändigi hemmä mälim hakykat. Döwletleriň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna baha berip, onuň geljegi uly ugurlaryny kesgitleýärler. Bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň anyk ýollaryny tapmak, ony iki halkyň milli bähbitleriniň hyzmatynda goýmagy başarmak bolsa, elbetde, ýurtlaryň arasynda hereket edýän hyzmatdaşlyk meýdançalarynyň işiniň netijeliligine bagly. Hut ýokary derejede ylalaşylan çözgütler bilen olary iş ýüzünde amal etmegiň gurallarynyň sazlaşykly utgaşmagy hem döwletara gatnaşyklaryň geriminiň giňäp, barha öňe ilerlemeginiň pugta binýadyny goýýar. Muny biz 19-20-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana amala aşyran ilkinji resmi saparynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň mysalynda-da anyk delillendirip bileris. 20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi. Ikitaraplaýyn duşuşykda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, täze özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak, bar bolan ägirt uly kuwwaty doly

Türkmen-rus ulag-logistika hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Ýaňy-ýakynda  Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň we Russiýanyň ulag-logistika toplumlarynyň özara hyzmatdaşlyk ugurlary we ösüşi» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa iki döwletiň ulag edaralarynyň, logistika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara pikirleri alyşdylar we täze mümkinçilikleri orta atdylar.

Halkara habarlar

Gruziýaly žurnalistler Arkadag şäheri bilen tanyşdyryldy

Owgan ýük awtoulag düzümi Türkmenistanyň üstünden geçer

Owgan harytlaryny özünde jemleýän ýük awtoulag düzümi Owganystanyň demirgazyk Farýab sebitinde ýerleşýän Akina nokadyndan geçirildi. Bu barada owgan inernet habar neşiri Owganystanyň ulag we raýat awiasiýasy ministriniň sözlerine salgylanyp habar berýär. Owgan harytlary ýüklenen ýük awtoulag düzümi Türkmenistanyň we Eýranyň gara ýollary arkaly Türkiýä eltiler. Ýükleriň daşalyşyny Owganystanyň ýerli logistika kompaniýalary ýerine ýetirýär.

Türkmenistanda Global GAP obasenagat standartlary boýunça milli topary döretmek meýilleşdirilýär

Paýtagtymyzda guralan duşuşykda Türkmenistanda Global GAP boýunça Milli tehniki iş toparyny döretmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem onuň ýurduň oba hojalyk öndürijilerine we ykdysadyýetine getirip biljek peýdasy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «ORIENT news» habar berýär. Bu çäre «Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» atly ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Germaniýanyň Global GAP oba hojalyk önümleriniň hil standartyny sertifikatlaşdyrmak boýunça kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşiginiň gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşykda Merkezi Aziýadaky we beýleki ýurtlardaky öňdebaryjy tejribelere syn berilmegi bilen, Global GAP Milli tehniki iş toparlarynyň guraly bilen tanyşdyryldy, bu standartlaryň Türkmenistanda ornaşdyrylyşyndaky ösüşe baha berildi.

Türkmen-tatar gatnaşyklary

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşykda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk, döwlet ösüşiniň ýolunda üstünlikler baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy köpugurly ösdürilýär

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanda resmi saparda bolan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi. UZAK MÖHLETLEÝINLIK WE OKGUNLYLYK MAHSUS

Däp bolan dostluk, uly mümkinçilikler

20-nji ýanwarda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygynyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň çuň taryhy kökleri bolup, olar dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar. Ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Bilim-ylym, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk depginli ösdürilýär. Aşgabatda hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi munuň anyk mysalydyr. Şeýle hem şu ýyl Türkmen-rus uniwersitetiniň düýbüni tutmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz täze ýokary okuw mekdebiniň düzümini bilelikde işläp taýýarlamagy, ol ýerde ylmy merkezi döretmegi teklip etdi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, geljegi uly ugurlar boýunça, şol sanda energetika, senagat, sanly tehnologiýalar, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Döwletara gatnaşyklara ygrarlylyk

20-nji ýanwarda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar ynanyşykly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine depginli ösdürilýändigini bellediler. Hormatly Arkadagymyz Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisini doglan güni bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky häzirki netijeli gatnaşyklar söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlarda uzak möhletleýin oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr.

Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular

16-21-nji ýanwar aralygynda Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Halkara ýol ulaglarynyň ýük daşamalary we üstaşyr ulgamlar boýunça departamentiniň direktory hem-de bu departamentiň geňeşçisi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda iş saparynda boldular. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy hanym Tatýana Reý-Belle we geňeşçi Wahtang Zarandiýany kabul etdi.

Türkmen-rus işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy täze ösüş depginlerine eýe bolýar

Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda geçirilýän Türkmen-rus işewürlik maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen çäreler boldy.  “Ýyldyz” myhmanhanasynda dürli görnüşde geçirilen duşuşyklar, şeýle hem Türkmen-rus we Rus-türkmen işewürler geňeşleriniň bilelikdäki mejlisinde ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlyk meýilnamalary anyklaşdyryldy. Iki ýurduň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iri önümçilik düzümleriniň, hususy kompaniýalarynyň arasynda geçirilen duşuşyklarda senagat kooperasiýasy, gurluşyk önümçiligi, innowasiýa hem-de maglumat tehnologiýalary, ulag-logistika, oba hojalyk pudagy, azyk önümleriniň eksporty we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri barada pikir alşylyp, anyk teklipler beýan edildi. 

Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama ygrarlylyk tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanda resmi saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşykda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk, döwlet ösüşiniň ýolunda üstünlikler baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi.