"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

«Ogar-ogar» oýny

Köpçülik bolup oýun oýnamak boş wagtyňa many gatýar, kyn pursatlarda çykalga tapmagy öwredýär, akyl-paýhasyňy, güýjüňi artdyrýar, daşarky täsirlere duýgurlygyňy çaltlandyrýar. Oýunlar hereketiň adama mahsus bolan özbaşdak görnüşi bolup, jemgyýetiň ösüş taryhynyň dowamynda ýyldan-ýyla kämilleşip gelýär. Şeýle oýunlaryň biri hem «Ogar-ogar» oýnudyr. Bu oýun hereketli oýunlaryň hataryna girmek bilen, 7-10 ýaşly çagalaryň arasynda oýnalýar. Bu oýunda oýunçylaryň sany on, on bäş, ýigrimi töwerek bolmaly. Oýunçylaryň içinden «goýun» we «möjek» saýlanylýar. Munuň üçin çagalaryň içinden iň ekabyrragy, dogumlysy saýlanýar. Galan oýunçylaryň hemmesi «goýun» bolýar. Goýunlar biri-biriniň guşagyndan (arka tarapyndan) tutup, çopanyň arkasynda hatara durýarlar. Ýagny hatara duranlaryň iň öňünde durany çopan bolýar, hatar bolsa goýun sürüsi. Çopanyň öňünde durup, yzyndaky goýunlary aljak bolup garawullaýan bolsa möjekdir.

Şirmaýy darak

Daragyň nämedigini bilmeýän ýokdur. Metaldan, tagtadan, dürli polimer önümlerinden ýasalan daraklar bize tanyş. Biz olary her gün saçymyzy daramak üçin ulanýarys, emma «Şirmaýy darak» diýen sözi eşiden hem bolsak, onuň nämedigini anyk göz öňüne getirip bilmeýäris. Ýogsam, edebiýat sapagynda öwredilen, Mollanepes şahyryň aýdyma öwrülen meşhur goşgusyndaky «Şirmaýy darakyňdan» diýen jümleden habarymyz hem bar. Şirmaýy daragyň nähili darakdygy dogrusynda oýlanyp gördüňizmi?! Mälim bolşy ýaly, geçmişde metaldan, polimerden ýasalan daraklar bolmandyr. Seýrek ýagdaýlarda kümüşden, misden ýasalan daraklar bar hem bolsa köplenç, kerkaw, tut, erik ýaly gaty agaçlardan, şirmaýydan ýasalypdyr.

Edebi mirasymyzda adalgalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty we pähim-paýhasy bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary üstünlikler gazanylýar. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan belent ösüşler eziz Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýär. Şeýle ýokary ösüşleri gazanmakda milli ykdysadyýetimizde durmuşa ornaşdyrylýan beýik özgertmeleriň we täzelenişiň ähmiýeti örän uludyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy, medeniýeti, ykdysadyýeti, oba hojalygyny ösdürmekde ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Halkyň durmuşynda, ylmynda, medeniýetinde we beýleki ugurlarda bolup geçýän özgerişlikler onuň ene diliniň sözlük düzüminiň, şol sanda ylmy adalgalaryň ösmegine hem kadalaşmagyna belli bir derejede täsirini ýetirýär.

Ýusup Balasagunlynyň «Kutadgu bilik» eserinde nesil terbiýesi

Orta asyr türkmen taryhyndaky möhüm eserleriň biri hem XI asyrda ýaşan Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň “Kutadgu bilik” atly eseridir. Ol gadymy ýazuw ýadygärliklerimizde iň gymmatly eser hasaplanylýar. Şahyr eserini Balasagunda ýazmaga başlapdyr we Kaşgarda tamamlapdyr. 1069 — 1070-nji ýyllarda eserini tamamlan şahyr, bu eserini Garahanly türkmen döwletiniň hökümdary Süleýman Arslan Hakanyň ogly Tawgaç Ulug Bugra Hana sowgat edipdir. Garahanly hökümdary bu eseriň gymmatyny göz öňünde tutup, şahyra köşkdäki wezipeleriň iň naýbaşysy hasaplanylýan “Has Hajyplyk” derejesini beripdir. Sebäbi Garahanly türkmen döwletinde köşkde hökümdardan soňra iň möhüm ikinji wezipe “Has Hajyplyk” bolupdyr. Döwlet dolandyrylyşynda bolsa “Has Hajyplyk” derejesi hökümdar we wezir derejelerinden soňra üçünji möhüm wezipe bolupdyr. Garahanly türkmen döwletinde “Has Hajyp” hökümdar bilen halkyň aragatnaşygyny ýola goýupdyr. Halk “Has Hajybyň” üsti bilen arzuw-isleglerini döwleti dolandyryjylara ýetiripdir. “Kutadgu bilik” eseri syýasatnama görnüşinde ýazylandygyna garamazdan, nesil terbiýesi bilen baglanyşykly maglumatlary hem özünde jemländigini göz öňünde tutup, nesihatnama ýa-da pentnama görnüşinde hem beýan edilýär. Ýusup Balasagunlynyň eseriniň esasy maksady ynsanlary bagtly bolmaga eltýän ýoly tapmakdyr. “Kutadgu bilik” eserinde nesil terbiýesi babatynda hem gymmatly maglumatlar öz ornuny tapypdyr.

Milli gymmatlyklarymyz

Halkymyzyň baý taryhy we medeni ýadygärlikleri bar. Olarda halkymyzyň geçmiş taryhy jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen biz şol mirasymyzy häzirki günde ylmy esasda öwrenýäris. Şunda hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri, nusgalyk kitaplary ýakyn gollanma bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlarynyň taryhy, ol baradaky edebi-çeper gymmatlyklar we ylmy maglumatlar beýan edilýär. Bu taryhy maglumatlar biziň her birimiz üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýlarynyň tapyndylary baradaky gürrüňlerini: «Türkmen tohum iti alabaý hakynda dürli döwürlerde ýandepderçäme ýazyp alan belliklerim» atly bölüminde beýan edýär. Bu bölümde berlen ýazgylar Gahryman Arkadagymyzyň ýygnan ylmy maglumatlarynyň çuňňur beýany diýip bellemek gerek. Bu taryhy maglumatlardan görnüşi ýaly, itleriň ýaşaýyş durmuşynyň yzlary Türkmenistanyň iň gadymy obalarynda duşýar. Olar barada kitapda şeýle beýan edilýär: «Gadymy Jeýtun obasynda (Ahal welaýaty), miladydan öňki VI asyrda jaýlanan itiň ystyhany ýüze çykarylýar, onuň ägirt uly kellesi türkmenleriň ata-babalarynyň şol döwürde örän uly itlere eýe bolandyklaryna şaýatlyk edýär».

Söz manysyn aňar bolsaň...

«Dilim bar – dünýäm bar» diýen pähimden görnüşi ýaly, gadymy türkmen diliniň söz baýlygyny we söz goruny nesillerimize miras goýan pederlerimiz dili ruhy gymmatlyk hasaplapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen käbiri sözler köpelipdir we ulanylyşdan galyp, arhaizme öwrülipdir. Häzirki döwürde olara nusgawy şahyrlaryň döredijiliginde, mirasgär ýaşuly nesillerimiziň sözlerinde gabat gelmek bolýar. Käbir söz düzümlerine bolsa, oba hojalygynda häli-häzirem duş gelmek bolýar. Ýeri «doňuz göz etmek»

Oýmak

Oýmagyň ilkinji dörän görnüşleri häzirki görnüşinden tapawutly bolsa-da, ulanyş maksady birmeňzeş – elde tikin tikilende süýem barmagyňy iňňäniň deşmeginden goramak. Pompeýde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan oýmaklar iň gadymy nusga hasaplanyp, häzirki zaman nusgalaryna meňzeýär. Ilkinji hytaý oýmaklary miladydan öňki III asyrda galyň deriden ýasalypdyr. Soň-soňlar misden we bürünçden ýasalyp başlanypdyr. Şol döwürde barly adamlar oýmagy kümüşden we altyndan ýasadypdyrlar. Oýmagyň bürünçden ýasalan görnüşi ilkinji gezek XIV asyrda Germaniýada ýüze çykypdyr. Şondan soň önümçilik işi diňe ýyllaryň dowamynda kämilleşipdir.

Edebi miras — kämillige ýörelge

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent ruhly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek döwlet syýasatynda wajyp wezipe hökmünde kesgitlendi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji, halkymyza wepaly, ylymly-bilimli şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Munuň üçin, ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de bu işi amal etmekde çeper edebiýatyň hem tutýan ornuna uly ähmiýet berilýär. Çünki çeper edebiýat ýaş nesli Watana, il-halka wepaly, tutanýerli, maksada okgunly, arassa ahlakly, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde esasy çeşmeleriň biri bolup durýar. Halkymyzyň döreden her bir eserinden dost-doganlyk, watançylyk, ynsanperwerlik, umuman, ähli döwürler üçin ähmiýetli bolan düşünjeler, garaýyşlar eriş-argaç bolup geçýär. Bu pikirler häzirki döwrüň türkmen edebiýatynda has giň gerim alyp, täzeçe röwüşde şöhlelenýär. Hususan-da, dörediji Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän, milli gymmatlyklarymyza, asylly ýörelgelerimize bagyşlanan eserleriň ençemesi bar. Olardan «Döwlet guşy» romany, «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly birnäçe ajaýyp kitaplar ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde

Milli senetçiligimiz buýsanjymyzdyr

Küýzegärler maşgalasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçmiş medeniýetimize içgin belet hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary bilen gadymy milli mirasymyz çuňdan öwrenilýär. Özboluşly aýratynlygy bilen her bir adamyň ünsüni özüne çekýän gadymy milli senetçiligimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda döwrebap many-mazmun bilen baýlaşyp, täzeden kemala gelýär. Irki medeni-durmuş gymmatlyklaryna degişli bolan şeýle ugurlaryň biri hem küýzegärçilikdir. Ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-güzeran durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan, ýokary ukyp-başarnygy hem ezber çeperçiligi talap edýän küýzegärçilik senedi içgin öwrenilmäge hem ýaýradylmaga mynasyp.

Alym hem žurnalist

Şirin Gylyçmedowa özüniň taryhy makalalaryny, ýaýlyma berilýän «Asyrlaryň ýaňy» atly gepleşigini türkmen zenanlarynyň geçmişdäki orny bilen baglanyşdyryp taýýarlamaga uly üns berýär. «Miras» teleradioýaýlymynda tomaşaçylara hödürlenýän «Asyrlaryň ýaňy» atly gepleşigi gördügiňçe göresiň gelýär. Gadymy ýadygärlikler barada giňişleýin söhbet açýan bu gepleşigiň tomaşaçynyň aňyna ornamagy, olaryň arasynda gyzyklanma döredip, dürli sowallaryň ýüze çykmagy gepleşigi taýýarlaýan awtoryň işjanlylygyny, mydama gözlegdedigini aňladýar. Gözleg bolsa abraý getirýär. Indi ençeme ýyllardan bäri türkmen topragynyň geçmişinden, ýaşaýyş durmuşyndan habar berýän ýadygärlikleriň täsin syryny öwrenýän Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Şirin Gylyçmedowadyr.

Aslymyzdan — neslimize

Atababalarymyz öz perzentleriniň süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri barada uly alada edipdirler. Türkmen nusgawy edebiýatymyzyň ägirtleriniň hem döredijiliginiň köp bölegini öwütündew häsiýetli eserler tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininiň miwesi bolan eserleri hem ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romany ýaş nesilleri watançylyk, ýokary ahlak kadalary hemde milli ýörelgeler esasynda terbiýelemekde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşaýyş menzilleriniň tejribesini, manyly ömrüň paýhas maňyzlaryny özünde jemleýän bu roman halkymyza bagyş edilen durmuş hazynasydyr.

Taryhy-medeni miras — milletiň ruhy baýlygynyň binýady

Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Okyjylaryň giň toparyna niýetlenen žurnal täze açyşlar hem-de halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmegiň netijeleri hakynda makalalaryň tapgyryny dowam edýär. Žurnalyň 2020-nji ýyldaky jemleýji sany ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna — taryhy senä bagyşlandy, geçen ýylyň ähli çäreleri onuň nyşany astynda geçirildi.

«Gül keşbiň ýaraşar güllere, bedew!»

Keramatly türkmen topragynda kemala gelen ahalteke atlarymyz halkymyzyň milli baýlygydyr, buýsanjydyr, ata-babalarymyzyň bize galdyran genji-hazynasydyr. «Asman atlary», «Nusaý atlary», «Behişdi bedewler» diýlip dürlüçe atlandyrylýan nurana bedewlerimiz at tohumlarynyň iň kämili we gadymylarynyň biridir. Şonuň üçin-de at oýnatmak, at üstünde dürli çalasyn oýunlary ýerine ýetirmek türkmen ýigitlerine gadymdan mahsus. Munuň şeýledigine Oguz han atamyzyň ýol-ýörelgesi esasynda ata Watan üçin şan-şöhrat gazanan türkmen gahrymanlary bilen baglanyşykly wakalar, rowaýatlar, şadessanlar arkaly hem göz ýetirmek bolýar. Eýsem, «Görogly» şadessanyndaky Göroglynyň «at oýnadyşy», «at bökdürişi», «altyn gabak atyşy» şondan habar bermeýärmi näme?!

Magtymgulynyň döredijiliginde bedewiň waspy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen toý-baýramlaryň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Her ýylyň ýazky we güýzki at çapyşyk möwsümleri ýokary derejede guramaçylykly geçirilip, türkmen halkynyň göz guwanjy bolan behişdi bedewlerimizi ylmy esasda öwrenmek babatynda hem mynasyp işler toplumlaýyn durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda atçylyk we seýisçilik sungatyny ata-babalarymyzyň birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli däp-dessurlary, tejribeleri bilen utgaşdyryp, döwrebap ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ata-babalarymyzyň baý tejribesi esasynda has-da şöhratlanan bedewleriň waspy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar.

Saç toýy

Gadymyýetden gözbaş alyp, asyrlarboýy dowam edip gelen toýlarymyz halkymyzyň milli aýratynlygynyň bir şahasy, ýakymly dünýäsidir. Ol toýlaryň haýsy birini alyp görseň-de, özüne mahsus özboluşlylygy görmek bolýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şol gadymy ata-baba toý däplerimiz gaýtadan dikeldilýär. Milli mirasymyzy toplamak, öwrenmek, dünýä ýaýmak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol toý däpleriniň biri-de, saç toýudyr. Maşgalada bir ýaşy dolan çaganyň ýüpek ýaly çile saçy toý tutulyp aldyrylýar. Oňa saç toýy, kä halatlarda galpak toýy diýilýär.

Danalardan dürdäneler

Eger-de çagany ýalňyş ýoldan alyp galjak bolsaň, onuň bilen bile ýöre, şonda ony dogry ýola gönükdirmäge pursat taparsyň. Çagaňa oýlap tapmagy we döretmegi öwret. Şonda onuň öňünde tutuş dünýä açylar.

Galyp (Mizemez miras)

Türkmen senetkärleriniň işleriniň ilerlemeginde galybyň orny uly bolupdyr. Küýzegärlikde küýze, golça, gulply küýze, hum, humdan ýaly palçykdan her dürli önümleri ýasamakda we şekil bermekde galyplar ulanylypdyr. Gadymy «Erkin gün» atly dessanynda Nowruz gelip, Gün gaty gyzdyryp ugransoň, howruna demir eredilendigi barada gürrüň berilýär. Çoýundan we demirden dürli gaplary, gazanlary, tüňçeleri, taňkalary ýasan türkmen senetkärleri olaryň özüne mahsus galypdan peýdalanypdyrlar. Binagärlikde ulanylýan galyplaryň durnukly hem-de berk ymaratlaryň emele gelmeginde ähmiýeti uludyr. Gadymy ata-babalarymyz şeýle galyplarda kerpiç guýupdyrlar. Agaç ussalary galyplary söwüt hem-de erik baglarynyň guran agaçlaryndan ýasapdyrlar. Uly adamlar üçin dört-bäş, hat-da ondanam köp gözli galyplar ýasalypdyr. Ýetginjekler üçin iki-üç gözli galyplar buýrulypdyr. Şeýle galyplarda kerpiç guýlupdyr. Galyplar kerpiçleriň ululygyna-kiçiligine laýyklanypdyr. Ilki belli bir uzynlykdaky we giňlikdäki tekiz tagta alnyp, soňra arasy bölek tagtajyklar bilen bölünipdir. Neçjarlar şol aralyk tagtajyklaryň insiz tarapyny ildirgiç görnüşli taslapdyrlar. Daşyndan, töwerekleýin geçýän tagtadan bolsa, içi deşiklije orundan edilipdir. Soň-soňlar aralykdaky tagtajyklary çüý bilen berkitmek arkaly galyp ýasamak giňden ýaýrapdyr. Şeýle galyplar doly taýýar bolansoň, tagtasy çişip, ýerbe-ýer bolar ýaly, suwa atyp goýup

Zähmetsöýerlik - bagtyň gözbaşy

Zähmet adamyň öz-özüni ykrar etmegidir, ýaşaýşa bolan söýgüsiniň gözbaşydyr. Halal we päk zähmet baýlygyň çeşmesidir, bagta ýetmegiň iň ygtybarly ýoludyr. Hut şonuň üçin-de çagalarda zähmetsöýerligi terbiýelemek maşgalanyň we okuw-terbiýeçilik edaralarynyň esasy wezipesidir, jemgyýetçiligiň öňündäki borjudyr. Zähmetsöýerligi terbiýelemegiň usullary we ýollary saýlanylanda kämil şahsyýetiň göreldesini, nusgalyk zähmet ýoluny öwrenmek hem-de wagyz etmek maksadalaýyk we netijeli bolar. Çünki perzent ýalan-ýaşryk öwüde däl-de, göreldä mätäçdir. Şonuň üçin-de terbiýäniň ýagşysy-da göreldedir. Diňe göreldeli maşgalada kemally perzent, görnükli şahsyýet ýetişýär. Hormatly Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly aganyň zähmet ýoly bilen tanşanymyzda zähmetsöýerligiň, ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezen bu beýik ynsanyň durmuş ýolunyň ýaş türkmenistanlylar üçin hakyky watançylygyň, zähmetsöýerligiň, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygyň, maksadaokgunlylygyň, halallygyň, jogapkärçiligiň kämil nusgalyk ýoludygyna göz ýetirýäris. Mälikguly Berdimuhamedowyň uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz çeken tutanýerli zähmeti, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda bitiren aýratyn uly hyzmatlary, belent adamkärçiligi bilen halkymyza görelde bolup, ýurdumyzda uly abraýa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly aganyň gulluk e

Garry gaýa gaçar, ýigit — düze

Atam möwritinde bir ýolbars güýç--gurbatdan galyşyna awunam alybilmän, güneşläp ýatan ekeni. Şol mahalam onuň ýanyna bir dyzmanak möjek geläýmezmi? Olar hal-hözir soraşanlar. — Ýör, ýolbars aga, seni bir hezil etdireýin. «Hoş» diýip, yzyma düşseň bolany.

Halallygyň ölçeg birligi

Iller-günler ak diýseler, aksyň sen,Iller-günler gök diýseler, göksüň sen,Iller-günler bir zat diýýän bolsalar —Takmynan, takmynan, şonçaraksyň sen. Türkmeniň Mylly agasy hakynda pikir edenimde, hemişe galamdaşymyň şu setirleri ýadyma düşýär. Bu garagöz ymmatda gadymlardan bäri üýtgewsiz bir ýörelge bar: il-günüň kesen nyrhynyň kösti bolmaýar. Takmynan, takmynan, şonçarak çykýar.