Kitap — egsilmeýän ruhy hazyna

10 Mart 2021
1024

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Arkadagymyzyň mähriban halkymyzyň dostlukly dünýägaraýşyny, mukaddes ýörelgelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde, ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrmakda, olara ýaş nesliň düşünmegini gazanmakda bitiren beýik işleri ähli ildeşlerimizde uly buýsanç duýgularyny döredýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ähmiýeti örän ýokarydyr. Hormatly Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseri çuň mazmuna beslenen birnäçe bölümleri bilen türkmençilik taglymyny, onuň ruhy baýlygyny, ajaýyp ýörelgelerini many-mazmun, durmuş wakalary bilen baýlaşdyryp has-da beýige galdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň kitapda çuň mazmun bilen beýan edýän: «Geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamak we ony ertire ýetirmek her bir döwrüň öňündäki gaýragoýulmasyz borçdur. Her döwrüň ruhuna laýyk ýörelgelerini döretmegiň aýratynlyklaryny men şunda görýärin. Umman ýaly ruhy we maddy baýlygyň eýesi bolan il-halkym bagtlydyr. Onuň abadanlygynyň binýadyny gurmakda, goý, bize rowaçlyk ýaran bolsun!» diýen parasatly jümlelerini tolgunman okamak mümkin däl. Bu jümlelerde mähriban halkymyzyň goja taryhyň dowamynda kemala getiren ruhy baýlygyna uly sarpa goýulýar.

Merdana pederlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda çeper we ylmy edebiýaty bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna örän uly goşant goşupdyrlar. Gadymy Merwde, Gürgençde, Nusaýda şol döwrüň meşhur kitaphanalary bolupdyr. Orta asyryň meşhur alymlary, şahyrlary we jahankeşdeleri şeýle täsin desgalary dünýäniň hiç bir künjeginde görmändigini öz işlerinde belläpdirler. Gürgençde Gündogaryň beýik akyldarlary Abu Ali ibn Sina, Abu Reýhan al-Biruny, Mahmyt Zamahşary, Muhammet al-Horezmi, Merwde bolsa belli pelsepeçi alym we astronom Omar Haýýam, Gürgençde meşhur alym Muhammet an-Nesewi jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ylmy işlerini we edebi eserlerini döredipdirler.

Şeker AKYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar